(iňlis dilinden terjime edilen) Bir adam iki ýüz mil uzakda ýaşaýan ejesi üçin gül satyn alyp, ony hem telegramma arkaly ugratdyrmak üçin gül satylýan dükanyna barýar. Ol ulagyndan düşende bir çetde hamsygypjyk aglap oturan gyzjagaza gözi düşýär. Ol ondan näme bolanyny soranda gyzjagaz: «Men ejeme... |
Göwünlere päklik paýlap Ýüreklere aklyk paýlap Sogap, iman, şatlyk paýlap Rysgally gelsin Remezan Hemmäňiziň ýetip gelen Muladdes Oraza baýramyňyz gutly bolsun! Beren we berjek sadakalaryňyz Allah dergähinde kabul bolsun! Agyz beklänlerem myradyna ýetsin! Ylham_Gurbanaly... |
Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýyl musulman halkymyz oraza aýyny mynasyp garşy alýar. Yslam dünýäsinde şu günden başlap 1 aý dowam etjek Remezan aýy başlady. Ata-babalarymyzdan şu günlerimize çenli oraza aýy mukaddes aýlaryň biri hasaplanyp, agyz beklenilip, haýyr-sogap işler edilip gelinýär. Bu mu... |
Käriň diýip agartdyň sen saçymy, Bilýäň şundan iýmeli men aşymy, Ýurist bolup goraryn seň daşyňy, Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen. Aşym berse, berip bilmez bagtymy, Dogry halaýanam dälsiň kärimi, Kärim diýip,çekmez diýme näzimi, Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen. Döwlet aýdar, sensiň göwün ganat... |
Salam, hormatly www.dostluk.ru agzalary! Agşamyñyz haýyrly bolsun! Pikiriñizi bölenim üçin bagyşlañ, bir-iki agyz söz-sözlemekçi! Mukaddes Remezan aýynda tutýan orazalaryñyz, berýän agzy-açar sadakalaryñyz Allah dergähinde kabul bolsun ämin!!! Oraza geldi haý bilen Bir meleje taý bilen. Taýym batg... |
Myrat Gurbanov awtory Ýyllaryň gatyndan delmurup bakýan, Ýat bolan, bir mahal ýakynymdyñ sen, Dünýezar duýgulam, düýnümde ýatman, Telbe deý tapynyp bir düşnüksiz heñ, Gygyryp ýör tutup tükezzybana, Armanym bihabar lam jim dünýäden, Synanýar baryny tükellemäge, Bolsa bir ýitigi tutuş Dünýä deñ. Ç... |
Baýdak ýaly ýaşyl öwsüp gelende, Ülkämiň bahary – ýazy owadan. Göwünleri galkyndyryp belende, Ýaňlanýan aýdymy-sazy owadan. Gorkmasyn, goý, degre-daşyn garanyp, Garagumda gezýän akja jerenim, Durnagöz kölüme düşüp, daranyp, Oýnaýan ördegi, gazy owadan. Säher ýaly gojalarynyň başlary, Säher ýaly ej... |
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn ... Remezan aýynda agyz bekleýän we beklemeýän musulmanlaryň bilmeli käbir zatlary barada ýatlalyň.Ilki bilen Allatagalaň Remezan bilen bagly Kurany Kerimde buýran zatlary bilen tanşalyň. " Bakara süresiniň 183-nji aýady. Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden sakla... |
Ilki aýtjak sözüm – salam, Dost, seni görmäge geldim. Bardyr saňa saljak salam, Dost, seni görmäge geldim. Dost sözi melhem ekeni, Öňräk gelsem ekeni, Söhbet eýläp, dert egseli, Dost, seni görmäge geldim. Gül getirdim gujak-gujak, Baryn kalbyňyza goýjak, Dostsuz adam – otsuz ojak, Dost, seni görmä... |
Maý aýlary. Oba meýdany. Ullakan ekiz atyzynyň bir burçunda, beýleki agaçlardan saýlanyp oturan tut agajy iki aşygy Gün nurunyň ýiti şöhlesinden döräp, gulaç ýaýyp otyrdy. Biz sergin şemala şybyrdap seslenýän ýapraklaryň owazyny saza meňzetsek, iki aşygyň dahan içre aýlanýan mylaýym sözleri aýdymyň... |
Myrat hallyew awtory Barmak boý galama erk edýär eller, Barmak boý galama gol gerýär beýni. Şeýdibem, döreýär galam ujundan Ýüregmiň beýdi. Barmak boý galamyň oýny bar ýeser, Kagyza geçirýär köňül ahwalym. Çekiç güýji artyk bolandanmyka?! Özüne baglapdyr tutuş ykbalym. Barmak boý galamda gudrat... |
Ýagşy dilegler üçin açylan mowzuk diýsegem boljak.. Magtymguly atamyzyň: "Ýigrimi dört sagat on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn." - diýişi ýaly, mübärek aýlaryň naýbaşysy bolan Remezan aýy hem saglyk bilen gelip ýetdi. Külli Musulmanlaryň, aýratynam Türkmen halkynyň şu aýda etjek iň kiçiji... |
Yusup Yegenov awtory Ýa yşkyň wagty dälmidi heniz, Ýa maňa giç, ýa-da saňa ir geldi. Gurak gyşdan aman çykdygam welin, Biziň söýgi şähermize sil geldi. Bizi ençe ýola duşurjak bolup, Dostlam kän kösendi, diýseň zor olar. “Siziň söýgiňizi kino edäýseň!..” Diýşen bolup, göz degirdi joralaň. Ýöne ý... |
Mähir bolup doganym, Ömür bolup doganym, Dolan aý dostuñ bolsun, Güneş bolsun doganyñ. Gök asman bolsun eneñ, Atañ bolsun suw seniñ, Ädimleriñ büdrese, Toprak eçilsin emiñ. Daglar arkañda dursun, Duşmanyñ ýeller ursun, Görer gözüm jan oglum, Bagtyñy Hudaý bersin! Diñläp göwün kelamym, Saýla ýolla... |
Baldan datly söýgülim, Men günäli aşygam. Jennet ysly söýgülim, Men jezaly aşygam. Gamly düşner halyma, Agram düşdi janyma, Janym düşün zaryma, Men günäli aşygam. Bagtym sensiň, näzli ýar, Sensiz maňa dünýe dar, Şatlyk,gülki sende bar, Gülkiňe zar aşygam. Demim gitdi demimden, Erkim gitdi elim... |
Baldan datly söýgülim, Men günäli aşygam. Jennet ysly söýgülim, Men jezaly aşygam. Gamly düşner halyma, Agram düşdi janyma, Janym düşün zaryma, Men günäli aşygam. Bagtym sensiň, näzli ýar, Sensiz maňa dünýe dar, Şatlyk,gülki sende bar, Gülkiňe zar aşygam. Demim gitdi demimden, Erkim gitdi elim... |
Mysal arkaly görkezenimden gürrüňiň näme hakda gidýänini aňan bolsaňyz gerek. Hawa, elbetde, nesibe hakda. Nesibe – durmuşdan ykbalymyza ýetýän paý. Ynsanyň nesibe bijesi şowly ýa-da şowsuzlyga duş gelýär. Ýogsa-da, şowly we şowsuz nesibe nämä bagly? Elbetde, öz häsiýetlerimize, ädimlerimize bagly.... |
Alp Arslanyň düýşi Alp Arslan okaýan kitabyndan başyny galdyryp, pikire çümüp otyrdy. Ol Bilge kagan barada oýlanýardy. Alp Arslan pähim-parasatlylygy bilen duşmanyň her dürli hilesini öňünden syzmagy başaran hem-de goýup giden ýazuwly mirasy bilen ençeme asyrdan bäri halkyna ýol görkezip gelýän... |
Agzybire Taňry biýr, azgalany gaňrybiýr Alp Arslanyň doglanyndan üç ýyl geçenden soň Hindistandaky Kalenjer galasyndan Arslan begiň ölüm habary geldi. Çagry beg agasynyň ölümine hemme kişiden beter gynanypdy. Emma özüne erk edip, sabyrlylygy elden bermedi. Atasy Seljuk beg bir gezeginde “Ogul! Beg... |
SYÇANYŇ BOLŞUNA MEŇZEME! Bir okuwçy mugallymynyň ýanynda käbir ýaramaz endiklerini taşlap bilmeýändigi üçin özüni kötekleýär. Mugallymyndan haraý isleýär: ‒ Mugallym, harama seretmän oňmagyň heý, çäresi ýokmy? Näme etsemkäm?! Mugallymy: ‒ Oglum, syçanyň hereketini synla – diýýär. Okuwçysy düşünmän... |
Forum Map
Erkin mowzuklar
Library Map
Soňky jogaplar: