MÖWLANADAN KYSSALAR BAKGALYŇ TOTUSY - Halanlaryma goş
Teswirler:

Macintosh_mc
10.04.2021 / 21:57:39
+1
Ir döwürde bir dükançy barmyşyn,
Mydam totuguşyn magtaýarmyşyn.

Iýenini haklaýanam şolmuşyn,
Dükanyny saklaýanam şolmuşyn.

Geläýse bir kişi almaga bir zat,
Halys bizar edýärmişin sakyrdap.

Bir gün işi çykyp, gitdi bir ýana,
Totusyny sakçy goýup dükana.

Dürli-dümen barja harydy saklap,
Oturka töwerek-daşa ýaltaklap,

Bir pişigi görüp, haýaty göçdi,
Haryd-a hiç, hatda janyndan geçdi.

Harytlaryň arasynda bukuldy,
Şonda çetde duran çüýşe ýykyldy.

Hoşboý ysly ýag bardy oň içinde,
Dukançy öwrülip gelse haçan-da,

Bolan işi görüp, gahary geldi,
Penjeläp, totunyň hüpügni ýoldy.

Toty ýarylara gelip gahardan,
Kes-kelläm ýüz sowdy suwdan, nahardan.

Kellesiniň kelligine kejikdi,
Uzakly gününi dymyp geçirdi.

Hojaýyn gynanyp beýle ahwala,
Edil düşen ýaly çykgynsyz hala,

Guşuna ýalbardy: «Eý, mähribanym,
Dil aç ahyr, beýdip örteme janym.

Sen-rysgal-döwletim, gözüm nurusyň,
Seň hüpügňi üten elim gurasyn!»

«Sizem doga okaň, guşum dil açsyn,
Ýene döwran dönsün, bagtym gül açsyn!»

Diýip, çaga ýaly boýnuny burup,
Derwüşlere ýüzlendi ol ýalbaryp.

Ýöne geplemedi onuň kel guşy,
Dowam etdi durdy gamly durmuşy.

Bir günem bir derwüş barýarka geçip,
Birden başyndaky telpegi gaçyp,

Onuň kel kellesi ýalaňaçlandy,
Muny görüp, guşuň göwni hoşlandy.

Soňam gygyrypdyr: «Eý, derwüş, eşit,
Seň sypatyň näme, beýle üýtgeşik?

Senem hojaýynyň ýagyny döküp,
Ýörmüsiň men ýaly jezaňy çekip?»

Adamlar geň galyp onuň sözlerne,
Gülüşdiler ýaş aýlaýyp gözlerne...

Kä zatlar bir-birne etse-de çalym,
Hut şoldur öýtmekden ägäräk boluň.

Kä kişiň kä zada düşünşi ýalan,
«Weli–diýipdirler–özüni bilen».

Zat-zada çalymdaş, adam-adama,
Ynanaýmak bolmaz, gören badyňa.

Bar, namazhon, takwamyşyň diýeli,
Şonda-da, däl-ä sen pir ýa-da weli.

Bir ýagdaýy akly bolan bilýändir:
Görseňiz, sährada meňzeş gül kändir.

Ýöne şolardanam ýylanlar-zäher,
Arylardan bal alýandyr her mahal.

Iýseler-de şol bir meňzeş otlary,
Deň däldir haýwanlaň hereketleri.

Ýatlaýyň oýlanyp oturman uzak-
Biri-süýt berýändir, beýleki-tezek...

Oýlan-da, hemmesin salyber ýada,
Şu kysmy mysallar kändir dünýäde.

Soňky jogaplar:

:dovolen:...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
Bentners (Bu gün, 10:38:41)
biläýmeli zatlar zametka belläp alaýyn nirde bilýädiň bu zatlary...Dowamy
Dostluk.Ru | #Degişme_factlar
zver1s (Bu gün, 10:20:04)
EvilGenius, dreamt...Dowamy
Umumy bölüm | Diñe Iñlis dili barada...
PANDAs (Bu gün, 10:02:03)
:arbuz: hemme zat soňra.....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
###zMs (Bu gün, 09:41:48)
:shok:...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
Ýunus...s (Bu gün, 08:19:55)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023