MART GELER WELIN! - Halanlaryma goş
Teswirler:
3696Betinden
Pegas
28.02.2021 / 08:54:07
“Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez...”

+1

Bahar pasly hakyndaky iň gowy goşgy hasaplaýan şuny.
4260Gerekli
HUAWEI
28.02.2021 / 09:04:02
IN GOWUSY BOLMAK

+1

Bahar gelse bar zad bashgaca bolyar tazeden jan inya hemme zadada
2721Gold
Zyyada
28.02.2021 / 10:48:23
Oňarsaň bar zady oňatyga ýor...

+3

Etegi suwlakly,seri gubarly,
Daglaryň üstüne bulut gerindi.
Magtymguly Garlyň ,,Daglary" ýaly,
Daglar gümmürlendi,
Diýmek,mart geldi.

Ine,siller gaýdar ömür mysaly,
Meseler,peseler–topraga howlar.
Zeminiň söýgüsi,asman yhlasy
Ýagyşdan ýadygär gülälek galgar.

Perwanalar dörär,yşkdan sepildir,
Günüň bolsa şowhunlarda hyýaly.
Ýeňles ýel gol bular,
Gül gitsem diýer,
Bagtyna biperwaý,lälik gyz ýaly.

Toprak–mäherm ene çeker syýyndan,
Ata dek alarlar gyňyr gaýalar.
Ärler Mertliginden, Ar-namysyndan,
Bina bolan Ygraryndan gaýalar.

Ine,bir derede gaplaň arlady...
Ana,bir gaýadan bürgüt düwüldi...
Magtymguly Garlyň ,,Daglary" ýaly
Daglary güwledip Dag gümmürlendi,
Diýmek,mart geldi.

Gurbandurdy GELDIÝEW.

Soňky jogaplar:

Мяхрибан, sagbol... Yzy näme?
Edebiýat | Ýarym
Ylymlys (Today, 13:03:06)
Bagtyñ bolsun... Yzy näme?
Edebiýat | Ýarym
Мяхрибанs (Today, 12:57:25)
HAYAT.., Ämin!:)... Yzy näme?
Gürrüňdeşlik | Bir zat aýtjak agzalar!:)
Zumerretts (Today, 12:41:24)
Mundan gelip cykdow... Yzy näme?
Edebiýat | Hüwdi
Cepbekeys (Today, 10:27:07)
Ämin hemmamiziñki kabul bolsun ! sag minnetdar.... Yzy näme?
Gürrüňdeşlik | Bir zat aýtjak agzalar!:)
HAYAT..s (Today, 10:23:11)
Ähli hukuklar goragly