Ýaryş üçin! - Halanlaryma goş
Teswirler:
2098Gerekli
Sabyrly
01.10.2020 / 21:45:50
Dymmak—iñ uly sesdir!

+1

Ön yazylan bolsada bolyamy ya taze yazmalymy?

705Gytyndan
Ayka?
01.10.2020 / 22:40:09
Saplanaryn,kyn günümde solmakdan,Allajanym aýyrmasyn gülmekden...!!!

+0

Tamasyny hem baýragyny dolyja düşnükli edip ýazaýyňda!Bäsleşik ynandyryjy bolmasa meniň pikirimçe gatnaşyjy az bolar.Şonuň üçin hemmesini doly görnüşinde ýazyň!

1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:23:04
Özüm bilýän⭐

+3

Ejem

 Ejem barka, laliksirap gezerdim,
hiç uly gyzlygym salman ýada,

mydam özim çaga ýaly duýardym
Sebabi ejem meniň ýanymda

Onyň eli mydam ýassykdyr maňa
Ýaplanyp ýatmasam geçmezdi gunum

Indi bolsa gunjagazma kaýyl bolup
Ejesiz hem geçip dur gunum hem aýym
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:24:27
Özüm bilýän⭐

+6

Ejeň eken

Etmişim kän, ötmüşem sen, çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikdiñ köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam, ejem eken.


Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyñdaky çagalygam,
Köpelýändir durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi soñ ýat boldy şol çägeli Garagumam,
Talyp boldum, men özüme diýipdim-le «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündi Hakdan dilän ejem eken.


Gara saçlañ aklygyna, düşünmedim ilki bada,
Jograndy-da ýürek şonda, atygsady, düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maña goýman ýazygymy, bagry bilen süzüp çeken,
Indi bilýän, ejem eken.


Men özümi ýalñyz duýdym şu märekäñ arasynda,
Ne alamat, bu duýgulam, sakla özüñ goragyñda,
Özüme zor salyp gelýän, ýyly mähriñ ideginde,
Jandan geçip söýjek barmy, tapylarmy dyza çöken?
Bagra basdy bir tanyş el, ol ýene meñ ejem eken.


Söýen ýigdim, goýup gitdiñ, ýat bolduk biz bir-birege,
Men ýüregñe ýol salsamam, gapy tapmadym girere,
Alynmadyk myhman ýaly, duýgym tazykdy bir ýere,
Meñ seni söýşimden beter, menem biri söýýän eken,
Şol ynsanam ejem eken.


Gyssanyber, däli köñlüm, wagtyñ şol bolşy, tizlänok,
«Ah, bu durmuş ejeñ däl-dä», ejizleseñ, ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär, güzaby ýok, azaby ýok,
Köp aýdardyñ, diñlemezdim, soñam boldum, derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ, ejeñ seni diñlär eken.


Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlaryny soña goÿdym,
Şänik ÿaryp, mañzyn iýdim, gabygyny saña goýdym,
Çaýlamaga jorañ gelse, sen ýene-de gyzyñ öwdiñ,
Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörãn ýoluñ hile-gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, aýbyñ ýapjak, ilki bilen ejeñ eken.

Awtorlaryn blm

310Betinden
Mylayym
01.10.2020 / 23:55:11
+4
Nowcha, Ogulnur Ataýewa bu goşgynyň awtory )
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:26:58
Özüm bilýän⭐

+4

Eje jan men seniñ ýanyña barýan,
Yssy mähriñ bilen kalbym çoýmaga.
Çagalyk döwrüme dolanyp bir gün,
Öñki höwürtgäme ýene gonmaga.

Gurup uzaklarda öz höwürtgämi,
Selçeñlese señ ýanyña barýanym.
Ynjama eje jan mährem gyzyñdan,
Ynha,señ ýanyña ýetip barýaryn.

Nahar-şor diýp,alñasama eje jan,
Diñe señ mähriñden ganmaga geldim.
Çaý-nahara däl-de,seniñ mähriñe,
Gelmedik günlerim suwsanym bilgin...

Awtoryn blm

182Betinden
Gumlygelin
03.10.2020 / 06:08:47
+1
Nowcha, bu meñki😊
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:28:50
Özüm bilýän⭐

+7

Yatlama

Dikbaşak  diýende, bir zat ýadyma duşup gitdi
Korpe oglan doganym bilen aram 8 ýaş bolansoň beýleki uç doganym bir aýry men ýeke özim bir aýry hasiýetim bar, kakam pahyr meni gaty laliksiredip, eljiredip saklapdyr
Men onsoň kiçi wagtym multik gorup otyrkam kakam bir zat iş buýursa hazir etjek diýer ekenim soň kakam şony etmeseň dikbaşak et diýip aýdar ekeni  men haýdap ýerimden turyp tama ýaplanyp dikbaşak duryp berýan ekenimde kakama
– kakaaaaaaaaa,boldymy, indi gorubereýinmi diýýan ekenim

Bir gezek ýene iş buýuranda soň etjek diýemde
- şony etman tans hem edersiň diýipdi
Men derrew ýerimden turyp, o dowur ors koýnekler hem çagalaryň arasynda gaty modady, şol ors koýnegim tegeläp öýiň içinde baýaýa tans edip bererdim we
- kakaaaaaaaa,boldymy diýerdim


Men nahar içemde, hiçem öz göwrämi dik saklamok ekenim,kakama ýaplanyp ýa gujagynda otyryp  nahar iýer ekenim
Bir gezek kakada o-da ýadan bolardy
— kökäm, sen indi egnime-de munse telefizor gorsene diýipdi
Men nädendir öýtýaňiz
— bokup, tutyp kakamyň gujagyndan, onyň egnine münüp, kellesine ýaplanyp telefizor gorup otyrkam ejem gelip
- egniňa ,çykardyňa muny läliksiredip, depaňede çykar diýipdi
A men nädendir öýtýaň
- depesine münüp gorjek diýip aglapdym we ejeme
- özi egnime-de münüp otyr diýip öziii aýtdyly diýipdim

MEN SIZI GATY GÖRESIM GELÝARDÄ
EJEJAN, KAKAMJAN

Nowça


Fermersha
02.10.2020 / 21:01:33
+2
Nowcha,
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:29:53
Özüm bilýän⭐

+2

Dokuz aýlap göwresinde,
Döredendir höwesinde,
Hüwdi aýdyp bar sesinde,
Ukladanam sen dälmidiň?!

Aglar bolsam bakyp maňa,
Gözün gyrpman ýetip daňa,
Men ýylgyrsam bagtdan ýaňa,
Gözýaş döken sen dälmidiň?!

Meniň bagtym seniň bagtyň,
Güllesin ömür daragtyň,
Belent bolsun seň hormatyň,
Diýip dilän sesn dälmidiň?!

Uýmadyk bolsam öwdüňe,
Ýa degen bolsam göwnüňe,
Äkideýin mün egnime,
Hajy boljak sen dälmidiň?!

Bagyşla! bolsa günähim,
Uzak ýaş bersin ylahym,
Alladan soň seždegähim,
Käbäm Ejem sen dälmidiň?!
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:30:22
Özüm bilýän⭐

+2

Daşymdan guwanyp, synlap oturan,
Ýürek tarlarymy sazlap oturan,
Gara saçlarymy sypap oturan,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!

Ne hyýal, küýde men -- bilerim ýaly,
Mundanam has bagtly bolarym ýaly,
Bölüp ýüregimi bererim ýaly,
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!

Görünmezdi dünýe beýle dar bolup,
Mährinden erärdim dagda gar bolup,
Otyryn men bir hoş söze zar bolup,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!

Aý howlugýar Gökden ýere düşmäge,
Heý umyt barmyka saňa duşmaga?!
Ýene birje gezek derdinişmäge,
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!

Sadaja göwnüni awlarym ýaly,
Ne derdi bar eken, aňlarym ýaly,
Boýnundan gujaklap aglarym ýaly,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:32:01
Özüm bilýän⭐

+3

Sen aglasaň maňa juda kyn düşer,. Şonuň üçin sen aglama ejem jan

Sen aglasaň ykbal menden daşlaşar,
Sen aglama,
   Sen aglama,
        Sen aglama ejem jan!

Sen aglasaň agyr urar ýüregim,
Sen aglama meniň uly dilegim.
Sensiň meniň elmydama geregim,
Sen aglama,
   Sen aglama,
         Sen aglama ejem jan!

Gözleriňde görünmesin gussalar,
Şatlykdan ýylgyryp dursun ýüzleriň.
Aksa, aksyn diňe begençli ýaşlar,
 Sen aglama, 
    Sen aglama,
         Sen aglama ejem jan!

Sen aglasaň maňa daralar dünýä,
Dag-daşlar hem göýa maňa sürünýär.
Sensiz maňa nämä gerek bu dünýä,
  Sen aglama,
     Sen aglama,
          Sen aglama ejem jan!

Sen aglama mynasyp dälsiň muňa,
Emma düşüp bolmaz durmuş oýnuna.
Aglaýyn men bar günäni alyp boýnuma,
Sen aglama,
  Sen aglama,
       Sen aglama ejem jan!

3729Täzeje
Zumerret
03.10.2020 / 23:11:03
+0
Nowcha,
Yaryşa gatnasyp otyrmagyn gerem yok eken. Nowcha copeler bn eyyam yeñiji diysenem boljak. Maladis Nowcha.
1969Ýaşuly
Nowcha
01.10.2020 / 23:35:22
Özüm bilýän⭐

+3

.Men ejemgyzy, kakamgyzy bolasym gelýar,
Hiç üns bermerin ýaňsylaýan gulane ,
ejem gyzy, kakamgyzy ,bagty ,
diňe ejeň,kakaň diri wagty
bolyp bolýandyr.

Awtory:Nowça
3854Täzeje
Okuwchy gyz1
02.10.2020 / 00:18:26
+4
*"ILKINJI GOŞGY"*
Iñ eý gӧrýän adamyñyz barada
Düzme ýazyñ diýdi bir gün mugallym.
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi,
Bu uly klasda bir ӧzim galdym.


Eýläk-beýläk gezmeleýär mugallym,
Men bolsa sӧzbaşam tapamok şindi.
Kagyza damanda gӧzimiň ýaşy,Mugallymym ýagdaýyma düşündi.

Ol ýuwaşlyk bilen çykdyda gitdi,Gӧzimi süpürdim nemlendi ýenem,
Şeýdip sessiz aglap çola klasda,Saňa goşgy goşdum mähriban Enem.


Bolýan işe seret ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr '5'-lik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,Ezizin elinden aldyran ýaşlyk.

B.Hudaynazarow
161
2
13

0



Mowzugy VIP edenler:

3854Täzeje
Okuwchy gyz1
02.10.2020 / 09:12:47
+2
Ata sana yeke gezek berilyar:
Atan olse arzuw yolun dowam et.
Sen arzuwna yetsen atan yetdigi.
Yogsa ata yatyp bilmez parahat.

Ene sana yeke gezek berilyar,
Soy eneni soymegini dowam et.
Enanin gadyryn bilmeyan bolsan,
Enesini yitirenden sowal et.
Awtor:Kerim Gurbannepesow
56Gerekli
Asuda_durmush
02.10.2020 / 00:18:43
Oda ŷansañ çürśersin, sana yaramaz bolorsyn. Bir ojagyn odyna ŷanaşma gowsy...

+5

Ogly haramzada cykdy
Kim isledi beýleligni
Maşgalasy has islardi
Abrayynyn beygelenni
Yone kysmaty "sheylemish"
Täleý ony türma eltdi
Halyndan habar tutmady
Nametsin ony dostlary
Yigit shonda goz yetirdi
Bir dosty bar olam ine
Yzyndan yollary sokup
Ogluny gormage gelyan
Aglap balasynyn halyna
Boynuny burmana gelyan
Enesi ekeni ine
Nadersiñ?!...Ene-da...Ene

Atasy oyun tashlap
Äre gacdy ol gozel
Är diyilyan goçok zady
bolyandyr oytdi hezil.
Ana indem caga dogryp
yatyr babekhanada
Hossarlary yok yaly
hor bolmasyn diyip ana
Towyk corba gaynadyp
Babekhana baryar yene
Gecip gaytsada eneden
Gecip bilmedi gyzyndan
Gyzyn shat hem kyn gununde
Gitdi gyzynyn yzyndan
Gitdi ol ene yene....
Natsin?!...Ene-da ....Ene


Huwdi bilen ulaldany
Sogup hanha gep gaytaryar
Oyunden dushman tapanmysh
Koceden soygi agtaryar
Tapansonam sower yary
Enesinden has yakynmysh
Onsyz yashap bilmeyamish
Shol bolmasa olyarmishin
Gelin hyzmata yaranok
Hyzmatda has solyarmyshyn
Gidip gelninin gepine
Enesinden ayra yashap
Nirde bolsa sag bolsunlar
Diyip gozin yaşlar ine
Oglunyn gunasin gecer.
Natsin?! Ene-da...Ene

Kimin ogly sen diysen
"Ejemin" ogly men diyen
Ejesini hemmelerden
Beter ezizlap soyen
Çagajyk omri gysgady
Zyplap yoren cagajykdy
Kocede oynap yorka
Mashyn batly gelip kakdy
Ejesi zaryn aglayar
"Oña derek men gideyin"
Oglyny yere dozmedi
Yuregmi daglady ene
Cagajyga gyyylmadym
Gyýyldym enäñ halyna
Enan gujagy bosh galdy
Nadeyin?! Ene-da...Ene

Şeýle eneler dälmidi
Bu dünýäniñ ýükin daşan
Gećip durmuşyñ hezinden
Balalary üçin ýaşan
Ýaşasyn ene söýgisi
Goý ýaşasyn enelermiz
Ene "diýilýän söýginiñ
Ýeke aýdymy "hūwdisi"
Ýañlansyn her bir ojakda
Ýañlansyn ýañlansyn ýene
Bergimiz kop sanarlardan
Geçer hemmesini ene
Janyndan jan beren bize
Söýmesekde söýýä bizi
Natsin?! Wahh...ene-da ...ene

awtory:Enesh

705Gytyndan
Ayka?
02.10.2020 / 23:41:44
+2
Asuda_durmush, goşgy biraz gödek ýazylypdyr.Goşgyda beýle sözleri, diňe edebi dilde gerekli ýerinde ulanmaly.Ýöne, many taýyndan söz ýok,üstünlik!
56Gerekli
Asuda_durmush
02.10.2020 / 23:49:35
+1
Okanynyza we bellikler ucin sag bolun
3945Özümiziňki
historian
02.10.2020 / 00:43:52
+5
Beýik siz,belent siz meniň gözümde,
Misli belent daga deňeýän sizi!
Şol päk hem-de arassa ýürek bilen,
Güllere däl baga deňeýän sizi!

Gaýgymyza gynanyp aglasak aglap,
Kalpdan mähir bilen söýdüňiz bizi,
Ömrüňizi bagş etdiňiz siz bize,
Şoň üçiň ömrüme deňeýän sizi!

Siz tutuş äleme şu dünýä taý siz,
Garaňky gijede şuglaly Aý siz,
Meniň dünýädäki taýsyz baýlygym,
Käbäm diňe Jennete deňeýän sizi!

Ýazsam dessanlary ýazardym size,
Mukaddeslik edip sylardym ýüze,
Eziz Ejem waspyňyz sygmaz söze,
Men bütin barlyga deňeýän sizi!

Awtory: Aýlara Atajanowa
3732Täzeje
Melike
02.10.2020 / 01:16:02
+3
Eje, eje, aý eje,
Sen meň üçin ýekeje,
Eger, bezzatlyk etsem,
Gulagymdan çek eje !
705Gytyndan
Ayka?
02.10.2020 / 01:57:00
Saplanaryn,kyn günümde solmakdan,Allajanym aýyrmasyn gülmekden...!!!

+2

Ejeme...

Ilki sözlän "ejem" diýende dilim,
Guýupdyň gursaga mähirli söýgiň,
Intäk degmese-de kömege elim,
Joralaň ýanynda ýetirdiň öwgim...

Irkildiň,
Oýandyň,
Ser salan atdyň!
Ýorganymy çekip başymy ýapdyň,
Daňdanlar oýanyp bar iş bitensoň,
"Gyzym turaý" diýip mähiriň gatdyň!

Gara saçlarymy darardyň eje,
Ýüzlerimi elleň bilen sypadyň!
Şunça mähir derdim egisdiñ nije,
Ýene-de söýgiňi şonça küýsedim...

Belki, sizi begendirsem her pursat,
Ýarsyp azalardy, doluşan gasyn..
Elewreýär, "Balam" diýeňde gursak,
Ýaşadýanam eje barlygy asyl!

Tämizje ündewiň kalbymda terip,
Ony kä-tä ýeke-ýalňyz çöşledim.
Syrymy açýaryn ýüregim gerip,
Iň düýbünde duýgularmy keşledim...

Bilýän, agyrdandyrn ene ýüregiň,
Sowuk sözlem basylandyr sussuňa,
Ýöne aglatmadym ýekeje sapar,
Ak goşmadym gara saçlaň üstüne...

Derdiň bolsa ýeňledeýin öñküden,
Seniň gyzgyn elleriňden tutaýyn,
Söýýän sizi bütin älemden geçip,
Behişdi jenneti ýüzden òpeýin!

Ejemjanym sözleriňi keşdeläp,
Bu durmuşa mylaýymlyk beripsiň!
Asyl siz ekeni bagta seźdegàh,
Balaň üçin uçsyz dünýà gelipsiň!

Aýgül Ataýewa...
3696Betinden
Pegas
02.10.2020 / 06:16:56
“Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez...”

+9

EJEME UGRATMAJAK HATYM


Salam, eje. Seýrek jaňlarym üçin meni bagyşla, käbäm. Okuwdan boşan wagtymam saňa jaň edäýmeli welin, edemok-da...
Ýadyňdamy, geçen gezekki jaň eden wagtym: “Sesiň üýtgäpdir-le, oglum, keselläp dagy edeňokmy?” diýeniňde: “Ýok-la, eje jan, bilýäň-ä, sesimem häsiýetim ýaly üýtgäp dur” diýip gülen bolupdym. Aslynda şonda şeýle bir agym tutdy, seni şeýle bir bagryma basyp aglasym geldi. Saňa şu günler köp keselleýänimi ― ýaramaýandygymy aýdasym geldi. Seniň aladaňy küýsedim, eje. Emma ýüregiň ynjajakdygyny pikir edip aýtmadym. Dözmedim...
Ýadyňdadyr, gyşky dynç alyş möwsüminde öýde wagtym saňa bir gyz hakda oýunlyga salyp köpräk gürrüň beripdim. Şonda men saňa hemme zady gürrüň bermändim. Aslynda şol gyz bireýýäm meniň ýüregimi alypdy. Ýöne... ol meni söýenokdy. Seni gyýmajak bolup, ýene aýtmadym seniň gynanjagyňy bilip.
Eje, şu günler şeýle bir ýüregim gysýar. Hiç kime derdimi aýdyp bilemok, ejiz görünesim gelenok. Saňa bolsa aýtmaga dilim baranok. Arada ýaramaýandygymy eşidipsiňmi, nämemi, ýa bir zatlar duýduňmy ― bilemok, “geljek” diýdiň. Şonda: “Men nä çagamy, eje?! Gelme azara galyp! Şonsuzam aladaň ýetig-ä!” diýdim. Ýene “geljek” diýdiň. Menem gaharlysyrap: “Gelme diýdim-ä! Gerek däl! Men gowy” diýdim. Yzýany gözümden biygtyýar ýaş syrygyp gitdi. Men saňa sesimi gataltdym. Bagyşla!..
Eje jan, men seniň gelmegiňi şeýle bir isleýärdim. Emma şol günler ýarawsyzrak bolup, öňküden-de beter horlandym. Şonuň üçinem meniň ýagdaýymy göreniňde gyýylarsyň öýdüp, gelme diýdim. Wah, ýöne sen bilýäň-ä, käbäm, seni janymdanam beter söýýänimi...
Men şol gyz üçin şeýle bir horluk gördüm, ejizledim. Onuň duýgularym bilen oýun etmegi meni ejizletdi. Şol günlerde seniň göwünlik beriji sözleriňi, mähriňi küýsedim. Seniň her sözüň maňa nähili gymmatly bolanyny bir bilsediň...
Ol gitdi, eje... A men bolsa häzirem garaşýan oňa. Maňa onuň söýgülisi hakda aýtdylaram-la welin, ynanasym gelenok. Bor-da...
Men hemişe-de seniň derde şypa sözleriňi küýseýärdim. Ýöne şu aýralyk günlerinde hasam beter küýsedim, eje. Seni bagryma basyp: “Ol gitdi, söýgimiň ýüzüne urdy. Men söýülmez ýaly adammydym?!” diýip, edil çagalygymdaky ýaly özelenesim geldi. Bilýänsiň, eje, näçe kynçylyk başyma düşse-de, saňa aýdamokdym. Muny özüňem köp gaýtalaýardyň. Ýöne şu gezekki derdim meni eredip barýar. Biri bilen paýlaşasym gelýär. Göwünlik isleýän, aýratynam, senden. Eje jan, keýpsizligim üçin, ruhdan düşenimi saňa aňdyrmajak bolup az gürleşenim üçin bagyşla. Seniň aýap saklan janyňy bir gadyrbilmez sebäpli horlaýanym üçinem bagyşla. Senden gaty görmäge, närazy bolmaga hiç hili sebäp ýok, hakymam ýok. “Kofe ― zyýanly, köp içme” diýipdiň. A meniň bolsa, diňe bir kofe içmek däl, başga-da zyýanly endikleri endik edinip başlanym üçinem bagyşla. Hemmesi üçin bagyşla!..


Sapa Hommadow

680Öwreniji
Mekirje
03.10.2020 / 00:16:56
+0
😢😢😢
2467Täzeje
Ahmedik__97
03.10.2020 / 03:00:05
+0
Pegas, 😢😢😢
3208Täzeje
Arzyman
02.10.2020 / 10:19:36
+1
Nämüçin baýragy gaty pes goýýaňyz? 15 manat üçin pikirleneniňe-de degenog-a
2415Täzeje
Sada guljagaz
02.10.2020 / 10:24:42
+1
Men plyus goyup bilemok:-(
3235Gytyndan
Arslan 66970297
02.10.2020 / 10:42:59
+2
Goý depilsin ejeler daşyndan däl içinden,
Hemme ejäni depsin içden bäbejik.
Şeýle bagt hemme ejä nesip etsin,
Başga bagtlar munuň ýanda nämejik.

Hemmekişä nesip etsin ogul gyz,
Her kim bu dünýeden nesilli ötsün.
Ene ata agzybirlik,halallyk bilen,
Ogul gyznyň bagtly gününe ýetsin.

Arslan Allaberdiýew
3235Gytyndan
Arslan 66970297
02.10.2020 / 10:48:14
+5
Ene

Dünýäniň görkidir mähriban ene,
Älemiň durkydyr jana jan ene.
Bize mähir berer,hem edep berer,
Güýçli söýgisinem gysganmaz ýene.

Siz dünýäniň gözeli hem bezegi,
Pany dünýäň müdümilik geregi.
Dünýäni bir adam hökmünde görsek,
Kaka beýni,enelerem ýüregi.

Dertlä em,ýarala melhem sözlerňiz,
Mähir söýgi çogup duran gözlerňiz.
Sizsiz meniň gözegime gelmeýär,
Bu durmuşy ýaradan siziň özlerňiz.

Siz beýik siz gudrat siz bize mekdep,
Öwretdiňiz durmuşda iň dogry ýoly.
Sizsiz maňa bu dünýede many ýok,
Siziň barlygňyzda dünýämiz doly.

Arslan Allaberdiýew

310Betinden
Mylayym
03.10.2020 / 12:28:55
+1
Arslan 66970297,

Soňky jogaplar:

Gowy jogaplapdyr, tüweleme. Şular ýaly düşünjedäki aýal-gyzlarymyz köp bolsun....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Edgars (Bu gün, 16:30:44)
Ýo, bolýar-la gülýän bolsaň, ýylgyrsaň, Mundan başga näme gerek dünýäde. Şol ýylgyrşyň egsilmese razy men, Bir gün saý-sebäpden düşemde ýada. Razy men, gülýän bolsaň, ýylgyrsaň, Maňa başga näme gerek...Dowamy
Edebiýat | Güýçlidirin öýtdiñ...
Edgars (Bu gün, 16:06:33)
Köp sagboluň Çary aga hawa,birinden eşdipdim.Alla hemmämize ýardamçy bolsun Enşalla....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 12:38:08)
Waleýkumsalam, dogry düşüneniňize begendim, biri nädogry zat aýtsa ol hem düzedilmese şol zady soň başgalaram dogrydyr diýip ýaýrap gidiberýä, sizem öň şeýle diýip eşden bolmaly, özüňizden tapman. Gyz...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Charys (Bu gün, 12:18:29)
Gyzykly täsirli eken👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Salam dostlar bu mowzuk ertir.com-yñ arhiwinden. BAÝLYGA GYZAN GYZ bolan waka
B.Rexhas (Bu gün, 10:20:57)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023