Sözlük - Halanlaryma goş
Teswirler:
1436Gytyndan
ATAKAKA۞
03.07.2020 / 01:53:56
Allahym, meniň Senden isledigimi däl, Seniň menden isledigiňi ber!!!

+1

Perwan– ýüpegi pileden aýyrýan çarh.
Perwana– kebelek.
Perwaz– uçuş, uçma, uçmaklyk.
Pester– pesräk, pes, has pes.
Peşe– çybyn. Peşe per – çybynyň ganaty.
Peý– 1. Fundament, düýp, direg, daýanç. 2. Aýak, aýak yzy. 3. Yzy, arkasy.
Peýan– peýda, nep, haýyr.
Peýker– 1. Beden, ten, endam. 2. Görnüş, şekil; surat. 3. Heýkel.
Peýmana – 1. Ömür jamy. 2. Ölçeg. 3. Şerap içilýän käse. Peýmanasy dolmak – ölmek.
Peýsiz– 1. Yzsyz-sorsuz, nyşansyz. 2. Dowamsyz. 3. Ogulsyz, perzentsiz.
Peýwent– bag, ýüp; birigen, baglanyşykly; sapylan, sapylma.
Peýwest– bagly, birleşen, sepleşen.
Päheň (peseň) – tereziniň daşyna taý etmek, jamlaryny deňlemek üçin goýulan agramlyk.
Pählwan Pirýar– XIII – XIV asyryň görnükli şahyry Mahmyt Pirýar. Kä
çeşmede onuň ady Pur Baýweli görnüşinde duş gelýär (1247 – 1326). Ol çensiz güýçli, daýaw, pälwan adam bolany üçin, Mahmyt pälwan, Hezreti pälwan, Pälwan pir, Pälwan Purýar ýa-da Pilmahmyt diýlen lakamlary hem alypdyr. Ol Gytaly lakamy bilen örän çeper rubagylar ýazypdyr.
Pir– 1. Garry, ak saç, ýaşuly adam. 2. Pir, sopularyň baştutany.
Pisat (pesat) – bozuk, erbet, ýaman iş, bozuklyk.
Pişe– iş, bir zada meşgullanmak.
Post– 1. Ham, deri. 2. Gabyk.
Pul – köpri. Pul-Syrat – Syrat köprüsi, dini dünýägaraýyşa laýyklykda, jähennemiň üstünden geçýän köpri.
Pur– ogul, perzent.
Puş – 1. Örtme, ýapma; örtük. 2. Geýme, geýinme. Puş kylmak – ýapmak, örtmek.
Puşeş– egin-eşik, geýim, lybas.
Puşt– 1. Arka, ýagyrny. 2. Nesil, urug. 3. Goraýjy, sakçy. 4. Bir zadyň daş ýüzi.
Pür– doly. Pürnem – ýaşdan doly. Pürgam – gamdan doly.
Pygan– ahy-nala, dat-perýat, agy, iňňildi.
Pygl– 1. Iş, etmiş. 2. Niýet, päl.
Pynhan– gizlin, ýaşyryn, ogryn.
Pyrak– aýralyk, jydalyk, aýra düşme.
Pyrkat– aýralyk, aýra düşmeklik.
R
Rabat– kerwensaraý, gala.
Rafyk– ýoldaş, hemra, dost.
Ragbat– meýil, isleg, höwes.
Ragna– owadan, gözel, näzik, ýakymly, görmegeý.
Rahman– 1. Rehim edýän, örän rehimli. 2. Hudaý, Alla.
Rahzen – garakçy, ýol talaýan, galtaman.
Raks– tans.
Rakyp– duşman, ýagy, ýow.
Ran– 1. But, aýak, 2. Sütün, daýanç.
Raster– gönüräk, dürsräk, has dogry.
Raý– 1. Pikir, isleg. 2. Ýol, ýoda. 3. Tabyn bolma; tabyn etme. 4. Hindi häkimleriniň lakamy.
Raýyş (araýyş)– bezeg, zynat.
Raz– syr, gizlin gürrüň.
Rebig– ýazyň ilkinji aýy; bahar, ýaz pasly.
Reda– 1. Derwüşleriň omuzlaryna, eginlerine atýan we gerek ýerinde namazlyk ýa-da ýorgan deregine ulanýan ýüňden edilen gödek mata. 2. Don, ruhanylaryň geýýän dony. 3. Ýyrtyk don. 4. Sopuçylykda birinji makamyň ýedinji menzili.
Reftar– gylyk, häsiýet, boluş; ýöriş, ýöreme.
Reft-amet – gelip-gitme, gelim-gidim, yza çekilme-öňe süýşme.
Rekap (rekab)– üzeňňi.
Renç– zähmet, azap, ejir, jebir.
Rep– 1. Eýe, hojaýyn, baýar. 2. Alla, Hudaý, Taňry.
Resm– 1. Däp, dessur, adat, düzgün. 2. Surat, surat çekme, çyzgy.
Resul– 1. Wekil, habar getiriji. 2. Pygamber. 3. Resul (has at). Resulalla – Allanyň wekili, Muhammet pygamberiň lakamy.
Reýgan– 1. Mugt, hak-hukuksyz. 2. Boş, biderek, ýerliksiz, peýdasyz.
Reýhan– 1. Ysly otlaryň umumy ady. 2. Gül ady (bazilik).
Riş – 1. Sakgal. 2. Ýara, baş, düwürtik.
Rişt–häsiýet, gylyk, boluş.
Rişte– 1. Ýüp, sapak, tanap, bag, bagjyk. 2. Unaş.
Rişwet– para, parahorluk, alym, algy.
Riýet– öýken.
Roý– ýüz, ýaňak. Roýy-ryýa – ikiýüzlilik, gözboýagçylyk, jögülik.
Roz (ruz)– gün, gündiz. Rozy-jeza (ruzy-jeza) – kyýamat güni, etmişiňe görä jeza ýa-da sogap berilýän hasap güni. Roz-u şeb – gije-gündiz.
Rozy (ruzy)– nesip etme, kysmat etme; eçilme.
Rozygär (ruzygär)– 1. Ýaşaýyş, durmuş. 2. Zaman, döwür. 3. Şemal, ýel.
Röwende– 1. Geçýän, hereket edýän, akýan. 2. Gezende, ýolagçy. 3. Çapar, habarçy. Röwende-ýu aýende – gelýän we gidýän, barýan we gelýän.
Rum– Rim, Rim imperiýasy, Wizantiýa, Balkan ýarym adasy, Rumili (Kiçi Aziýanyň bir bölegi), Kiçi Aziýa.
Rusyýa– utançly, uýatly, ryswa, ýüzügara, masgara, biabraý.
Ruz– Seret: Roz.
Rüstem– Zalyň ogly, ep-esli bölegi türkmenlere assimilleşip giden saklaryň pälwany, Firdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gahrymany. Gündogar halklarynyň folklorynda we edebiýatynda batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgasy hasaplanýar.
Rykkat– 1. Müşgil, azap çekme. 2. Ýumşaklyk, duýgudaşlyk.
Ryswa (ruswa)– masgara, biabraý, garalanan, ýüzigara.
Ryýa– ikiýüzlülik, hilegärlik, jögülik. Ryýakär – jögi, hilegär, gaçgaklaýan.
Ryýazat – 1. Terkidünýälik, asketizm, berhiz. 2. Kynçylyk.
Ryzk– gündelik iýmit, azyk, rysgal.
Ryzwan– 1. Jennet sakçysynyň ady. 2. Jennet, behişt.
S
Saba– 1. Säher, daňdan. 2. Mylaýym säher şemaly. Bady saba – säher şemaly, daň bilen öwüsýän hoştap şemal.
Saç kylmak– 1. Saçmak, seçmek. 2. Aýyrmak, aýra salmak.
Sadranç– küşt.
Sagadat– bagt, bagtlylyk, bagtyýarlyk.
Sahyp– 1. Eýe, hojaýyn. 2. Patyşa, hökümdar.
Sahypjemal– 1. Görk eýesi, görkli, owadan, görmegeý. 2. Hudaý.
Sahypkemal– kämillik eýesi, kämil, akylly.
Sahypkyran– 1. Bagtly, ykbally. 2. Sähetli gün doglan; seýýaralaryň şowly hatara düzülen wagty doglan, Zöhre bilen Müşteri seýýarasynyň biri-birine has ýakyn wagty dünýä inen çaga. 3. Gündogar ýurtlarynda rowaç şalaryň lakamlary. 4. Teýmirleňiň lakamy.
Sahypzaman– 1. Zamananyň eýesi, döwrüň hökümdary, häkimi, patyşasy. 2. Hasan Esgeriniň ogly Abulkasym Muhammet, on ikinji ymam. Onuň Sahypzaman (döwrüniň hökümdar eýesi), Ymamy-zaman (zamanasynyň ymamy) we Mäti (Mähdi – hak ýola düşen) lakamlary bar. Ol 870-nji ýylda Samerra şäherinde dünýä inýär. 3. Isa pygamber.
Saky– 1. Meýlisde käselere şerap guýup paýlaýan adam. 2. Suw paýlaýan.
Sal I– Derýadan geçmek üçin ulanylýan bir-birine baglanan tagta ýa gamyş, taýmyl, gaýyk.
Sal II– ýyl, ýaş.
Sam-sam– ýaňra, lakgy, batnyksyz, gepi bilen ýürege düşýän adam.
Sandywaç – bilbil.
Sangy etmek– pikir etmek, oýlanyşmak, paýhaslanmak, hyýal etmek.
Saňsar (seňsar)– 1. Daş bilen urma, daşlama (orta asyrlarda dowam eden jezalandyrmanyň bir görnüşi). 2. Daş ýaly, berklik. 3. Başga ýurda göçme, sürgün edilme. 4. Akmak, tentek.
Sapa– keýp, höwes, hezillik, göwün açma.
Sapa, Merwe– Mekgede Kubaýs dagynyň eteginde Käbe bilen ýanaşyp duran iki sany kiçijik dagjagazlar. Ol daglaryň arasy 600 metr bolup, Aby-Zemzem çeş-mesi şolaryň ortasyndadyr. Haja baranlar Käbäniň daşyndan yedi mertebe aýlananlaryndan soň ilki Sapa dagyna, soňra Merwe dagyna ýedi gezek çykýarlar.
Sarkyt– 1. Dadymlyk, teperrik. 2. Galyndy, agzyndan galan.
Sarwan (sarman)– düýe çopan.
Sary– tarap, ugur görkezýän söz.
Saý I– çuň däl ýer, ýalpak (suw barada).
Saý II– tarap, ugur, ýan.
Saýa– 1. Kölege. 2. Öýle, ikindi.
Saýram– Günorta Gazagystanda ýerleşýän gadymy bir şäheriň ady. Çeş-melerde bu şäheriň ady Garry Saýram, ýagny, gadymy, köne Saýram görnüşinde-de gabat gelýär. Bu şäher öňki wagtlarda Şybran (Şabran) we Isfijap hem atlandyrylypdyr.
Saýyl – gedaý, dilegçi, ykmanda, sergezdan.
Saýýat– awçy.
Sebze– ýaşyl, gök ot, ösümlik.
Sebzebaz– ýaşyl geýimli, ýaşyl lybasly, gök geýnen.
Sebzewar– al-ýaşyl otluk, çemenzarlyk.
Seç kylmak– seçmek, saçmak, pytratmak, paýlamak.
Seda– ses, owaz.
Sefine– 1. Gämi, sal, gaýyk. 2. Eserler ýygyndysy, kitap.
Seg– it. Segi-bijaý – ykmanda it, eýesiz it.
Segparaz milleti– iti mukaddes jandar hasap edýän halk, iti hudaý hasaplap çokunýan taýpa.
Sejde– 1. Çokunma, baş egme, maňlaýyňy ýere goýup, doga-dileg etme. 2. Namaz okalanda maňlaýyň goýulýan ýer.
Selasat– aýdyň, düşnükli, täsirli.
Sema – asman, gök.
Semag– 1. Aýdym, derwüşleriň aýdym aýdyp, saz çalyp, tans edip nalyş etmesi. 2. Diňleme, eşitme.
Semender– hyýaly bir haýwanyň ady. Göýä ol hemişe otda ýaşaýarmyş. Otdan çykanda ölýärmiş. Käbir rowaýatlara görä, semender hyýaly guş hasap edilýär.
Sement– at, dor at.
Semer– 1. Gök önüm, hasyl. 2. Peýda, netije. 3. Sylag 4. Baýlygyň dürli görnüşi: altyn, kümüş. 5. Nesil.
Sena– 1. Öwgi, taryp, wasp etme. 2. Doga, alkyş.
Senem– 1. But, butparazlaryň ýasama hudaýy, çokunylýan hyýaly bir zat, doňdurylan daş. 2. Söýgüli, söýülýän.
Senjap– 1. Awysiýdik (belka), awysiýdigiň derisi. 2. Ýurt ady.
Seň– daş. Syýa seň – gara daş, gaty daş.
Sepil (sefil)– 1. Pukara, biçäre, horluk çekýän. 2. Biderek, pes.
Ser– baş, kelle.
Serbe-ser– 1. Boýdan-başa, başdan-aýak, bir ýandan. 2. Azat, erkin.
Serferaz (serefraz)– beýik mertebeli, hormatly, başy belent.
Sergerdan– perişan, başy aýlanan.
Sergeşte– 1. Sergezdan, ykmanda, azaşan, başy çaşan. 2. Haýran galan.
Serhoş–1. Meý, şerap içen, başy sämän. 2. Batyr, edermen.
Serkeş – baş bermezek, topalaňçy, bozgak, tabyn bolmaýan.
Sermest– 1. Serhoş, keýpli. 2. Şadyýan, aladasyz.
Serwer– 1. Başlyk, ýolbaşçy. 2. Muhammet pygamberiň lakamy.
Serwi-azat – 1. Dik ösýän serwi agajy. 2. Uzyn boýly gözel.
Set I – adat, däp, dessur.
Set II–1. Diwar, bent, böwet. 2. Erbetlik, ýamanlyk.
Set III– ýüz (san). Set sal – ýüz ýyl.
Seta– «setuden» («öwmek») sözünden bolup, goşma sözleriň ikinji bölegi bolup gelýär. Meselem: hudseta –öwünjeň. Seta eýlemek – öwmek, taryplamak.
Sähw– säwlik, nädogry, säwlik.
Sidre– agaç ady. Rowaýatlara görä, ol asmanyň iň ýokarky gatynda (7-nji pelekde), adam aňynyň we amalynyň iň soňky ýetip biljek, Jebraýyl perişdäniň iň soňky baryp biljek yerinde bitýärmiş. Sidre sährasy – sidre agajynyň gögerýän ýeri, ýedinji gat asman.
Sig (sigse) – owadan, gelşikli, düşümli, ajaýyp.
Simnar– Nyzamy Genjewiniň «Heft peýker» («Ýedi gözel») eserinde hem Bähram Gur ýordumy boýunça aýdylýan birnäçe ertekilerde görkezilişine görä, Bähram Gur üçin Hawarnak köşgüni salan ussanyň ady.
Sir– dok, doýan, doýgun.
Sowap – 1. Dogrulyk, adalat, dogry, hak, hakyky. 2. Sogap, ýagşylyk.
Sowm– oraza tutmak, agyz beklemek.
Sowsan– liliýa, suw liliýasy, iris (gül).
Sowut– demir geýim, demir don, simden örülen harby lybas.
Soý– asyl, düýp gelip çykyşy, nesil.
Soýdurmak– gyzartmak, utandyrmak.
Subhy-şam (subh-u şam)– ertir-agşam.
Sud– peýda, haýr, nep, gazanç, girdeji.
Suhan (Subhan) I– 1. Päk, arassa; Hudaýy şöhratlandyrma, adamzadyň her hili sypatlaryndan päk bolan Allany şöhratlandyrma. 2. Alla, Hudaý.
Suhan II– söz, gep.
Suhanşor– 1. Ajy sözli; dili duzly. 2. Nadan, akmak.
Sulb– 1. Bil, oňurga, arka oňurgasy. 2. Beýni, ýilik, ýag. 3. Güýç, kuwwat, ysgyn, gurp, tap, güýçli, kuwwatly, zor. 4. Perzent, nesil.
Suluw– owadan, görmegeý, görkli, gözel.
Supra– saçak, desterhan.
Sur– 1. Tüýdük, surnaý, naý. 2. Gykylyk, galmagal, gowga.
Surah (surahy, suraýy) – 1. Suw hem şerap guýulan uzyn boýunly çüýşe, küýzejik, grafin. 2. Garyndysyz çakyr. 3. Suw çilim.
Suratger– suratçy, surat çekýän, hudožnik.
Surrutmak– puja çykarmak, manysyz geplemek, suwjuklyk.
Surur – şatlyk, şagalaň.
Surut (surud)– aýdym, heň, ses, mukam.
Suster – susrak, ümsümräk, has keýpsiz.
Suý– tarap, ugur; suýy – asman, asmana tarap.
Suz– ýanma, bişme, köýme, ot alma.
Suzan– ýandyryjy, ýakyjy; ýanan, köýen; ýanyp duran.
Süleýman– Dawudyň ogly, pygamberleriň biri. Rowaýatlara görä, ol tebigatdaky hemme zatlaryň – ynsanyň, haýwanlaryň we mör-möjekleriň, ähli janly-jandaryň patyşasy bolup, göýä olaryň diline hem düşünenmiş. Ýele-suwa hökümi ýöräpdir. Şeýle hem ol sebet örmek işi bilen-de meşgullanypdyr. Ol b. e. öňki 1001-nji (käbir maglumatda 1016-njy) ýylda tagta çykýar we b.e. öň 962-nji (976-njy) ýylda aradan çykypdyr.
Sünnet– kada, adat, ýörgünli ýol, edim-gylym.
Süýek – süňk.
Sydk– dogruçyllyk, ynanç, hakykat, päk ýüreklilik.
Syhr– jadygöýlük, jadylama, gözbagçylyk.
Symyş– 1. Sürlüp ýörlen ýer, ekilip ýörlen ýer. 2. Symyşlama, iýme.
Syna– kükrek, döş. Synaýy-Horasan – Horasanyň ýüregi, merkezi.
Sypagärlik– harbylyk, esgerlik, goşunda gulluk etmeklik.
Sypahy– urşujy, esger, nöker, ýasawul.
Syýa– gara. Syýa seň – gara daş. Bagty-syýa – betbagt.
Syýaguş– garagulak, ýabany haýwan.
Syýak– 1. Tertip, düzgün. 2. Gylyk, häsiýet, boluş, adat, endik.
Syýasat– haýbat, özüňi merdana görkezmek, abaý.
Ş
Şabaz (şahbaz)– 1. Laçyn, algyr, bürgüt. 2. Batyr, edermen.
Şafkat – şepagat, rehim, mähremlik.
Şahymerdan– 1. Mertleriň şasy, adamlaryň şasy. 2. Hezreti Alynyň lakamy.
Şam I – ýurt ady (Siriýa).
Şam II– 1. Gije, agşam. 2. Agşamlyk nahar.
Şamar– 1. Uly ýylan, ýylanlaryň şasy. 2. Söýgüliniň saçy.
Şan I – 1. Häsiýet, gylyk, hüý. 2. Şan-şöhrat, dereje.
Şan II– nyşana, maýaç, nyşana alynýan bellik.
Şap (şab)– yaş ýigit, ýigdekçe. Şyh-u şap (şyhy-şap) – garry we ýaş.
Şeb– agşam, gije.
Şehit– 1. Din we watan ugrunda göreşip ölen. 2. Suwsuz ölen, horlanyp ölen.
Şejer– agaç, daragt.
Şemme– 1. Bölek, bölejik, bir bölek. 2. Ys-kok.
Şems– Gün, Kuýaş, Güneş.
Şepagat– mähremlik, mähribanlyk, biriniň günäsini geçmegini dilemeklik.
Şepagathah – arkadaýanç, günä geçiji, günä diläp alýan, şepagat isleýän.
Şeraban tahura– 1. Gurhany-Kerimiň 76-njy («Dehr») süresiniň 21-nji aýatynda getirilýän jümle, päk içgi, sap şerap, arassa içgi. 2. Noş bolsun. 3. Üzüm çakyry.
Şerar – «şerare» sözüniň köplük sany. Otlar, ýalynlar, uçgunlar.
Şereňňiz– pitneçi, şerçi, şer işiň ugrunda gezýän.
Şerer– uçgun.
Şerh– düşündiriş, beýan.
Şerigat– 1. Yslamyň dini kanunlary. 2. Düz hem dogry ýol. 3. Adalatlylyk.
Şerip– şöhratly, sylagly, mertebeli.
Şerm– utanç, uýat-haýa.
Şertä– «şertä-şerti» sözünden. Iki taraplaýyn ylalaşyk, iki taraplaýyn karara gelme.
Şeýda– telbe, däli, hetden aşa yşka düşen.
Şäht– bal, asal.
Şibli– Abu Bekr Şibli örän meşhur sopulardan biri. Asly Mawerannahryň Şibliýe diýen obasyndan bolany üçin, şu at bilen şöhratlanypdyr. Ol 247-nji hijri (861-862) ýylynda Samarrada doglup, Bagdat şäherinde önüp-ösüp, ylym-bilim alýar we 334-nji (945-946) ýylda şol ýerde aradan çykýar.
Şikat– şikaýat sözüniň gysgaldylan görnüşi.
Şikeste–1. Döwülen, synan. 2. Haly harap, göwnüne deglen.
Şirwan I– 1. Eýranda Guçan etrapyna degişli bir şäher. 2. Azerbaýjanda bir sähra.
Şirwan II– (Nowşirwan – Anuşirwan Adyl) – altynjy asyrda (531-579) Sasanlylar nesilşalygynyň patyşasy bolan. Ol Mazdagyň baştutanlygyndaky gozgalaňçylary rehimsizlik bilen gyrany üçin, dindarlar tarapyndan «Adyl» lakamyny alan.
Şişe– çüýşe, aýna.
Şitde– 1. Dür-merjen düzülen jähek. 2. Dür-merjen düzülen birnäçe gat ýüpden edilen guşak
Şiwe– 1. Tär, usul. 2. Näz, kereşme, gözellik. 3. Tire gepleşigi (şiwe).
Şöwket– 1. Beýiklik, ululyk, şöhrat, güýç, häkimiýet. 2. Mertebe, abraý. 3. Ajaýyplyk, gözellik.
Şöwür– gije ýol ýöreme. Şöwür çekmek – gije uklamazlyk.
Şugaýp– Ybraýym pygamberiň ogly Medýanyň perzentlerinden bolup,
Musa pygamberiň gaýnatasydyr. Ol Medýen halkynyň (Medýanyň adyndan gelip çykan) pygamberidir.
Şütür – düýe.
Şyh– 1. Derwüşlik toparynyň baştutany, pir. 2. Tire başy. 3. Ýaşuly, aksakgal. Şyh-u şab (şyhy-şab) – ýaş ýigit we goja.
Şyh Sengan– sopuçylyk edebiýatynda hristian bir gyza aşyk bolan sopy hökmünde giňden ýaýran edebi gahryman. Şyh Sengan we hristian gözeli hakda şyh Attaryň «Mantykyt-taýr» we Nowaýynyň «Lisanyt-taýr» atly eserlerinde ýörite hekaýatlar bar.
Şymr (Şamyr)– Ibn Züljöwşen Zababy Kelaby, ol örän batyr adam bolupdyr. Ol Syffyn söweşinde hezreti Alynyň tarapynda durup söweşse-de, Kerbela söweşinde ymam Hüseýiniň garşydaşlarynyň tarapynda söweşipdir.
T
Taban– ýagty, şöhle, şugla, ýagtylyk. Mahyýy-taban – nurly Aý, ýagty Aý.
Tabeş– 1. Ýalkym, nur. 2. Gyzgyn, ýakyp barýan. 3. Radiasiýa, şöhle geçme. 4. Güýç, kuwwat, 5. Gaýgy, gam, gussa.
Tag – 1. Bakja ekinleriniň goly. 2. Üzüm taly, üzüm agajy.
Tagat– 1. Namaz okap hem-de dürli dini kada-kanunlary ýerine ýetirip, Hudaýa gulluk etme, ybadat etme. 2. Tabyn bolma, gulak salma.
Tagna– teýene, masgaralama; käýinç.
Tagýyr– üýtgeme, üýtgeýiş, özgerme.
Talyg– täleý, ýazgyt, bagt.
Tamug– dowzah, jähennem.
Taňla– 1. Erte, geljek gün. 2. Soňra. 3. Kyýamat, ahyrzaman, magşar.
Tapmak – uýmak, sygynmak, iman getirmek.
Taraly– ýaramly, ýaraýan, küýsegli, göwün söýeni.
Tarfatyl-aýn– göz ýumup-açar salym.
Tas – 1. Altyn käse. 2. Şerap içilýän pyýala. 3. Çanak, tas.
Taý gitmek– geçmek, ýörmek.
Taýran– 1. Gurhany-Kerimiň 105-nji «Pil» süresinde agzalýan garlawaja meňzeş guşlar. 2. Uçma, uçuş. 3. Guş, guşlar.
Tebah– 1. Harap, zaýa, puç. 2. Umytsyz, namut. 3. Gyrylan, ölen.
Teber– palta, aý palta; teşe; kätmen.
Tebessüm– ýylgyrma, ýylgyryş.
Tedbir– 1. Karar. 2. Çäre, alaç. 3. Pikir, aňlaýyş.
Tejelli (tejella)– 1. Gözellik we ajaýyplyk bilen görünme. 2. Nur, şöhle. 3. Nurlaryň ýalkymy, şöhlesi.
Tel– 1. Zülp, saç, jyga. 2. Depe, baýyr.
Telek– 1. Ters, nädürs. 2. Biderek, boş, howaýy, bihuda.
Telki– biderek, pes adam, ýaramaz, erbet kişi.
Telmurmak– howsalaly, naýynjar garaýyş, aljyraňňylyk.
Temenna– towakga, haýyş.
Teň– 1. Az, kem. 2. Dar, gysby, syk. 3. Erbet, çykgynsyz ýagdaý. Teňi-dest – eli ýuwka, garyp, hor-homsy.
Tereň (teriň)– çuň, çuňňur.
Terhos– töwella, haýyş, dileg, isleg, towakga.
Terz– 1. Tär, usul; tertip. 2. Şekil, biçim, boluş.
Tesbih – 1. Hudaýy ýatlap namaz, doga okamak. 2. Dogalary sanamak üçin ýüpe düzülen monjuklar.
Teşwüş– 1. Gorky, howp. 2. Gaýgy, gam, gussa, başagaýlyk, howsala.
Tetärik– 1. Dadymlyk, ölmez-ödi iýmit. 2. Kömek. 3. Taýýarlyk.
Tezerw– sülgün.
Tähr (tehr) – tär, usul, kär, ýol.
Täsip (taassuf)– 1. Tarapdarlyk. 2. Gaýrat, namys. 3. Berk ýapyşmak.
Tir– 1. Peýkam, ok. 2. Ok atyş, ot açyş. 3. Sütün, pürs.
Tiz– 1. Ýiti, ötgür, kesgir. 2. Çalt, çakgan, çalasyn.
Tokunmak– 1. Degmek, çakyşmak, çaknyşmak. 2. Çümmek, batmak.
Towpyk– 1. Ýardam, medet. 2. Sazlaşdyrma. Aby-towpyk – Gm. ýardam, kömek.
Towuş – owaz, ses, üýn, ýaň.
Töre– 1. Uly derejeli, belent wezipeli. 2. Ýol, ýörelge, däp-dessur, adat.
Töwriz– Eýranda bir şäher.
Tugun (dogan) – laçyn, elguş.
Tugýan– topalaň, gozgalaň; tupan, harasat, tolkun, joşgun.
Tullanmak– 1. Çylkasyz, sabyrsyzlyk, süwümsizlik, açgözlük bilen ýapyş-mak. 2. Çykgynsyz ýagdaýda galmak, gedaý bolmak.
Tur I– gaçmaklyk, yza çekilme; yzarlama, derňew.
Tur II– Sina ýarymadasynda bir dag ady.
Turap– gum, toprak.
Turpa (türpe)– görülmedik, ter, täze, täsin, ajaýyp, özüňi ýitirdýän.
Türpek– 1. Ýeleksiz, ütülen ýaly. 2. Sürlen, syrylan.
Tyg– 1. Gylyç, hanjar. 2. Haýsydyr bir ýaragyň (gylyç, hanjar, pyçak) keser ýüzi, keseri.
Tymsal – 1. Heýkel, surat, şekil. 2. Mysal, nusga.
U
Uftada– 1. Ejiz, güýçsüz, ýadaw. 2. Ýykylan, çöken. 3. Ýumşak, ümsüm.
Ujb– tekepbirlik, ulumsylyk, şöhratparazlyk, göriplik.
Ulunma– 1. Ulalma, gabarylma, gopbamsyrama. 2. Hars urma, çapalanma, jan etme.
Ummak – umyt etmek, tama etmek.
Urýan– 1. Ýalaňaç, çyplak. 2. Boş, hiç zatsyz.
Usly (osly) – akylly, aň-düşünjeli.
Ustuhan (istihan)– süňk.
Uýun– aýn sözüniň köplük sany. 1. Gözler, göreçler. 2. Çeşmeler, çaýlar. 3. Jansyzlar, aňtawçylar.
Ü
Üflas (üflis)– 1. Garyp, pulsuz, zatsyz, mätäç. 2. Mätäçlik. 3. Ýaramaz.
Ütelgi– gyrga meňzeş gije uçýan ýyrtyjy guş, aw guşy, el guş.
Üýn– ses, owaz, ýaň.
w
wadaryg-a– wah arman, haýp, gynanç, wah, ah.
wabeste– 1. Bagly, baglanan, degişli. 2. Elgarama, hyzmatkär.
walla– Alladan ant içme (Alla kessin! Hudaýa kasam bolsun!).
walyda – ene, eje.
warak– ýaprak; tagta, kagyz.
warka– XI asyrda Aýuky tarapyndan ýazylan «Warka we Gulşa» atly poemanyň we atdaş türkmen halk dessanynyň baş gahrymanlarynyň biri.
wasl– gowuşma, ýetişme, duşma, birikme.
waslat – gowuşmaklyk, birikmeklik.
waweýleta– haý-waý, ah-wah, ahy-nala, gykylyk, bagyrma, eňreme.
wazzuha– 1. Gurhany-Kerimiň 93-nji («Zuha») süresiniň birinji aýaty. Bu jümle «Guşluk (çäş) wagtyndan kasam bolsun» diýen manyny aňladýar. 2. Guşluk. 3. Açyk, ýagty.
webal – 1. Günä, ýazyk. 2. Kynçylyk, zyýan.
wejh– 1. Sebäp. 2. Ýüz keşp. Wejhi-roýy wazzuha – ýüzi ýagty, ýüzi nurly.
weli – 2. Dost, ýaran. 2. Allanyň gowy görýän takwa kişileri, ýagşyzada.
welleýli– Gurhany-Kerimiň 92-nji süresiniň ady. Gije manysynda gelýär.
werziş (werdiş)– 1. Gönükme, amal, endik, tejribe. 2. Maşk, türgenleşme, bedenterbiýe,.
werzişgär– türgen, maşky yzygiderli ýerine ýetirýän adam.
wesile– 1. Serişde, esas, sebäp. 2. Gural, esbap.
weýl – 1. Betbagtlyk, bagtsyzlyk. 2. Dini düşünjä görä, ýedi dowzahyň biri, jähennemdäki «Wadyýy-weýl» atly deräniň ady.
weýla– 1. Iňňildi, ah-wah, bagtsyzlyk. 2. Masgaraçylyk.
weýsil-Karan – Muhammet pygamberiň döwründe ýaşap geçen belli
sopy. Onuň doly ady Uweýs ibn Amyr ibn Jeze ibn Mälik Karany. Weýsil-Karan örän takwa adam bolup, ol hakda köp rowaýatlar döräpdir. Onuň esasy käri düýe bakmaklyk bolupdyr. Şol sebäpli türkmenleriň arasynda ol düýäniň piri hasaplanypdyr. Oňa Weýis ýa-da Weýsi-Karany hem diýlipdir.
wysal– gowuşma, birleşme, sataşma.
Y
Ybrat – 1. Görelde, sapak, öwüt-nesihat. 2. Geň galma, haýran galma.
Ybraýym – pygamberleriň biri bolup, rowaýatlara görä, butparazlyga garşy hereket edeni, buthanadaky butlary döweni üçin Wawilon hökümdary Hemrut birinji tarapyndan oda taşlanypdyr. Emma ot ony ýakman, Hudaýyň permany bilen gaýtam gülzarlyga öwrülipdir.
Yhsan– 1. Ýagşylyk, haýyr, goldaw. 2. Adamkärçilik, adalatlylyk.
Ylmy-hal– Hudaýy tanamak ylmy, mistika. Ylmy-hal ylmy Hudaý tanamaklyk we Oňa birleşmeklik gepleşik arkaly däl-de, eýsem, diňe güýçli hyjuw, hala düşme (ekstaz) we tüýs ýürekden Şoňa berilmeklik netijesinde mümkin bolýar diýip düşündirýär. Emma ylmy-kal Hudaýy hakyky tanamak akyl arkaly ýüze çykýar diýip öwredýär. Şonuň netijesinde Hudaý bilen gepleşmek hem bolýar diýip düşündirýär.
Ylmy-kal– din, şerigat, akyl ýetirip bolýan, durmuşy zatlar hakyndaky ylym.
Ylmy-ledun– hiç bir zähmetsiz, okamazdan Allatagalanyň ylhamy bilen
berilýän we bagş edilýän ylym.
Ylýas – pygamberleriň biri, rowaýatlara görä, Sam ibn Nuhuň agtygy, Hydyryň doganynyň ogly. Ol biziň eýýamymyzdan dokuz asyr öň ýaşap geçipdir. «Gyýasyl-lugatda» getirilişine görä, ol Hydyr pygamber bilen bile aby-haýat – dirilik çeşmesiniň suwundan içenmiş we hemişe dirimiş. Hydyryň çöllerde betbagtlyga uçranlara ýardam edişi ýaly, Ylýas pygamber deňizlerde betbagtçylyga uçranlara ýardam edýärmişin
Ymam Ryza– Abulhasan Aly ibn Musa Käzim, şaýylaryň sekizinji ymamy. Ol 770-nji ýylda Medinede dogulýar. 817-818-nji ýyllarda zäherlenip öldürilýär we Maşatda jaýlanylýar. Şonuň üçin Maşat mukaddes şäher hasaplanylýar. lakamy Ryza bolanlygy üçin onuň ady gysgaldylyp, ymam Ryza diýlip tanalypdyr.
Ymmat– 1. Bir pygambere uýan adamlar, pygamberiň ýoluny tutujylar. 2. Halk, millet.
Yrak– daş, uzak, alys.
Ysmaýyl – Ybraýym pygamberiň Hajar atly aýalyndan bolan ikinji ogly. Rowaýatlarda ol atasy Ybraýym tarapyndan Hudaý ýoluna gurban edilýär. Emma şol wagt Allanyň eradasy bilen asmandan bir goç inip, Ysmaýyl halas bolýar.
Yspyhan– günorta Eýranda bir şäher.
Ysrapyl– dört sany Alla ýakyn perişdäniň biri. Dini düşünjä görä, ahyrzaman bolanda, ol Allanyň permany bilen suruny (surnaýyny) çalýar. Şonda suruň (surnaýyň) sesini eşiden ähli jandarlar ölüp, soňra ýene-de suruny çalanda ähli ölüler direlýär.
Yssyg (yssy)– peýda, nep, bähbit, haýyr.
Yssyg kylmak (yssy bermek)– 1. Peýda bermek. 2. Wepadar bolmak.
Yzhar– aýan, beýan ediş, aýan etme, äşgär etme, mälim etme.
Yzzat– hormat, abraý, mertebe, dereje.
Ý
Ýa– ýüz tutma söz. Eý! A-how! Ýa, Hudaý – Eý, Hudaý.
Ýaban– meýdan. çöl, sähra, düz, gum.
Ýagma– talaň, çapawulçylyk, çapawul.
Ýakup – Muhammet pygamberden öň ýaşap geçen pygamberleriň biri, Yshagyň ogly Ybraýymyň agtygy. Folklorda hem edebiýatda meşhur bolan Ýusubyň kakasy.
Ýakyn– ynam, ynam etme, dogrulyk, aňyrsyna göz ýetirmek.
Ýanmak (ýa:nmak)– 1. Öwrülmek, yzyňa dönmek. 2. Ýüz öwürmek, geçmek.
Ýaňlyg– ýaly, dek, kimin.
Ýaňy (ýeňi)– täze.
Ýaňylmak– ýalňyşlyk, bir zady ters etmek, nädürslük goýbermek.
Ýapagy– taý, taýçanak.
Ýapmak– gurmak, dikeltmek, bina etmek.
Ýarlyk– mongol hanlyklary döwründe hat üsti bilen berilýän perman; höküm, buýruk.
Ýarytma– nur saçma, ýagtylandyrma, şöhlelendirme.
Ýasaw– söweş, jeň, uruş.
Ýasawul– bu söz aslynda ýasa (ýasak), ýagny, kanun diýen sözden alnyp, kanuna seredýän manyny berýär, nöker, esger.
Ýat– 1. Keseki, gaýry, del, nätanyş. 2. Aýal, erkek adamynyň ýanýoldaşy.
Ýeg– 1. Gowy, oňat, ýagşy, artyk. 2. Hormatly, sylagly, sarpaly.
Ýegana– 1. Ýeke-täk, ýalňyz. 2. Deňsiz-taýsyz.
Ýegsan– 1. Barabar, deň, birmeňzeş. 2. Tekiz, düp-düz. Ýer bile ýegsan – ýer bilen deň (ýok etmek).
Ýelda–21-22-nji dekabra gabat gelýän ýylyň iň uzak we garaňky gijesi; tüm garaňky gije. Şol gün güýzüň ahyrky güni we gyşyň başlangyjy hasaplanypdyr. Gündogaryň nusgawy edebiýatynda gözeliň saçy şeýle-de aýralyk güni şu gijä meňzedilipdir.
Ýeldirmek– çapdyrmak, ylgatmak, ýüwürtmek.
Ýelmek– ýüwürmek, ylgamak, çapmak; elewremek.
Ýemen– Arabystan ýarym adasynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän ýurt.
Ýezd– Eýranda bir şäher.
Ýezit– 1. Ümewiler nesilşalygynyň patyşalarynyň biri. Hezreti Alynyň Hüseýin atly ogly şonuň döwründe Kerbelada öldürilipdir. 2. Zalym, ganhor, duşman.
Ýow– duşman, ýagy.
Ýunus – Gurhany-Kerimde we Töwratda ady tutulýan bir pygamberiň ady. Rowaýatlara görä, Neýnewa şäheriniň ilatyny hak dine çagyrypdyr. Ol gämide ýüzüp ýörkä, tupan gelende ony duşmanlary deňze oklaýar. Käbir rowaýata görä, özi deňze bökýär, şonda ony bir uly balyk ýuwudýar we ýene-de Allanyň eradasy bilen üç günden soň balyk ony kenara atýar
Ýusup– Ýakup pygamberiň ikinji aýaly lawan gyzy Rahyldan bolan ýedinji ogly. Maglumatlara görä, ol biziň eýýamymyzdan 1745 ýyl özal dünýä inýär we 1635 ýyl özal Müsürde aradan çykypdyr. Ol «Ýusup-Züleýha» sýužetiniň baş gahrymanydyr. Ol özüniň ajaýyp keşbi, syratlylygy, geçirimliligi bilen bütin dünýäde şöhratlanypdyr.
Z
Zag– garga.
Zagpyran– sary reňkli ysly ösümlik; Gündogar edebiýatynda edebi eseriň gahrymanlarynyň saralan ýüzi zagpyrana meňzedilýär.
Zagyf– 1. Güýçsüz, ejiz, naçar, hor. 2. Aýal, naçar.
Zahyr– 1. Daşky görnüş. 2. Mälim, äşgär. Zahyr etmek – beýan etmek.
Zahyt– terkidünýä, dindar, öte takwa.
Zakgun (zakkum)– 1. Göýä dowzahda bitýän we ajy miwesi günälilere berilýän agaç.2. Kaktus, örän ajy zat.
Zal– 1. Rüstemiň kakasynyň ady. Ol dünýä inen wagty saçy ap-ak eken.
Şonuň üçin oňa Zal diýip at goýupdyrlar. 2. Garry goja, çal, ak saçly.
Zalalat (zelalat)– azaşmak, gümralyk, günäkärlik; ýalňyşlyk.
Zat– bir zadyň asly, esasy, özen, şahsyýet.
Zaw– gaýa, uçut, dag dilkawy; köwek.
Zaýyr– gatnaýan, barýan, mukaddes ýerlere gidýän, zyýaratçy.
Zeberdest– 1. Pälwan, hökümli. 2. Eli çalt, ezber, çalasyn, başarjaň.
Zeberjet– gymmatbaha daş, hrizolit.
Zebun– 1. Biçäre, pakyr, ejiz. 2. Ýeňlen, ähmiýetsiz.
Zekat– malyň-başyň mukdaryna görä degişli bölegi töleýän salgyt.
Zelil– hor-homsy, pakyr, biçäre, ejiz, mazlum.
Zemin– ýer, toprak, gum. Roýy-zemin – ýer ýüzi, Ýer togalagy.
Zemzem– Mekgäniň golaýynda bolan bir çeşme. Rowaýatlara görä, bu çeşme Ybraýym pygamber zamanynda, biziň eýýamymyzdan takmynan, 2800 ýyl ozal gazylanmyş. Käbir rowaýata görä Zemzem Ysmaýyl pygamberiň çaga wagty aýagyny depirjeklän ýerinden dörän bir çeşmedir. Çeşmäniň suwy mukaddes hasaplanyp, haja giden adamlar ondan alyp gaýdarlar.
Zen– aýal, zenan, naçar.
Zenan– zen sözüniň köplük sany. Aýallar. Türkmen dilinde birlik san görnüşinde ulanylýar.
Zenehdan– eňegiň aşagyndaky çukurjyk, ol gözellik alamaty hasaplanypdyr
Zeň– 1. Pos. 2. Ýata suwuň ýüzünde ýygnanýan ýaşyl kerep. 3. Kir, çaň.
Zeňňi baba– halk arasynda keramatly hasap edilýän meşhur sopularyň
biri, Süleýman Hekim atanyň şägirdi. Zeňňi baba türkmenleriň arasynda sygryň piri ýa-da padymanlaryň – sygyr çopanlaryň penakäri hasaplanypdyr. Ol 1258-nji ýylda aradan çykypdyr.
Zer– altyn, gyzyl.
Zerbap– zer bilen dokalan lybas, zer bilen keşdelenen lybas.
Zerefşan– zer sepiji, altyn ýaýyjy, zer pürküji.
Zereh– sowut, demir eşik, demir geýim.
Zerrin– zerden edilen, gyzyldan ýasalan, tylladan edilen zat, gyzyl çaýylan altyndan bejerlen. Zerrin nakgaş – zer bilen nagyşlanan, zer çaýylan.
Zeýn– bezeg, zynat.
Zeýýennes-sema– Gurhany-Kerimiň 67-nji («Mülk») süresiniň 5-nji aýatyndan bir jümle. Asmany bezedik diýen manyda gelýär.
Zähm– 1. Ýara, baş, düwürtik, teni bir zat kesme. 2. Kesel, dert.
Zähr– zäher, awy. Zähri-katyl – öldüriji zäher.
Zähra– Muhammet pygamberiň gyzy Patmanyň lakamy. Bu sözüň lowurdawuk, nurly, röwşen, ýagty şeýle-de nurly ýüz, ap-ak ýüz, görmegeý, owadan diýen manylary-da bar.
Zibir– aljyraňňylyk, howsala düşmeklik.
Zikr– 1. Ýatlama, ýat etme. 2. Hudaýy we onuň sypatlaryny gaýtalama.
Zille (zillet)– horluk, muşakgat, pese düşmeklik.
Zinde– diri, ýaşaýan, janly.
Zine– 1. Basgançak, merdiwan. 2. Üzeňňi.
Zir – 1. Bir zadyň astky bölegi, aşak, ast, teý, düýp. Ziri-paý – aýak asty, har, hor. Zir-paýy-esb – at aýagynyň asty, toýnagynyň asty, toýnagynyň aşagy.
Zir-u zeber– 1. Astyn-üstün, agdar-düňder. 2. Arap elipbiýinde «i» we «e» seslerini aňladýan astyn we üstün belgisi.
Zowal– 1. Ýok bolma. 2. Gözden ýitme. 3. Batma, ýaşma. 4. Zyýan.
Zowk– 1. Höwes, hyjuw. 2. Keýp, hezillik; inçe duýgy.
Zulmat – 1. Garaňkylyk, tümlük. 2. Nadanlyk, körlük.
Zuwwar– zyýaratçylar. Zuwwary-älem – älemdäki ähli halaýyklaryň zyýaratgähi; hemmäniň zyýarat edýän ýeri.
Zülal– päk, arassa, sap, dury.
Züljelal– beýiklik eýesi, Alla, Taňry, Hudaý.
Zülpükar– 1.Iki ýüzli, iki tygly, iki keserli. 2. Alynyň gylyjy. 3. Kesgir gylyç, ýiti gylyç.
Zümerret– ýaşyl reňkli gymmatbaha daş, izumrud.
Zünnar– guşak.
Zürbe– bäbek, bala, çaga, perzent, nebere.
Zyban– dil.
Zybana– ýalyn, ot, alaw. Zybana çekmek – ýanmak, lowlamak, ot almak, alawlamak.
Zynahor (zynahar)– zynakär, zyna edýän.
Zynhar– 1. Hergiz, asla. 2. Ätiýaçly bol, äge bol. 3. Gorag, gaçalga. 4. Aman.
3581Öwreniji
nk
03.07.2020 / 01:55:10
kaktus häsiýetli, bägül köñülli...

+1

Gerekli mowzuklaryñ biri.

Soňky jogaplar:

Dogrysy mena ayrylanyna begendim eger baran bolsa gynanrdym...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Jenapxs (Bu gün, 10:39:04)
Jenapx, ýok diri bolmaly ýöne nirä gidenleri belli däl...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Arslan Alayews (Bu gün, 10:37:57)
Ýone aslynda oglan keselbent bolsa oglanyn ozunde kelle yok gulyaly gyzy bagtsyz etjek bolup durmasynda eger gyzy soyse beytmezdi...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Jenapxs (Bu gün, 10:37:27)
Gyz olupdirmi...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Jenapxs (Bu gün, 10:36:00)
###zM, dogrydyr entak owrenji belki indiki sanlarynda duydurjak bolarys...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täsin duşuşyk
Jenapxs (Bu gün, 10:30:31)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023