Söýgi barada - Halanlaryma goş
Teswirler:

Sheker
04.04.2020 / 03:34:23
+0
Awtor bir zad-a diýipsiň

3258Täzeje
Akylly Oglan
04.04.2020 / 15:03:57
+2
Sheker, Söýgi barada. Dowamy.
Emma men size aýytjak sözlerimiň hemmesini entek doly aýdyp bilemok. Meniň bujagaz akyl satmam bilen men siziň köpiňiziň men tarapda boljagyňyza men ynanmaýaryn. Entek men size hiç bir zat diýmänkem siziň beýniňiz menden dälde baäşgalardan alan düşünjelerden doludygyny men anyk bilýärin. Şonun üçin men ýene yzyma gaýdyp gelip mekdep ýyllarynda we soňra haçan men mekdebi okap gutaranymdan soň şu we beýleki mekdepler bilen baglanyşykly şaýat bolan wakalarym barada sözimi dowam etmeli. Men birnäçe mekdepde okadym. Häzirki ýazýan pursadym bolsa meniň onunjy klasda okan wagtyma degişli. Edil erkekleriň ýeňilkelle boluşy ýaly aýallar hem ýeterlik derejede ýeňilkelle. Biziň bilim we terbiýe alan türkmen edebiýatynyň özünde çynlakaý meselelere degişli kitaplar barmy biz ýeňilkelle bolmaz ýaly. Öňünden çykan adamyň bilimini barlap gör. Olarda akyl barmy. Akylyň özi näme?. Hiý bir siz dogry geldiňizmi köçede ýada märekede akylly boluň diýip maslahat berýän adama. Onuň ornuna bir ýere üýşüp diňe warsaky, manysyz sözler biilen kel-kelleşip oturan adamlary görýäniňiz ýada aragy köp içip ýüzi-gözi çişip, işsiz entäp ýören alkaşlara dogry gelersiňiz. Ýogsa olara kimdir biri akyl berende we olar hem berilen akyly özlerine alanda şu halat bolarmydy. Elbetde ýok. Bize akyl berýän adam ýok. Akylyň ornuna para berip bir işi bitirmäni öwredýän adamlar bar. Para bermegi ýada para almagy maslhat berýän adamda akyl barmy?. Onda akyl ýok. Akyl nämä gerek?. Akyl bize köp zat üçin gerek.Akyl bize söýmek üçin gerek. Eger bizde akyl bolmasa nähili edip öz söýgimizi gorap bileris. Manysyz boş sözler bilen biz söýginiň nämedigini düşündirip bilerismi. Söýgi barada aýytmak üçin, söýginiň nämedigini düşündirmek üçin öl biziiň gözimize görünmegi gerek. Ýok zat barada söz açmak biderek wagt geçirmek. Şonuň üçin hiç kimde söýgi barada anyk kesgitleme ýok. Biziň jemgyýetimizde söýginiň fundamenti mekdeplerde goýulýar. Mygallymlar we okuwçylar tarapyndan. Biz söýgi baradaky düşünjelere we endiklere mekdeplerde eýe bolýarys. Nähili söýmegi bolsa bize esasan mugallymlar öwredýärler. Bu ugurda edebiýatdan okadýan mugallymlar öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Emma başga sapaklardan okadýan mugallymlar hem olardan yza galmaýarlar. Olar okuwçylaryň öňünde durup söýgi mowzuklaryndan sapak bermeýärler. Emma ýaşajyk okuwçy gyzlary bir gyra çykaryp olara söýgi yşgar edýänligi bize mälim. Muňa mysal edip meniň ýaşaýan ýerime ýakyn bolan meldepleriň birinde örän mugallymlaryn biriniň örän gabahat jenaýat edendigini aýydaýyn. Bu mygallym mekdep direktory bolan. Ol mekdebi gutaryp barýan okuwçy gyzlaryň birine käbir tölegleriň hasabyna onuň attestatyna ýokary bahalary goýup berjekdigini wada berýär. Okuwçy gyz direktoryň ondan näme talap edýändigine düşünmeýär. Käbir adamlaryň hut jenaýatçy bolýandygyny bilmeýän ýaş gyz direktoryň hilesine düşýär. Direktor önuň bir özüne jaň edip attestany alyp gitmegini aýydýar we öziniň duran ýerine gelmegini talap edýär. Attestanyny alyp okuwa gitmäne gyssanyp dur gyz öziniň çola ýere çagyrylandygyna üns bermeýär çünki ol direktoryň özüne şeýle ýamanlyk etjekdigi kellesine hem gelmeýär. Sada türkmen gyzy bu wagt özini örän bagtly hasaplap attestayna tarap gyssanýar. Attestat onuň azaby. Bu attestaty almak üçin ol on bir ýyl mekdebe gatnady. Ýagyş diýmedi, palçyk diýmedi. Hatda ullakan adamlaryň sowukda meýdana çykmana gorkýan wagty bujagaz gyzjagaz hiç zatda gorkman, hatda ýolda aýagyndan dişlejek itlerden hem gorkman mekdebe bardy. Emma mekdeplerde taýak iýýäniňi hem ýatdan çykarman. Bir görseň özüňden ulysynpdaşlaryňdan hem taýak iýmeli bir görseň kellekeser adamlaryň perzentleri bolan öz synpdaşlaryň kemsitmelerine çydamaly. Bujagaz gyz hemmesine çydady we hemme kynçylyklara döz gelip diňe sowatly bolman eýsem asmandan gaçan aýyň bölegi ýaly bolup biziň gabahat durmuşymyzda öňe tarap ymtyldy. Ol ýene okamakçydyy. Bu attestaty ol para berip almaýardy. Munuň üçin onda hiç hili aýyp ýokdy. Gara nebsiniň eşegi, ýedi arkasy haram iýen, haramdan dişi çykan, para bermekden mugallym bolan we paraalyp bir topar haram zady ýygnan arakhor, neşekeş mugallym bu gyzyň hem akyl taýdan hem gözellik taýdan deňiniň ýokdugynyy görip gyza eýelik etmek isledi’ Ol bu gyzy öziniň wezipesi biilen ýöwselltmek isledi . Entek gyz onuuň ýannyna gelmänkä ol öz meýlnamasyny düzdi. Özüne, her zat etmeli gyzy sypdyrmaly däl. Bu hili ýagdaý diňe biir gezek dogry gelýär. Bu durmuşda eýe bolan zatlarymyň hemmesine hiç zady hasaba alman ýetişdim. Bu gezek hem şeýle bolar. Eger maksadyma ýetsem gyz öziniň düşen ýagdaýyny utanjyndan hiç kime aýytmaz, çünki türkmenler öz aýby orta çykarmagy aýybyň özini etmekden hem aýyp hasaplaýarlarr. Özüne bu durmuşşde hemiişe uly baha berip gelen samsyk direktor öňde boljak wakalary göz öňüne getirp bilmedi çünkii ol ähli zada para bermek bilen eýe boldy. Gyz ýetip geldi. Direktor maşynynda otyrdy. Gyzy gören direktor hasanaklap maşynyň gapysyny açdyy. Ýüzini giizläp gyza ýalan sözledi. Attestatyňy etrap merkezinden alyp gaýytmaly diýdi. Gyz direktoryň aldaýandygyny bilmedi. Onda ata-enemden rugsat alaýyn diýdi. Emma attestat diirektorryň ýanynda durdy. Direktor gyzy aldamany dowam etdi. Jan etmek hökman däl tiz geleris diýdi. Gyz bu gezek direktoryň aýdanyny etmän öýüne jaň etdi we maşyna otyrdy. Etjek işi barda öňden bir niýete gelen direktor etrap ýolunyň ugrunda bar bolan çola ýeri göz öňüne getirdi. Maksadyma şol ýerde ýeterin diýdi. Ýolboýuna göwün ýüwirtdi. Nähili perizat gyz golumda diýdi. Bu gyz bilen men öz maksatlaryma ýeterin diýdi. Hemmäniň agzyny gabyz ederin diýdi. Hemmäniň gözi maňa gider diýdi. Özi mugallym bolsada, instituty gutaryp kellesinde mäş bolmaadyk bu nadan hiç zada düşünmedi. Ol ölime barýardy. Şu wagta çenli ahli maksadyna parahorluk bilen ýeten bu haram indi dowzaha tarap ýol aldy. Haçan ol ýol ugrundaky çola ýere gelende maşyny togtady. Indi dogry durmagyň wagty geldi. Haram bilen halal, ýalan bilen hakykat, ölim bilen ýaşaýyş indi ýüzbe-ýüz boldy. Direktor şu wagta çenli gizläp oturan attestatyny gyza görkezdi. Ine seniň attestatyň. Ýöne bu attestata eýelik etmek üçin meniň bilen aýşy-eşret işini etmeli bolarsyň diýdi. Gyz indi öziniň aldaw bilen şu ýere gelenini bildi. Adamçylyk bilen direktory puşmana çagyrdy. Onuň niýetiniň ýaman zatdygyny we bu ýaman niýet onuň üstinden amala aşsa bu iki tarap üçin hem ölim bilen gutarjakdygyny aýytdy. Emma hemişe eden haramlyklary amala aşyp beýnisi üýýräp giden buu zalym dogry söze hä hem diýmedi we gyza asyldy. Gyz özini gorap başlady. Özüne gaýtawul berýän bu gyzy görip direktor öňkidende beter hereket edip başlady. Ol bir görseň gyzy bogy, bir görseňem urdy. Emma gyz boýun bolmady. Onda direktor gyzyň egnindäki geýmlerini ýyrtyp başlady we ýüziniň ugruna gyza agyr urgylary etdi. Indi bolmadyy. Gyz öziniň ölip barýanyna düşündi. Bir sekundyň içinde onuň kellesine müňlerçe arzuwlar gelip geçdi. Bu kyýamat geçer. Hudaý meni gorar. Men hiç hili ýaman iş edemok. Hemiişe ata-enemi syladym, agalarymy gowy gördüm. Okadym. Mugallymlaryň aýdanyny etdim. Ýurdymy, watanymy söýdim. Näme etsemem men ölmeli däl diýdi. Eger men ölmän galsam ýene watanyma hyzmat ederin diýdi. Adamlar maňa düşüner diýdi. Aňy şeýle diýsede erki oňa boýun bolmady. Ol diri galjak bolup çytalaşdy we indi öňkidende beter özini gorap başlady. Ýol men haram iş etmerin diýdi. Meniň gowy görýänim bar. Şonuö üçin öz abraýymy goraryn diýdi we has erjel häsiýete girip üstine çozan bu haram bilen göreşip başlady. Indi ýeke elleri bilen däl eýsem dişlerini hem herekete salyp harm direktoryň tenine agyr ýaralary saldy. Gyzyň garşylyk görkeümegi direktorda täze pikirleri oýatdy. Ol indi gyzy zorlamak pikirinden ýüz dönderdi we iň gowusy ony öldireýin ýogsa ol meni satar diýdi . Maşynyň agyr demirleriniň birini alyp gyzy urmana başlady.Uruşmagyň tärini bilmeýän sada türkmen gyzy indi demiriň agyr urgylaryndan agyp düşdi we özzinden gitdi. Akmak direktor bolsa ony ölendir öýütdi we bu ýeri taşlap gaçyp gaýytdy. Emmä gyz ölmändi. Birnäçe sagatdan soň bu ýerde goýun-geçi bakyp ýören çopan gyzy tapdy we adam çagyryp ony keselhana ugratdylar. Ýadyňyza düşýän bolsa gerek gyz etraba tarap ýol almazdan ozal öýüne jaň edipdi. Gyzynyň eglenip barýanyny duýan ene direktora jaň edip gyzynyň nirededigini sorady. Direktor ýalan sözledi. Ol meniň ýanyma gelenok diýdi. Gyz keselhana eltileni şöl bu ýeriň doktorlary polisia jaň etdiler. Ýetip gelen polisiýa işgärleri gyzyň ýagdaýyny görip kimdir biriniň onuň üstine çozuş edenini bildiler we gyzyň kimdigini anyklamana girişdiler. Gyzynyň ýogalanyny bilen ata-eneler bolsa gyzyny gözläp başladylar we direktoryň öýüne geldiler. Direktor bolsa gaçyp gitdi we telefonyny öçirip goýdy. Indi ata ene gyzynyň ýogalmagynda direktoryň eliniň bardygyny aňdy we bu barada polisiýa jaň etdiler. Polisiýa bolsa eýýäm gyzyň kimdigini anykladylar çünki polisia gyzyň diri galmagy üçin elinde bary etdiler Olar keselhana doktorlaryndan gyzy derrew aýk üstine goýmagy talap etdiler we doktorlaryň kömegi bilen gyz uzak garaşdyrman özüne geldi we öziniň kimdigini we näme sebäpli şu ýagdaýa düşendigini aýytdy. Üstine polisiýanyň gelýändigini aňan direktor indi gyza eden zulumy üçin kanun öňünde jogap berjekdigini bildi we gizlenip oturan gaýdyp gelip mal ýatagyna girdi we şu ýerde bar bolan ýüp bilen özini asdy. Onuň haram jany dogry dowzaha tarap ýol aldy. Gyz bolsa tiz özine geldi we ýene birnäçe wagtdan okuw üçin Aşgabada ýol aldy. Häzir ol üçinji kursda okap ýör. Gördiňizmi söýgiňizi nähili goramalaydygyny. Siz şu hili ýaramaz ýagdaýlara taýynmy?.
3258Täzeje
Akylly Oglan
05.04.2020 / 09:03:29
+1
Sheker, Sag bol.

Sheker
04.04.2020 / 03:42:42
+0
Muny kärdeşleriň(mugallymlar) okaýs-a hezil bermez saňa .

Sheker
04.04.2020 / 03:52:36
+0
:shok

Sheker
04.04.2020 / 03:58:11
+0
1915Gytyndan
Myrat555
04.04.2020 / 07:47:49
+0
Akylly oglan, hakykaty eşitmäge sen taýýar ýaly. Git-de kelläňi bejert!!!

Soňky jogaplar:

huvva...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
Naras (Bu gün, 09:00:40)
Ýetireniňiz üçin minnetdar....Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
B.Rexhas (Bu gün, 08:56:32)
👍👍👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
B.Rexhas (Bu gün, 08:48:30)
Nara, erbet ekeninay...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
aymurats (Bu gün, 08:48:11)
17 maña menzeye:gg:...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
Naras (Bu gün, 08:44:43)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023