Mowzuk

Birahat ruh.(mistiki hekaýa) - Halanlaryma goş
Teswirleri:
1969Gold
Nowcha [37s]
26.04.2020 / 06:57:56
★♥★ Özüm bilýän ★♥★

+3

Birahat ruh mistiki hekaýa 2- nji bolumi (dowamy).

Irden meni agam oýardy.Görsem telewizor görülýän otagda ýatyryn.Agam:
—Uklajak wagtyň telewizory öçürip,otagyňa geçip,ýatmaly ekeniň-diýdi.Men bu otaga haçan,nädip girip ýatanym ýadyma düşmedi...Birdenem aýagymdaky palçyklar ýadyma düşüp,aýagyma seretdim,aýagymda hiç hili palçyk ýokdy.Çykyp seretsem poldada hiç hili yz ýokdy.

Ýene türgenleşige bardym.Ýöne bu gün garaňky düşmänkä,tälimçiden rugsat alyp,obamyza gidýän iň soňky awtobusa münmäge ýetişdim.Awtobusyň içi hemişe bolyşy ýaly dykylyşykdy,adam köpdi.Düýnki maşynyň döwülen ýerine ýetenimizde meň gulagyma ýene "Maňa kömek et!...Kömek et!..." sesi eşidilip ugrady.Men hemmelere eşidilýämikä diýip awtobusdaky adamlary synladym.Ýok,olar parahatdy.Biriniň kömege çagyrýanyny eşitseler şunça adamdan biri seslenerdi ahyryn...Bu ses öýümize gelensoňam meni günime goýmady.Men naharymy çalak-çulak iýip,ukladyjy dermandan iki tabletka atdymda ýatmaga geçdim.Ses welin barha güýçlenýärdi.Edil gulagymyň düýbinde gygyryp duran ýalydy...Ahyryn derman täsirine uklap galypdyryn.

Irde maşgala bolup çaý içip otyrkak agam maňa:
—Gijesi bilen ýatman näme etdiň? Girip-çykyp ýatmaga goýmadyň.Ýa sportsmenligiňi görkezjek bolup gijede ylgap ýörsüňmi?-diýip,hezil edip güldi.

Agamyň bu sözi meni oýa batyrdy.Sebäbi gije men hiç ýerik çykamokdym...
—Ýokla,ýöne özüm ukym tutmady-diýen boldym.Agam sözüni dowam etdi:

—Şu gün günortanky reýs bilen men Aşgabada uçmaly.Bir aýlyk okuwa ugradýalar iş ýerden.Günortan meni aeroporda ertip gaýtda maşyny,türgenleşige gideňde müniber.Ýöne ýagyna-suwuna seredip mün,köçede gyzlary görüp dyzatjak bolup maşyny gynama...diýip agam her gezek maşyny berjek bolanda aýdýan "nesihatlaryna" başlady.

Günortan agamy aeroporda ertip,türgenleşige geldim.Bu gün biraz arkaýynrakdym.Sebäbi düýn agşamdan bäri gulagyma hiç hili "Kömek et!!!" diýlen aýylganç ses eşidilmändi,hemem maşyn bar,ýolda pyýada ýörejek aladam ýok.
Türgenleşik tamamlanansoň,maşyna münüp öýe ugradym.Garaňky düşüp ugrapdy.Şol günki arwaha gabat gelen ýerimize golaýlanymda,tizräk geçmek üçin maşynyň tizligini öňkidenem artdyrdym.Maşynyň tizlik görkezijisi 140-a ýetende gapdalymda biriniň: "Ýuwaşyrak süriber Şirhan,öňüňdäki öwrümde agdarylarsyň ýogsam!" diýen sesine tisgindim.Seretsem şol günki ýigit gapdalymda otyr.Gorkup,aljyrap tormuza basdym.Batly barýan maşyn birden saklanymy ýokuş gördümi nämemi,erbet silkindi-de öçdi.Gapdalyma seretdim ýaňky arwah ýigit ýokdy.

"Gözüme görünäýdi öýdýän" diýip,maşyny işletjek boldym.Açaryny näçe towlasamam maşyndan ses-üýn ýok.Näme bolanyny bilmek üçin maşyndan düşüp,gapyny ýapanymam şoldy welin maşynyň dört gapysam ilindi,açaram içinde galdy.Meni erbet gorky basdy.Ýoldan geçýän ýekejede maşyn ýok...
Birdenem pessaý öwsüp duran şemal güýçlenip başlady.

Daş töwerekdenem "Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...Sen kömek edäýmeli maňa kömek et!..." sesleri eşidilip başlady.Sesler şeýlebir aýylganç,şeýlebir güýçlidi,edil gulagymdan girip beýnimi iýip barýan ýalydy...

Men bu seslere çydaman gygyryp başladym:"Meni günüme goý!...Günüme goý meni!...Men saňa näme etdim!..." birdenem hemme sesler kesildi,şemalam ýatdy...Arkamdan kimdir biri:
—Sen maňa hiç zat etmediň Şirhan!-diýdi.Hawa,bu şol arwahyň sesidi.Men arkama öwrülmäge howlukmadym.Oňa çenli oň özi meň öňüme geçdi.Gorksamam oňa sowal berdim:
—Menden saňa näme gerek?
—Kömegiň gerek!
—Kömek? Nähili kömek?
—Men birahat! Meň birahatlygymyň sebäbem meni öldürenler hiç-hili jeza çekmän,arkaýyn ýaşap ýör.
—Men näme edip bilerin?
—Sen,meni öldürenleri tapyp şu ýere getirersiň.Meň olar bilen hasaplaşmaly zatlarym bar.
—Ýöne men olary tanamoga?!
—Serdar,Orazberdi,Perhat,meň adymam Mergendi.Sen şolary 3-günden soň şu ýere getiräýmeli.Bolmasa olara aýylganç ölüm garaşýar.
—Men olary nädip tapaýyn ahyr?
—Pagta zawotda işleýänlerden soraşdyr.Hemme zada düşünersiň.Meň wagtym boldy.Gitmeli.-diýdi-de ruh gözden ýitdi.
—Ýöne...men...nädip...-diýip onuň yzyndan sakawlap galdym...

Indi öýe gaýtmalydy.Ýöne açary içinde galyp,gulplanan maşyny nädip öýe alyp gaýtjak???.Men pyýada ýöräbem bolsa,öýdäki ätiýaç açary alyp gaýdaýyn diýip ýöräp ugradym...Howa sowuk bolansoň elimi jübime sokdym.Birdenem elim jübimde nähilidir bir açara degdi."Bu nämäň açaryka?" diýip çykaryp gördim.

Ol maşynyň açarydy.Ýöne ol maşynyň içinde galypdy ahyryn...Nädip ol jübime düşdikä?...
Yzyma gaýdyp maşyna mündim,"Ýa,pirim Hezreti Dawut (demiriň piri),özüňden medet!" diýip,açary towladym.Maşyn gül ýaly işläp durdy,ýuwaşjadan sürip öýe ugradym...

Ertesi gün,günortanrak etrabymyzdaky pagta arassalaýjy kärhana (il içinde aýdylyşy ýaly pagta zawot) bardym.BGN-daky garawulyň ýanyna girdim.Garawul 60-ýaşlaryndaky adamdy.Men ondan şu zawotda,5-6-ýyllykda işlän Mergen atly oglan barada soradym.Garawul maňa özüniň täzeräk işe geçendigini,köne işgarleri tanamaýandygyny,ýöne şu zawotda direktor bolup işläp,birki ýyllykda pensiýa çykan Kerim agany tanaýandygyny we gerek bolsa şonuň salgysyny berip biljekdigini aýtdy.Men garawuldan Kerim aganyň salgysyny alyp öýe gaýtdym.Kerim aga bilen gürleşip görmegi ertire goýdym.

Dowamy bar.
1969Gold
Nowcha [37s]
26.04.2020 / 06:58:27
★♥★ Özüm bilýän ★♥★

+3

Birahat ruh." Mistiki hekaýa 3-nji bölümi (jemleýji bölüm).

Ertesi gün Kerim aga bilen görüşmek üçin,onuň obasyna tarap ýola düşdim.Sorap-idäp öýüni tapyp gapysyny kakdym.Gapyny 17-18 ýaşlaryndaky gözleri garaja,saçlary iki örülen gyz açdy:
—Salam,size kim gerek?-diýip utanjyrap,sorady.
—Salam,Kerim aga bilen gürleşmelidim,öýdemikä?
—Atammy? Atam Köneürgenje gidipdi.Ertir geläýmese.
—Şeýlemi,bolýa onda ertir geläýerin.
—Kim sorady diýeýin.
—Ýok,özüm geläýerin.
—Bolýa.
—Neme...siziň adyňyz kim?-diýip soranymda gyz öňkisindenem utanjyrady.
—Menmi...Dursunaý.
Başga wagt,başga ýerde duşan bolsam Dursunaý bilen köpüräk gürleşip durardymam welin...arman wagty däl bolansoň:
—Bor,sag boluň Dursunaý!-diýip,öýe gaýtdym...

Şeýdip ruhuň maňa möhlet beren 3 gününiň ikisi geçdi.Emma entegem tapmaly adamlarymdan uç tapylmady...Tapylaýjagam gümana...
Ertesi ýene Kerim aganyňka baryp,gapyny kakdym.Gapyny Dursunaý açmazmyka diýip durdym.Emma gapyny 40 ýaşlaryndaky erkek adam açdy.

Men oň bilen salamlaşyp,Kerim aga bilen gürleşmelidigimi aýtdym.Kerim aga 70-e golaýlan ýaşuly eken.Oňa özümi Mergeniň ýegeni diýip tanyşdyrdym.Kerim aga pagta zawotda direktor bolan döwründe Mergen,Serdar,Orazberdi,Perhat atly oglanlar bilen işleşendigini olaryň biriniň hasapçy,biriniň tereziman,biriniň lobarnt ýaly wezipelerde işländiklerini,emma Mergeniň syrly ölüminden soň beýleki üçisiniňem etrapdan göçüp gidendiklerini gürriň berdi.
Ýenede Kerim aga maňa işgärler bolup umumy düşen suratlaryny görkezdi,Kerim agadan suratlar barada soraşdyryp,öz tapmaly adamlarymyň ýüz keşplerini ýatladym...Kerim aga bilen sag bollaşyp,öýe gaýtdym...

Orazberdi dosty Serdaryň ölümine gaty gynandy.Jan ýaly klasdaşyny kimdir biri köprüden asyp gitse her kimem gynansa gerek.
Orazberdi dosdunyň namazyny sowuşyp,agşamara öýe geldi."Derdini kemeltmek" üçin ýolugra dükandan bir çüýşe akmämetden alyp gaýtdy.Nahar bilen ýaňky çüýşäni boşadansoň,telewizor görmegä başlady.Birdenem telewizoryň ekranynda "Нет сигнал" diýen ýazgy peýda boldy."Şaring açdym,näme açdym diýen bolup düýnki oglan ep-esli pula sokup gitdi öýtýän.Ýa antena bir zat bolaýdymyka?!" diýip.Daş çykyp,anteny sazlamak üçin üçege çykdy.Anteni eýläk-beýläk aýlap durka arkasyndan kimdir biri:
—Orazberdi,kömek gerekmi?-diýdi.Orazberdi tisginip arkasyna seretdi...Gözlerine ynanmajak boldy arkasynda Mergen durdy.
—M...m...m...Mergen,sen näme işleýäň bärde?
Mergen hahahaýlap güldi.Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy.
—Aý,anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi.
—Ýöne sen ölüpdiňä Mergen!
—Hawa ölüpdim.Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä?
Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady:
—Mergen,ölümiňde meň günäm ýok.Ynanaý günäm ýok...Hemmesini Perhat etdi.Goluňy ýasap,peçadyňy ogurlanam şol,ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol...Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip,seni öldürenem Perhat...

Maňa şol günler pul zerurdy,şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym.Mergen ynanaý meň günäm ýok...-diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi.Mergen bolsa:
—Bolýa,bolýa.Gel antenaňy sazlaly.Men gowy edip sazlap bereýin-diýip hahaýlap gülip,anteniň kabelini ýolup aldyda,ony Orazberdiň boýnundan ildirdi...
Ir bilen obanyň adamlary,kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler.Inçe kabel boýuny üzere getiripdir...

Uklapdyryn.Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym.Sagat 01:23.Bu töwereklerde möjek ýokdy.Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi.Ol ses menim etimden geçip,süňkimden geçip,ýüligime ýetdi.Çydamadym.Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp,penjiräniň ýanyna bardym.Ol ýerde,möjek ýokdy...Yzyma öwrülip,öýe girjek wagtym,arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi.Hawa,bu şol Mergeniň ruhydy.Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim. "Mergen,men tapjak boldym.Ýöne başa baranok.Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer.Tapjak bolýan.Taparynam belki.." diýdim.Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy,gaharmy peýda boldy.Gahar bilen "Ertir A....obasyna bar.Serdara düýn öldi.Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi.

Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda,dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp,ertesi güni men şol oba ugradym...
Günortanrak baryp ýetdim.Uly ýolda,obanyň içine girmän,maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym...

Birki sagatlardan,obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli,tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady.Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady.
Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar.Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup,maşyndan düşüp,tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim.Perhada gözüm düşmedi.Men garaşmaly diýlen netijä geldim...

Gün öýleden agyp başlanda,obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy.Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym.Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip:
—Inim şähere gidýäňmi?-diýdi.Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin:
—Hawa agam,adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym.Gideli,mün-diýdim.
Perhat gapdalyma mündi.Ugradyk...1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň,men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym.Pehat ýüzüme geň galyp seredip:
—Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy?-diýdi.
—Ýok!-diýip pert jogap berdim.
—Onda nirä barýas?
—Men seni biriniň ýanyna ertmeli.
—Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin?
—Mergeniň ýanyna ertjek.Hol bir wagtky işdeş dosduň bara Mergen.Ana şoň ýanyna barýas häzir.
Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy.Gürländä sesi sandyrap çykdy:
—Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän,hä? Mergeniň ölenine 5-6- ýyl boldy...Sakla maşyny men düşjek.Nirä gitseň şoňa git onsaň-diýdi.
—Maşyna saklaýmaryn!-diýdimem welin,Perhat ýeňsämden tutdyda bat bilen kellämi rola urdy,burnym jaýdar degdi öýdýän,ganap başlady.

Maşyny saklap,saklamankam,Pehat düşüp gaçdy.Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada,ortarada ýykyldy.Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi.Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy.Perhadam ýerinden turjagam bolman,ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy.

"Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym...Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi.Oňa sereder ýaly bolmady,kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir.Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy...Oňa seredip durmakdan gorkdym.Aňyrrak baryp kamazam durdy.Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy.Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip:"Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi.Soňam maňa seretdide:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler.Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi.
Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän,ýuwaşjadan öýe gaýtdym...

Üç günden soň etrap merkezinde,bir çärede Dursunaýa duşdym.Çeper höwesjeňlerde tansçy eken...

Dur hany,nämeler gürriň berip başladymaý?!...Dursunaýa jaň edeýin gowysy.

~~~soňy~~

Şirhan26.12
3452Täzeje
Satlykow
27.06.2020 / 16:24:41
+0
Hany munyñ awtory? Şirhan dälmi munyñ awtory?

111Özümiziňki
Ependi
27.06.2020 / 21:06:06
+0
Satlykow, aşagynda ýazypdyra awtoruny. Soňuna çenli ýaltanman okaýmaly ekeniň.
125Özümiziňki
MSM
29.06.2020 / 12:20:34
şeýtana gaharlanýançaň,senem bir gowulyk et goý şeýtan sana gaharlansyn.

+0

Yaslar bagtly bolsunlar toy barda onda yakynda
Soňky teswirler
Aytdyma*... dowamy
Gürrüňdeşlik | Kaka
Gulhanym (Bu gün, 06:12:40)
Derrew başga tema geçýäñiz. Beyle zat ýok. Plyus-minusdan maña name peyda geler?! Aýtma elim degip gitdi dp.... dowamy
Gürrüňdeşlik | Kaka
Gulhanym (Bu gün, 06:11:01)
Espectro, " Ine Gulhanym şeydip agzalaryñ niklerini gorkezip yazmaly" diýjek bolduńmy. Sag bol meñkem iñ soñunda bar eken! :) 1-2 sany agzalaryñky ýok öýdýän. Uytgetmeli boljak ozumińkini.... dowamy
Umumy bölüm | Statuslar
Gulhanym (Bu gün, 06:06:33)
Kop minus alsan sonlugy bn telefonyndan pul gidyami. Ertirdede shu minus plyusyn usti uly urusdy. Ya kop plyus alsan telefon hasabyn kopelyami. Urshanyna sowushenine degyan zat bolsa bizem sowusheli u... dowamy
Gürrüňdeşlik | Kaka
Shahrukh khan (Bu gün, 05:47:51)
Bagtly bolmak öziňe hem bagly... dowamy
Edebiýat | Bagtly bolasym gelýär
Nowcha (Bu gün, 04:13:48)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2020
Ähli hukuklar goragly.
©JohnCMS