Täze gelniňem ýanynda ýatmak bolarmy?! - Halanlaryma goş
Teswirler:
324Täzeje
kavaler
18.04.2020 / 17:10:37
+3
DIŞIŇE GATY BOLMASA

Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.
Ker adam näsagyň ýanyna baryp:
— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? - diýipdir.
Bitap adamam:
— Aga, hiç hezilim ýok - diýip, jogap berýär. Onda ker:
— Örän oňat - diýýär.
Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:
— Işdäň barmy?
Bitabam aýdypdyr:
— Işdäm zat alanok.
Kerem öz gezeginde:
— Örän oňat - diýýär.
Ker ýene sorapdyr:
— Iýip-içýän zadyň bir barmy?
Onuň soragyna bitabyň gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:
— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?
Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:
— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar - diýipdir.

2233Betinden
Nara
18.04.2020 / 17:18:03
+2
kavaler, ????????
324Täzeje
kavaler
18.04.2020 / 17:12:32
+3
Ependiniň aýalynyň hasaby

Ependiniň öýleneli bäri bary-ýogy üç aý geçen eken. Bir gün aýaly Ependä:
– Bir göbegene tapyp geläýseň – diýipdir. Ependi bir hili bolup:
– «Çaga dokuz aýdan soň dogulýarmyka» diýýärdik welin, keýwany, bu näme boldugy? – diýipdir.
Aýaly gaharlanyp:
– Sen meni alalyň bäri üç aý geçdimi? Geçdi. Meniň saňa gelelim bäri üç aý geçdimi, geçdi. Çagany göwrämde göterip ýörenime-de üç aý. Ine, saňa dokuz aý – diýipdir.
2124Gytyndan
MRX
18.04.2020 / 20:41:45
Каждый видит то, что хочет видеть.

+0

Ha, öňler mäläýädi, indi diňe agzyny acaýýalar)))

Soňky jogaplar:

Habip, teoriyada nahili etmeli daldigini owrenip wagt, resurs, energiyany bisarpa sarplamany bolyar, yone hereket etmesen teoriyadan netjie yok, bilip etmeyan adamyñ bilmeyanden tapawudy yok me...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @accountant bilen söhbetdeşlik...
accountants (Bu gün, 17:33:00)
Sessizlik, Hawa, özüň ynjaman, ynjytman ýaşap bolanok, durmuşdyr, her zat bolup dur. Ötünjem sorap gördüm....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Edgar bilen söhbetdeşlik...
Edgars (Bu gün, 15:11:46)
Dogry...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Ýekäniñ çañy çykmaz: G20 we Jebraýyl aleýhisselamyñ mysalynda
B.Rexhas (Bu gün, 14:20:49)
Sessizlik, 1. Çagalar okadýan zatlarymyň 10dan birini ýatlarynda galdyryp bilseler ýetik diýýän, çagalara asyl ýaranjak bolma ýene-ýene isleglem ýok. Ýöne ýyllar geçensoňam ýolda-yzda gabat ge...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @.vkus.granata bilen söhbetdeşlik...
.vkus.granata.s (Bu gün, 12:25:02)
accountant,...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @accountant bilen söhbetdeşlik...
Dark_Wolfs (Bu gün, 11:32:20)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023