Ýagyp dursa şol öňküje ýagyşlar... - Halanlaryma goş
Teswirler:
170Ýaşuly
Selbi
26.11.2018 / 18:15:54
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+0

Pessaýja öwüsýän güýz şemalyna,
Ygşyldaşýar ýere gaçan ýapraklar.

Ovadan setirler bolupdyr

quenn
26.11.2018 / 20:50:37
+1
Ýaprak haçan-da ýere düşende ygşyldaşýarmyka?!
170Ýaşuly
Selbi
26.11.2018 / 20:53:50
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+0

quenn yere dusende semala ucya manyda dp yazandyr

Mentalist
26.11.2018 / 23:18:16
+2
Selbi, düşbüje ekeniň)

Mentalist
27.11.2018 / 08:22:34
+2
quenn, şemala edýän sesini göz öňüne tutupdym

Pegas
27.11.2018 / 08:29:23
+0
Ýagýan ýagyşlarda ýok ýaly nemi.

- şuny:

Ýagýan ýagyşlaryň ýok ýaly nemi.

- diýip alsaň;

Şatlygym, gam-gussam hem ajy-süýjim!

- muny hem:

Şatlygym, gam-gussam, ajy:m hem süýjim!

- diýip alsaň nähili bolar?

Mentalist
27.11.2018 / 08:34:46
+2
Pegas, bolar. Gowy. Minnetdar.

Pegas
27.11.2018 / 08:41:15
+0
Saňa meniň hakydamdan çykma ýok

- şu setir Ezizow agaň:

Maňa seniň gözleriňden gitme ýok

- diýen setirini ýatladýar. Goşguda diňe sözme-söz täsirlenme däl-de, äheň, owaz, pafos täsirlenmeleri hem bolup bilýär. Başgaça edip alsaň has gowy welin, men-ä şu setiri, iň bolmanda, şeýleräk edip alardym:

Meniň hakydamdan çykma ýok saňa

Pegas
27.11.2018 / 08:45:37
+0
quenn dogry aýdýar, dost. Okyjy düşünmändir, diýmek, sen ýazyp bilmänsiň düşnükli edip. @Selbi agzaň "pylan manyda ýazandyr" diýmegi eýýäm seň bir minusyň. Okyjy şahyra düşünjek bolup kösenmeli däl-de, şahyr okyja düşündirmek üçin kösenmeli.

Mentalist
27.11.2018 / 08:54:13
+2
Pegas, bolýar, düzederin. Gowy bellikler.

Mentalist
27.11.2018 / 09:07:13
+3
Pegas, ýöne "ygşyldamak" sözi türkmende bar ahyr, sada we düşnükli söz (rusçasy — трепетать, прошуршать, лепетать, шелестеть, шуршать...). Men ýok sözi ýa ulanylmaýan sözi ýazmandym. Okyjynyň bu sözden bihabardygy ýazanyň günäsi däldir-ä? Belki, birisi düşünmän, onusy düşünýändir. Bu bir söz bilen — ýazanyň ýazyp oňarmaýandygyny aňladokmyka diýýän. Beýleki düzedişleriň bilen ylalaşýan.

Pegas
27.11.2018 / 09:14:41
+1
Mentalist, ýapragyň ygşyldamagy üçin oň howada, ýagny, entek öz agajynda durmagy zerur. Ýere gaçan ýaprak ygşyldanok-da, agajyndan gaçmadyk ýaprak ygşyldaýar.

Mentalist
27.11.2018 / 09:27:33
+2
Pegas,
"Часто осенью я пристально следил за опадающими листьями, чтобы поймать ту незаматную долю секунды, когда лист отделяется от ветки и начинает падать на землю, но это мне долго не удавалась. Я читал в старых книгах о том, как шуршат падающие листья, но я никогда не слышал этого звука. Если листья и шуршали, то только на земле, под ногами человека. Шорох листьев в воздухе казался мне таким же неправдоподобным, как рассказы о том, что весной слышно, как прорастает трава"


Константин Паустовский "Желтый свет".

Pegas
27.11.2018 / 09:33:42
+0
Mentalist, "шуршать" - "ygşyldamak" sözüniň doly manysyny berip bilenok.
Zyýany ýok, mümkin, meňki ýalňyşdyram. Ýöne öz pikirimi aýtdym.
Goşgy gowy eken. Üstünlik arzuw edýän!

Mentalist
27.11.2018 / 09:38:33
+2
Ýerde-de ygşyldaýar. Ygşyldamak — bu pasyrdamak däl, yrgyldamagam däl, sinonim edip görkezip bilerler ol sözler bilen, emma ygşyldy bu ýapragyň şaha (ýapraga) ýa-da ýere galtaşmagy esasynda döreýän sesli hereketi. Sinonimiň sinonimden tapawudy bar.

Mentalist
27.11.2018 / 09:41:11
+1
Pegas, bolýar, sag bol çekeleşikli edeniň üçin!

MILANA
09.06.2019 / 22:23:59
+0
Ýapraklar gury bolsa, ygşyldamzlygy mümkin däl. Onda-da çala lemal bolsa-da...
Goşgyny gowy ýazylan eken, gaýtalap okadym. Ajaýyp!

Soňky jogaplar:

Dark_Wolf, saýtda oturýanlar ýetýämikä 50ä)...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Filamingos (Bu gün, 16:59:39)
Galamyñ ötgür bolsun...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
MODERATORs (Bu gün, 16:43:52)
Mahri, ýokla, özüm däl. Dile geldi, diýip göýberdim. Synçylygym bilen ýazylan kyssa...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Dark_Wolfs (Bu gün, 15:47:57)
Görmegeÿ yigit Batyr diysene)) bu yazylan zatlardan Selbinyyazyñ habary barmyka?...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Mahris (Bu gün, 15:29:24)
Cepbekey, haha, biljek sen özi :D...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Dark_Wolfs (Bu gün, 15:13:51)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023