Seýitmyrat Geldiýewiň goşgulary - Halanlaryma goş
Teswirler:
320Gerekli
Guvanjovna
19.06.2019 / 12:54:32
+1
Juda ýaş men...

Juda ýaş men, juda ter men, aşyk men,
Bagtdan ýaňa näderimi bilemok.
Gülüp ýörmesem-de ýeriň ýarygna,
Men bu dünýä hasrat üçin gelemok.

Geçen geçdi gitdi öz nobatynda,
Düýnümden ep-esli kitap galypdyr.
Hemem hakydamda erik kişde deý,
Bir topar ýatlama gatap galypdyr

Düýniň bir burçunda aglap dur söýgüm,
Haýp, indi men ony diňdirip bilmen.
Näçe gynansamam, gynanmasamam,
Ony özge gyza siňdirip bilmen.

Ýüregimde özüme ýer galmady,
Arzuw-aladadan, söýgi-ýigrençden.
Bir mahalky ölüm bilen deňeýän,
Gorkup ýören aýralygma öwrenişdim.

Ýöne men bir zada juda begenýän,
Edil, häzir sergisi deý nakgaşyň,
Ynha, şu goşgymyň bagty açyldy,
Eziz söýgüm, hany gel-de, kak bäşiň!

Duýgularmyň şol owalky terligi,
Söýýän ýürek nadyl bolmaz ýaşlykdan.
Bagtdan ýaňa näderimi bilemok,
Juda ýaş men, juda ter men, aşyk men!

2005ý.


Saňa ýetmek

Köp pikir edýärin, agramym sowal,
Näm üçin, näm üçin, näm üçin şeýle?
Belki, saňa ýetmek ýerleşen däldir,
Pikir etmek köp ýazylan täleýme.

Men goşgy ýazamda lowlaýan, ýanýan,
Ellerim ataşgir, ýüregim küre.
Aljyradyp barýan aňsyz jynlary,
On müň soragym bar Müňkür-Nekire.

Asmany özüme arka tutunýan,
Hossarym perişde, döwdeşim pelek.
Behişt eşretine döz gelerkimkä,
Zemin sütemine öwrenşen ýürek.

Indi bildim, bal-şekeriň kimdigin,
Ýaşkam dilim gysga, golum dar eken.
Şeýdip-şeýdip şahyr bolaňdan soň-a,
Saňa ýetmek hökman zadam däl eken.


Bergi

Diliňe bitýär-ä, bagyşlap goýber,
Eliňe bitýär-ä, tutaý elimden.
Eger lebiň sorup janym almasa,
Belki posaň halas eder ölümden.

Ynha, gözüm, gel-de, muny elläp gör,
Gulak goý, gyz, ýüregimiň urşuna.
Synlap seniň simap ýaly synaňy,
El-aýagym gurşup döndi gurşuna.

Bagyşla!
Wah, edil lal açan ýaly,
Teý, dilime owadan söz gelenok.
Ýok, men häzir biraz gaýrat etmeli,
Ýogsa jebre saglygym döz gelenok.

Bakylygyň ýanda bir ömür hiç zat,
Duýgulary ýaşyryp bir gitmäli.
Biziň bir-birege bergimiz kändir,
Oňlanmaýar bergi üzmän gitmäni.


Hüýrsypat gyza

Hawa, sen bugdaýreňk, owadan bir gyz,
Bolsa, sensiň Ferdöws iýmişin dadan.
Başga bir dünýäden inensiň öýder,
Dünýäň bir däldigne ynanýan adam.

Hüýrsypat syratyň uçjaga meňzäp,
Bir näzijek galdyraňda tolgunyp,
Goşulasym gelýär galdyraýşyňa
Golum bilen inçe bile tor gurup.

Saçyňdan, gaşyňdan ysgasym gelýär,
Ykjasym gelýär meň bolup gulpagyň.
Ýakalasym gelýär yhlasym bilen,
Näbelli güýç ýaryp barýar gursagym.

Ýüzüňden, gözüňden sypasym gelýär,
Ellerin galgadyp, göýä birini
Sermeläp tanajak bolýan kör ýaly.
Sen halas etmeseň edersiň heläk,
Meni beýle örtäp maksadyň näme?!
Men igläp barýaryn sen seretmeseň.
Nazaryňy i:nim duýsa jümşüldäp,
Tenim tikeneklär, eý melekbeden!

Şoň üçinem sen bar gyzdan saýlanýaň,
Şoň üçinem sen bar gyzdan owadan.
Ygtyýarmy gyz näziňe ýugrupsyň.
Görküň üçin söýmedim men,
maňlaýma
ähli gyzdan sen owadan doglupsyň.

Yns bolsaň yhlasym myratsyz galmaz,
Hüýr bolsaňam hüýli başym egýärin.
Behiştde bir seni görmek üçinem
Dünýäň keýpi-sapasyndan el çekip,
Sopy deýin ýaşanyma degýänsiň!

1533Gerekli
ezizhan
20.10.2019 / 17:08:09
+0
Guvanjovna, kimiñ goshgylary bular?
1533Gerekli
ezizhan
20.10.2019 / 17:09:49
+0
Guvanjovna, Seýitmyrat Geldiýewiñki diýýäñ welin kä birini gyz ýazan ýalyla
320Gerekli
Guvanjovna
20.10.2019 / 17:17:14
+0
Menä Seýitmyrat agan goşgular ýygyndysyndan alypdym
1533Gerekli
ezizhan
20.10.2019 / 17:20:43
+0
Guvanjovna, Borla jigim bize derñemek degishli dälle zyýany ýok.Özüñ gowymy?
320Gerekli
Guvanjovna
20.10.2019 / 18:03:55
+0
Shukur,agam,soranyña sag bol
320Gerekli
Guvanjovna
20.10.2019 / 15:34:44
+2
ai bu goshgularam okamansyñyz-aý☺?
1420Betinden
Ruhnama
20.10.2019 / 16:48:39
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+1

Tuweleme jora paylasyp yetirip dur okamasalar sag bolun
109Gytyndan
Mr.Banan
20.10.2019 / 17:17:30
"Енсандакилерем гор" дийп Аллам,
\nИки юз бермандир шона-да шукур.

+0

GOWY GOSHGYLAR EKEN

320Gerekli
Guvanjovna
20.10.2019 / 17:19:34
+0
Mr.Banan, sps,Söhbet akga

Soňky jogaplar:

Real 3: 1. Bawariya Psg 2- 1 Dortmund...Dowamy
Umumy bölüm | Uefa ⁴ den ¹ komandalar belli. ² den¹ prognozly yarysh
Ter stegens (Bu gün, 08:16:58)
garaburc, telefon yok wagty yatman kitap okayadynmy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
Relaxs (Bu gün, 08:16:40)
Bavariya 1---1. Real Borusiya 2-- 2 psj...Dowamy
Umumy bölüm | Uefa ⁴ den ¹ komandalar belli. ² den¹ prognozly yarysh
Ter stegens (Bu gün, 08:15:31)
Sonky surata sereda sen...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
garaburcs (Bu gün, 07:37:26)
Gowy yazyar Allanur...Dowamy
Edebiýat | "Dünýam senden göwnüm galdy, bilýamiň..?!"
Dogruçyls (Düýn, 23:24:38)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023