Russiýa Federasiýasy Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini eýeleýär. Onuň umumy meýdany 17075,4müňkm2( Ýer togalagynyň meýdanynyň 13%-i) Dünýäde 1-nji ýer. Ýurduň meýdany gündogardan günbatara giňişlik ugry boýunça 9müň km, meridional ugurda 4 müň km uzalyp gidýär. Günbatarda Russiýanyň goňşy döwletler bilen gurşalan bölegi-Kaliningrad oblasty ýerleşýär. Ýurduň çägine Demirgazyk buzly we Ýuwaş okeanlardaky köpsanly adalar hem girýär.
Döwlet gurluşy boýunça Russiýa Prezident tarapyndan dolandyrylýan federatiw döwletdir. Dolandyryş-çäk taýdan ýury federasiýanyň subýektleriniň 89-syna bölünýär. Olara respublikalar, ülkeler, oblastlar, awtonom okruglar, awtonom oblastlar we federal ähmiýetli iki şäher( Moskwa we Sankt-Peterburg) degişlidir. Olaryň ählisi 8 federal okruga bölünýär. Ýurduň 70% meýdanyny düzlükler tutýar.
Ilaty. Dünýäde 8-nji orny eýeleýär, ilaty 143,8 mln adam. Ilatyň esasy bölegi Ýewropa böleginde 74%-i jemlenendir. Ýurduň ilatynyň 80%-ni ruslar, 3%-ni ukrainler we belaruslar, 5%-ni tatarlar we başgalar düzýär. Dini düzümi boýunça prawaslow akymyna uýýanlar agdyklyk edýär. Ýurduň ilatynyň 74%-i şäherlerde ýaşaýar.
Onuň çäginde umumy uzunlygy 2,3mln km bolan 120 müň derýa akýar. Territoriýasynyň ýarysyna golaýyny tokaýlar tutýar. Tokaýlaryň meýdany boýunça (8514 müň km2) Russiýa dünýäde 1-nji orun (Dünýäniň tokaý örtüginiň 25%-i).
Ýeralma öndürmek boýunça Russiýa dünýäde 1-nji oryn, ol esasan Wolga-Wýatka ykdysady etraplarynda öndürilýär.
Demir ýol-ulagy Russiýada ulagyň esasy görnüşi hasaplanýar. Demir ýol torunyň uzunlygy boýunça ol(85 müň km) diňe ABŞ-dan yza galýar.
Esasy deňiz gämi duralgalaryna Sankt-Peterburg, Wladiwostok, Murmansk, Arhangelsk, Kaliningrad, Tuapse beýlekiler degişli.
Meniň özüm şular ýaly maglymatlary bilmegi halaýan, sizem halarsyňyz diýip umyd edýän. Sorag bar bolsa arkaýyn sorap bilersiňiz!!!