Bolmady / Atamyrat Atabaýew.. - Halanlaryma goş
Teswirler:

Dark_Wolf
26.07.2019 / 18:47:25
+0
Goşg-a, Goşgujanlaý!.. Berekella.

55Täzeje
Ertir
26.07.2019 / 19:20:07
+1
Dark_Wolf,

Razy

Ynsana bagt uçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.

Razy — çynym bilen sadany söýýän,
Razy — halal saçagymda çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

Razy — günler ýüpek sowsana döndi,
Razy — ýüregimde özgäň agysy.
Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy,
Asman bilen şu zeminiň arasy.

Razy — köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.

Razy — köçelerim, ýüregim ýagty,
Razy — kükregimde diňenok owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.

Razy — joşdum topragymyň toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.

Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim men zary.
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenne müňde bir razy.

MILANA
26.07.2019 / 18:50:31
+1
Hawa, gowy ýazylypdyr.

Dark_Wolf
26.07.2019 / 18:54:48
+0
Bir gidäýseň umyt bilen ýaýdanman,
Soň öwrülip geler ýaly bolmady.


Şu ýerleri has hem "hmm" etdirýär. Ýalňyşyp dagy geler ýaly dünýe däl ekeni diýjek bolupdyr şahyr))
102Özümiziňki
Dag-arman
26.07.2019 / 18:57:58
+0
Hakyky zatlar aýdylypdyr...
39Özümiziňki
Yslam9546
28.07.2019 / 13:09:29
+0
Berekella. Dowamyna garashýas sheýle gosgularyn.

Soňky jogaplar:

Sowet döwründäki Hudaýsyzlaň tapan örän nädogry we gorkunç sözi "Ikinji Hudaý" sözi. Iň uly we geçilmejek günä Allaha ortak goşmaklyk ýene birini ýa bir zady Allah bilen deň derejä ýetirmeklik. Lä ilä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Charys (Bu gün, 06:51:51)
Berekella!...Dowamy
Umumy bölüm | Oñlanmadyk binalar
Ýunus...s (Bu gün, 06:05:34)
B.Rexha, baş üstüne...Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
☪ATAKAKA۞s (Bu gün, 00:55:41)
Dark_Wolf, ämin...Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
☪ATAKAKA۞s (Bu gün, 00:55:20)
Köp sagbol seňem bagtyň daş ýarsyn)...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Düýn, 23:14:14)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023