Ýada öñden kine saklap özgeden, Alyp ýörmüñ bigünäden aryñy. - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
17.06.2019 / 17:37:02
Tell the truth and then run.

+2

Bagyşla gadyrdan...

Bir birege kine etdik ýenede,
Indi dünýäñ özem bizden öýkeli.
Ýürekden ýürege ýol çeken söýgiñ,
Terpinipdir gursakdaky heýkeli.

Kineli bolsamam halyñy ýöne,
Gökden uçan durnalardan soradym.
Gabanýaryn seni özge gözlerden,
Hemem seni öz gözümden goradym.

Hatar gurap geçip barýar günlerem,
Ýol bolupdyr düýnki inçe ýodalar.
Menä seniñ barlygyñda ýaşadym,
Senem meni ýatlaýansyñ käteler.

Uzaklardan sözleşeli ikimiz
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüñmiziñ ählisi,
Bir biregi bagyşlamak barada...

***


Senden özge bu dünýäde kimim bar,
Ýanan ýürek, boşap galan tenim bar.
Ömür ýoluň duralgasy uýdugym,
Seňem yza dolanmaly çeniň bar.

Yşkyň ataş sabyr bolan külüm bar,
Açylsada ýylgyrmadyk gülüm bar,
Gözýaşlaryň gussasynda käteler,
Seni görüp, aglamaýan günüm bar.

Dertli halym, seň eliňde emim bar,
Uýdugym sen, pyşyrdaýan dilim bar.
Kükregimde doga saýyp adyňy,
Seniň üçin alyp ýören demim bar.

Dillenäýdä duýgularmy harlan gyz,
Bu dünýäde senden özge kimim bar...


***

Bu dünýäniň gussalarna çolaşdym,
Saýa boldy ýalňyzlygyň kölgesi.
Dözmelimi yşk derdiniň jebrine,
Gutarýança demiň gidip gelmesi.

Aňladym men, perwanalaň ýazgydyn,
Söýýän diýip oda atýar ömrüni.
Ýazylmadyk hakykaty dünýäniň,
Söýýänlermiz jebir berýar...Dogrumy..?!

Söýmäge rugsady soramadym men,
Bozdum dünýäň duýgy diýen serhedin.
Özümi hiç zatdan goramadym men,
Oýlamadym, arzuwlarmyň ertesin.
Bulut boldym damja bolup dammadym,
Diňe ygdym ýördüm, elewräp herýan.
Teşne boldum, lebim basyp ganmadym,
Sakasy takrady, joş uran derýaň.
Ädimleň astynda menziller ýatyr,
Söýgim gözýetimde, kiçelip gitdi.
Salgymlar käteler ynamňy ýitir,
Gün-günden, hassa deý çekilip gitdim.

Göwnümem geçipdi, söýgüden käte,
Aldan çagy bir ynamda syndyryp,
Köçede tapylan çilim dek ýada,
Zyňyldymmy bir tüssede dynylyp.
Hakykatmy ýa ýalanmy arada,
Ýada söýgüm çykdymyka çygyrdan.
Ähli goşgym diňe şol gyz barada,
Tessilisin gözleýardim şygyrdan

Gözümde müdümi surata dönüp,
Şol gyzyň, barlygy galypdyr pynhan.
Käteler, düýnleriň ýazgysyn dörüp,
Diňe birin küýsäp
ýaşaýar ynsan....
355DOST
Elif
17.06.2019 / 17:37:43
Tell the truth and then run.

+2

Allanur Caryyew.

1. Seniñ sôÿgiñ aglap dur
2. Gaban meni
3. Śahyrdan sorañ
4. Bagyśla gadyrdan
5. Senden ôzge bu dûnÿàde kimim bar.
6. Bu dûnÿàniñ gussalarna çolaśdym.
7. Kine
8. Hiç bir zadam ôñkûligne galanok
9. Wysal
10. Seret bu gûn
11. Sorag
12. Sowuklyk
13. Nàtanyś gôzel
14. Uzakdaky ÿakynym
15. Ÿûregñi diñle
16. Sen-à arzuwa meñześ
17. Sensizlik
18. Gijàniñ gôzûnde ot ÿakypdyr aÿ
19. Kime aÿan?...
20. Sebàbi nàme
21. Kaÿyllyk
22. Bolÿar hoś...
23. Gyz ahmyry.
24. Aÿtdyñ aÿtdym

320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 17:53:29
+1
Elif, Seniñ sôÿgiñ aglap dur
2. Gaban meni
3. Śahyrdan sorañ
4. Bagyśla gadyrdan
5. Senden ôzge bu dûnÿàde kimim bar.
6. Bu dûnÿàniñ gussalarna çolaśdym.
7. Kine
8. Hiç bir zadam ôñkûligne galanok
9. Wysal
10. Seret bu gûn
11. Sorag
12. Sowuklyk
13. Nàtanyś gôzel
14. Uzakdaky ÿakynym
15. Ÿûregñi diñle
16. Sen-à arzuwa meñześ
17. Sensizlik
18. Gijàniñ gôzûnde ot ÿakypdyr aÿ
19. Kime aÿan?...
20. Sebàbi nàme
21. Kaÿyllyk
22. Bolÿar hoś...
23. Gyz ahmyry.
24. Aÿtdyñ aÿtdym


bary-ýogy şujagazlary okasym gelýäääääää
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 18:51:32
+0
@Guwonjowna, seniñ internetden çykyp, öý işlerini we ejeñ-kakañ ýumuşlaryny edip olara 1 käse çaý berýän wagtyñ barmy?
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 19:00:46
+0
saňa agramy ýetýämi?
ýetişýändirin,girýändirin!utananokmy "ERKEK"halyňa gyza şeýle diýmäge?
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 19:02:23
+0
saýta geleniň düýn...eýýämden her ýere burnuňy sokma!özine gowy bor
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:04:12
+0
"Gowy türkmen gyzynyñ" asylly sypatlaryny jemläp beren ajaýyp jogabyñyz üçin ...
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 19:07:27
+0
Her kimiň özine görä bolmam barda!
jogap bn kanagatlanan bolsaň,adyň tutulmasa gürleme gaýrat et
320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 11:22:31
+0
Elif, Elif,ol saýtdan ýiten wagty we beýleki niklerinden girip,Oglanlara biderek suratlary ugradyp ýören wagty hem biz oňä nebsimiz agyryp,kömek etmegiň aladasyndadyk...ýadyňa düşýämi?"Taňryýalkasyny"aldyk öýtýän

ýöne ol bu edenleri bn özine hiç kimiň nebsi agyrmalydäldigini we özine menzeş "iň sonky "adam" bolmaly däldigini öwretdi
320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 11:24:56
+0
Elif, şo ýok diýip nastrenýämizem bolmazdy...Kakasynyň hünärini elinjek kabul edipdir"artist"
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 17:50:52
+0
haladym haladym hemmesi hemmmesiiiiiiiii
goýaýdaaaaaaa

355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:30:27
+0
Guvanjovna, gaty begenipsin welin tanyshyn oydyan ))
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 18:41:31
+0
agy,näçe gezek aýtmaly,köpçülikde aýtma şular ýaly zatlary diýip
355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:43:27
+1
Guvanjovna, ))
111Özümiziňki
Ependi
17.06.2019 / 17:56:17
+1
7. Kine

355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:28:38
+0
Ependi,
Kine...

Gijäň gözi gussa bilen gamaşdy,
umut ýok säheriň şatlyk bererne.
Agtaranym, 
düýşlerimde azaşdyň,
kine galdy ýorgudymyň deregne.


(Eger söýgä oýun diýip düşünseň,
irde giçde ýeňiş bolýar aýralyk.)
Bagyşlara bir azajyk üşügmiz,
awara deý gezip ýörkä,
aýňalyp,
sämän pikir bilen özün aklaýar.
Buýr-bulaşyk düýş göräýseň, 
unutma,
Mendirin şol,
hergiz seni ýatlaýan,
sensizlik derdiniň melhemi saýyp.
Aý ýüzüne perde çeken bulutlar,
gijäň gussasyna kölgesin çaýyp,
unutjak zatlarmy ýadyma salýar.


Seni bagyşlara sebäp gözleýän,
tapyljagy gümanama ýakynka,
hem gijäni oýarmaga dözmeýän,
senli düýşli hyýallarym ýatyrka.


...Gowy arzuwlarňy, ýitirmän sakla,
teselli bor, 
birgün dünýeden irseň,
hem tutaryk gözläp özüňi akla,
eger men şu gije düýşüňe girsem.
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 17:57:37
+0
Ýazylmadyk hakykaty dünýäniň,
Söýýänlermiz jebir berýar...Dogrumy..?!


dogry,getir Hasap depderiňi

Friendship
17.06.2019 / 18:07:14
+1
Gabandym...

355DOST
Elif
18.06.2019 / 10:40:23
+0
Friendship, vip ûçin sag boluñ
320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 11:23:17
+0
Friendship, Sapa biderek agzalary tanadyňmy?
320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 11:39:38
+1
Friendship, Seni gabanyp,oglanam boldy,gelnejede boldy
Aýdaý şoňa [i]"bularam sen ýaly biriniň gyzy...ýone sennen tapawutly tarapy bular Halal çörek iýip şu derejä ýetdiler!"diýip
we ýene goşmaly zat :onuň ýaly sonky sanawdakylar saňa gerekdäl!
[/i]
355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:32:50
Tell the truth and then run.

+0

Hiç bir zadam öňküligne galanok,
üýtgemeklik ýazgydydyr älemiň.
...Ýyllar boýy arzuw bilen talanyp,
bolsadylar myhmanyka täleýiň,

elim ýuwsam bagt hakynda umutdan,
bolsa bolsun arzuwalarym paşmadyk.
Ýöne käte barlygyňy unutman
kaýylyga labyrymy taşlasam,

degibersin ýalňyzlygam göwnüme,
täzelik däl öz göwnümi aldamak.
Gülkem bolar, ýaşap ýörsem ömrüme,
aýyp dälkä göz ýaş dökmän aglamak,

seni küýsäp, çygjaraýsa gözlerim,
soňam ýene öz-özümden utansam.
...Gussa bilen gutarandyr gözlegim.
Ýöne belki...
meni undup sen bir zatlar utansyň...?!


Wysal


Ýyllar menden ýasan eken düňle deý
aýanlygny hyýalynda çekeni.
Bagty gözlap seni tapdym dünýeden,
sygyndygym sen bolmaly ekeniň .

Bir söz diýdiň — tutuş ynsan kowmunyň
müň ýyldanam zybanyna gelmejek.
bagyş etdim, şonda saňa ömrümiň
pursatlarny — owaz bolsa diňlejek.

Ykbal maňa gülüp bakdy sen bolup,
içim ýakan ýyllar geldi amana.
Ömrüm meniň bir pursada deň bolup,
diňe şol gün ýaşan ýaly hamana.

Seni däl-de, meni saňa getiren
ýollar diýdi: "Näziň bolsa çeker bi".
Şol söz meni al-asmana göterip,
şol söz meni togabyňda çökerdi.

...Şu gün, ertir... ýyllarboýy diňmejek
yhlasyma, parh goýjak biri sen.
Sen bilýärmiň, mähribanym, dünýede
diňe seni söýmek üçin diri men.


Seret bu gün...


Seret bu gün pese düşdi bulutlar ,
Howa sowuk çapgyn ýel bar aýazly .
Gowsy bu gün öýden çykman otyrgyn ,
Ýyly pejiňize çoýup aýagňy .

Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde ,
Jany sagka iki sany agalaň .
...Seňem içiň gyssa gürleşmek üçin ,
Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň .

Ýa bolmasa öýüň körpe " hanynyň " ,
Gözi burlup salançaga ýetdigem .
Üwre şony , bolman durmaz saňada
Bahanamyz akja bäbek etseňem .

Gelnejeňä birazajyk dynç alar ,
Seňem näme çaga üwrän adyň bor .
Daşardaha üşärsiň sen ýenede ,
Ne üýtgeşik edip bilen zadyň bor .

Sallançakda ýatan kiçi " hanyňam " ,
Ullakan bir bolup durmaz azary .
( Sallançagy üwremekmiş ynsanyň ,
Edip biljek iň mukaddes azaby . )

Kitap oka , goşgy ýazyp bolmanda -
Ýürekdäki diyjeklerňi boşatgyn .
Daş çyksaňam ýyly geýin , bolýamy ?!
Üşäýmegin " janjagazy toşap " gyz .


Sorag


Pikirleriň aýanlykdan daşdamy,
Ýa-da özümmikäm aňardan ejiz.
Uzakdamy säwlikleriň yzasy,
Ýazgaryp günäsin öterden heniz?!

Bu ykbala gün-ä diýmek gerek däl,
Ýolumyzy özümizdik başgalan.
Gadyrmyza gadyr goýup bilmedik
Ýitirmeklik gorkusyndan daşdakak.

Düşünemok, bu gün bagt dymyp dur -
Birmahalky öz ýanyna çagyran.
Ýa-da söýgi salymyza aslyşyp,
Aýralyga taşladykmy labyryn.

Senem meni mençeräjik söýüpdiň,
Gizlemegiň hajaty ýok sözlemän.
Bu gün seniň gözleriňden agtaryp,
Edilmedik günälermi gözleýän.

...Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem öz göwnüňi aldamadyňmy.
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy?!


Sowuklyk


Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp, ynsan diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi d:aşada.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men
tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.

Gözlerimde ahmyr bolan ýaşlaram,
Owasynda ýöne ýere doňmady.
Gussasy kän sowuklykdy, sowukdy,
Maňa dünýäň bar eçilen sowgady.

...niräk baksam mähir küýsän dideler
arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.

320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 18:50:52
+0
Elif, niräk baksam mähir küýsän dideler
arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.
355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:33:34
Tell the truth and then run.

+0

Nätanyş gözel


Ol gözeliñ gözlerinde gussa bar,
Kim degdikä onuñ çaga göwnüne.
Gürlemeýär bir nokada bakyp dur,
Dünýäñ ýüki inen ÿaly egnine.

Käwagt hem uzaklara seretýär,
Ýenede hamsygyp süpürýar ýaşyn.
Ýoda ýasap ak ýüzünden solaksy,
Akypdyr syýasy sürmeli gaşyñ.

Pyşyrdaýar bir kişiniñ adyny,
Äheñinde sowuklyk ýok mähir ýok.
Beren ýaly şoña ähli zadyny,
Özgäñ berýän göwünlignem duýanok.

Kimkä onyñ göz ýaşyna sebäpli,
Kimkä onyñ halaskäri derdine.
Uzaklary gujaklaýan gözleriñ,
Belki, özi günälidir tersine.

Lälikmikä sähel zada gyýylýan,
Ýa çekerden ýowuzmyka ykbaly.
Aglaýarmy bir zadynyň ýoklugna,
Ýada şony ýitirmekden gorkýamy...

Uzakdaky ýakynyma....


Söz çygryna sygyşmadyk duýgulam,
Ahmyr bolup, gözlerimden damyp dur.
Şol gözeliň, söýgi hakda wadasy,
Ýüpsüz gelip salgymyna daňypdyr.
Goradym men şol gözeli sowukdan,
Gorapdyma aňzagyndan jahanyň.
Alyp gitdim kükregimde gujaklap,
Iň owadan, ýerlerine baharyň.
Doga etdim gursagymda adyny,
Şol gyz boldy zyýarata saparym.
Mährim gitse, sözlem bilen ezizläp,
Dymyp ýeňdim, gelen çagy gaharym.

Özgeleriň garaýşyndan goradym,
Gizledim men gussasyndan älemiň.
Bu gün bolsa düýşlerime ynanman,
Ýazgydyna garşy bolýan täleýiň.
Çare tapman, kimden haraý gozlejek,
Söýenmese umut atly tärimiň.
H:aky boldy, çekilmedik gussalar,
Däli deýin aşyk bolan kärimiň.

Arzuwlarmyň kölegesin gujaklap,
Sözem ýokdy, köşeşmäge diýere.
Duýgularma ynandymmy çaga deý,
Ýokdy ahyr, ýeke sebäp köýere.

...Ýalan dünýä neçün gülýäň üstümden,
Günä dälmi, dil ýetirmek söýene...?!


***


Ýüregñi diñle,
Ýüregmi diñle:
Urgusy meñzeş
heñmi?!

Gujakla dünýäm —
So:ra:rym ýaly :
"Gujagyñ dünýä
deñmi?!"

Gözlerme seret,
Özem köp gezek:
Didämde duran
Senmi?!

Bagt nämekä ?
Ol — senli mekan!
Hawa, çynym şü!
Geñmi?

Ellerimden tut
(Özem, berkiräk),
Diýerim ýaly:
Gelnim!


***

Sen-ä arzuwa meňzeş,
Umydyna aldanan men.
Ynam - kölge, barlygyň - yş,
Gerekligňe bir zada kem.

Yňan bolsaň arzuwyňa,
ýollar seňki, saklamaryn.
Agramy az arzymyňam
dogrulygny aklamaryn.
Indi sözleň täsiri az,
ýürek yňmaz, hyýalda däl.
Bolşuň şeýle galsyn ýöne.

...- Sen ýaly kän
hoş gal senem,
diýip maňa pitjiň at-da,
erbetdigmi ynandyr sen.
(Sen aýdaýsaň ynanaryn)
...- Kejirligim özlügim - diý -
näz etmesem, näz çekmerin...

Ýa bolmasa, göwnüm üçin:
- Sensiz günleň gyzygy ýok,
Sebäp saýanym bagtyma,
Arzuwdan wysala geçen,
barlygyň - diýip gaýtala.
(Mydam şeýle diýerdiň sen).

Gaýtalap diý:
- Gitseň eger,
Ýoklugyňda, ýekeje dem
Rowa görmez ýalan dünýä...

...Ýa-da hoşlaş,
Isle-de dym,
Ýöne aglamasaň bolýar.
355DOST
Elif
17.06.2019 / 18:34:34
Tell the truth and then run.

+0

SENSIZLIK.

Arzuwlamda arzuw seniň barlygyň,
Hiçkes tutup bilmez seniň ýeriňi.
Duýup galdym bu jahanyň darlygyn,
Haçanda sen goýbereňde elimi.

Sensiz maňa kynlygyny bilýärmiň,
Umytlarym öçüp barýar göwnümde.
Arzuwlardan daşa düşen dünýäniň,
Aýralygy ýükin goýdy egnime.

Sensiz maňa gyzygy ýok bagtyňam,
Garaňkylyk dumly duşa garansam.
Belki dünýäm mähriň bilen ýagtylar,
Gussalarma söýgiň bilen dolansaň.

Pikirlerme ýat bolupdyr sazlaşyk,
Sensizlige öwrenşenok didelem.
Duýgularmyň arasynda azaşyp,
Garaşýaryn, garaşamok diýsemem.

....Söýýän ýürek unutmagy bilmese,
Geljegni arzuwa baglaýan eken.
Ýary ýara garaşanda gelmese,
Gözler çyny bilen aglaýan eken.


***


Gijaniñ gözünde ot ýakypdyr aý,
ýyldyzlañ ýüzünde görünýar ünji.
Eger arşda kürsde bar bolsañ Hudaý
sähelçe bolsa-da teselli görsem,
şu pursat şeýlebir zerur ol, çünki,
men häzir däli deý heserläp ýörün.


Bu dünýä oýunmy?!
Soñuny saýman
utanlar akmakdyr, utylan haýran...
A onsañ janymyñ ýangyjyna men,
şu pursat bir teññä çalşmaga taýýar,
agzyma aş gatykladan dünýänem.


Añlajak kim,
duýgularym perişan,
tende ruhym,
kalpda höwes sowapdyr.
Basyp bilmez ýagym boldy arzuwym,
Bar ynamym - umydyma togapka.


Egnimdäki perişdeleñ depderi,
günäm bilen garalandyr,
bilýärin.
Tenim ýerde gördi dowzah ezýetin,
ruhym çeker jebrini o dünýäniñ.


...Boýn almaly ýalñyşlarñy,
başarsañ,
ýaşap, ömrüñ bir gününe degmedik.
Janym ýerde,
ruhym arşda elener:
Ol bagtly bolmak islän betbagt,
Men betbagt, bagtly bolup bilmedik.


Kime aýan....???


Kime aýan, kim düşerkä gabha pelek oýnuna,
Bu dünýäniň giňliginde, sygylmaýan darlyk bar.
Kimsi harlar, kimsi ýaryn hopba eder boýnuna,
Kä göwünde göwün geçme, ka göwünde zarlyk bar.

Kimsi däli derýa aşyk, kimsi gaýly deňize,
Kimler ýollar uzak diýer, kimler ýeter menzile,
Kim soldursa gül ýüzüňi, kimsi şöhle meňziňe,
Kä göwünde gussa düşlär, kimde göwün çaglyk bar.

Kimler dogry ädimiňi tüwdüräýjek göz tapar,
Kimler agyr hasratyňa derman boljak söz tapar,
Kimler bolsa aşyk bolup, söýýän diýer müň sapar,
Kimde aşyk bilbil saýrar, kimde gülli baglyk bar.

Kime ýaran sussypeslik, kimsi bolsa hoşdadyr,
Kimler şatlyk şowhun söýer, kimsi bolsa ýaşdadyr,
Kimseleriň duýgulary kämillikden daşdadyr,
Kimleň bolsa ýüreginde, söýgi diýen şalyk bar...



Sebäbi näme...?


Pikirleriň aýanlykdan daşdamy,
Ýa-da özümmikäm, aňardan ejiz.
Uzakdamy säwilikleň yzasy,
Ýazgaryp günäsin öterden heniz....!?

Bu ykbala gün-ä diýmek gerekdäl,
Ýolumyzy özümizdik başgalan.
Gadyrmyza gadyr goýup bilmedik,
Ýitirmeklik gorkusyndan daşdakak.

Düşünemok, bu gün bagt dymyp dur,
Birmahalky öz ýanyna çagyran.
Ýa-da söýgi salymyza aslyşyp,
Aýralyga taşladykmy labyryn.

Senem meni, mençeräjik söýüpdiň,
Gizlemegiň hajaty ýok sözlemän.
Bu gün seniň gözleriňden agtaryp,
Edilmedik günälermi gözleýän.

...Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem, öz göwnüňi aldamadyňmy.
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy....!??????????


Kaÿyllyk

O.Oraztaganowanyn aheninde...


Ol gyz meni goý söýmese söýmesin,
Çagyrmasa çagyrmasyn ýanyna.
A men bolsa arzuwlarma allanyp,
Ýene goşgy ýazaryn şoñ şanyna.

Gamgyn bolmaz ol goşgulañ biri hem,
Okan wagty meni ýatlap güler ol.
Käte aglap, bir meni däl ýenede,
Köp zatlary söýmänini biler ol.

Gussalarym ýüregime syganok,
Göz ýaşlarym şygyrlarma döküler.
Meniñ goşgularmy okanda ol gyz,
Şonda meni söýmänine öküner...



Bolyar, hoş...


Bolýa
razymy sen unudan dünýäň,
Söýgüsine özge eýýe çykarna.
Küýsemezmiň, meni islän arzuwyň,
Dideleňden göz ýaş bolup çykanda.
Gabanmazmyň, meni özge gujaklap,
Düýşleriňe talaň salsa, sähelçe.
Içki dünýäň, titremezmi gök kimin
Arman çekip oýanmazmyň säherde.

Unutdyňmy, ýa unudan bolýamyň,
Ýeň astyndan bakaňokmy gelerme.
Sen üýtgediň, men üýtgedim kim biler
Name berdi bize ykbal deregne.
Meni undyp gazandyňmy ýeke zat
Bozuldymy düýnki ýazylan adym.
Sen bugün üýtgeşik gürleýän boldyň,
Mensizlik dälmidi ýigrenýän zadyň...?!

Bolýa
razymy sen gülemde sensiz,
Ýa aglasam ynjamazmy gurasagyň.
Ýeller saňa ýetirmezmi ahymy,
Çaga deýin göz ýaş döken pursadym.
Ýyllar ötüp, özge ýigit keşbinde
Söýgi perişdesi sorasa halyň.
Sen şol gün diýmezmiň sessiz pyşyrdap,
Bir şahyr oglanda gidipdi janym..

Pozmarynam, garalaman adyňy,
Sen mensiz çydasaň menem çydaryn.



Gyz ahmyry...


Ynanjymyň päli aýdyň,
Beren sözüň wada saýdym,
Bu gün bolsa syrly aýdym,
Çelgi boldy söner ýaly.

Seň niýetiň bilmän eken,
Günäm sada ýörmäm eken,
Wah, gözlerim görmän eken,
Seň ýalanyň biler ýaly.

Üzülipdir, düwün ýok,
Arzyma kän, sözüm ýok,
Saňa dözüp bilemok,
Sen ýalançy diýer ýaly.

Indi haýp günä geçiň,
Uzaklarda galdy göçüň,
Meň ýüregim seniň üçin,
Duralga däl geler ýaly.

"Ynan" diýse diňlemesem,
Çözüp ykbal deňlemesin,
Duşjak saňa meňzemesin,
Pursat bersin güler ýaly.

Bagtym diýip begenemde,
Özge bolar deregiňde,
Dogulmandym geleniňde,
Gideniňde öler ýaly...

***



Aýtdyň,
aýtdym 
göwne degjek sözleri,
düşnükli düşnüksiz bulaşdy ara.
Dünýäň bize söýgi bolan dözmezi,
hiç zatsyz galypdy, bolansoň talaň.


Oýlamadyk söýgiň haly niçikdir,
gahar gazap rüstem wagty akyldan,
düşünjämiz düşünerden geçipdi,
şol gün, ynjalmaga sebäp tapylman,


göz ýaş bilen, ýas keşbine çolanyp,
"Hoş gal" bilen,
söýgä edipdik degsin.
Ýalňyşdygna giç düşünip ýalňyşdyk,
şeýdibem ähli zat gutardy,
eýsem
aýryşmaklyk üçin duşuşypmydyk.


Aýtmaly zatlarmyz şeýlebir kändi,
bagyşlap boljakdy bagyşlap bilsek,
bolmasyz zatlaram bolmaly däldi.
...Çygryna çäk goýup, çeninden geçen,
ikimizi baglaýan zat
ýogsada,
takdyra ten beren umydy dälmi,
sabyryň gyrmalan käsesin içen.


...Aýtmaly zatlarmyz aýdylman galdy,
aýtmasyz zatlary aýdanmyz üçin.

373DOST
SerVi
18.06.2019 / 14:30:57
+1
Elif,
Şygyrlar ucn sagbol ++++++++++ haladym

#Mira
17.06.2019 / 18:46:40
+1
arkaýnlykda okaýn ?
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 18:54:01
+0
@Elif, kopi paste mowzuk açyp ýadamadyñmy?

320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 18:58:54
+0
Demirdonly, a siz tapyň üýtgeşijek birzat
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:02:01
+0
Men täze üýtgeşijek zat tapsam, bu wagtky oturşyñdanam köp oturjakmy internetde. (Ya w shoke)
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 19:03:41
+0
Demirdonly, ony özim bilerin!özin norm iş etmezden ile at dakma kim bolsanam,düşüniklidirä brat?
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:05:53
+0
Ballym senli gürrüñ gutardy.
320Gerekli
Guvanjovna
17.06.2019 / 19:05:57
-1
Demirdonly, goňşy gepçi daýzalarymyz ýaly"Kim näme etýärkä?'"diýip oturma-da,öz işiň bn bol gaýrat et-de!Adyň tutulanda gelersiň...oňa çenli "Ekilmedik ýerde gögerme!"
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:07:55
-1
Algydary gyssap öýüne baranynda, ýaşap ýadanlary hem görüpdim. (Tanyş duýgy gerek?)
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:09:23
-1
Saña duşjak äre žalka. Blaa gyzmaý sen asla
1924Täzeje
Demirdonly
17.06.2019 / 19:22:55
-1
Sizde +1 myhman
Bu ulanyja diňe dostlary şahsy hat iberip bilýärler
Guvanjovna
Soňky gelişi: Bu gün, 19:15:04




sen ýaly gepçi kopbilmişler bilen agzymy deňemägede int hem gynanýa
Bu gün, 19:14:58 | Poz

men sen ýaly görenime goşulyp ýoremok,mana duşjak bn isiň bolmasyn




teswirim giutardy


özinem Betoglana menzeýän
Bu gün, 19:12:33 | Poz

@Guvonjowna, "ballym" ine señ meniñ şahsyma ýazan "gyz gylykly" hatlaryñ.


Ine-de meniñ saña beren jogabym "Onda name ucin deñeýäñ ballym şahsy hat ýazyp. Pikirlere girde sen we sen ýalylar barada edilýän gürrüñi oka!"

(Agzalardan gizlin gürrünimiñ ýoklugy sebapli seniñ hatlaryña jogaby şu ýerde berýän. Şahsyma gelip balagyñdan baýdak parlatma!)
320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 07:53:30
+1
Demirdonly, natjekda her kim ozinde baryny berya

#Mira
17.06.2019 / 19:37:13
+1
oo gurçykly gürrüň şörik gerek eken
355DOST
Elif
17.06.2019 / 22:43:47
Tell the truth and then run.

+0

Geñ...

320Gerekli
Guvanjovna
18.06.2019 / 07:40:55
+1
Elif, namesi geñgy?samsyklardanam bir gen gorulermi?

Sheker
17.06.2019 / 23:31:42
+1
"Kirpigimden aslyshanda damjalar"
diyip bashlayan goshgysy bardy.Ady "Goresim geldi"oydyan.Sho yok eken.Elbetde ,bu goshgylar hemmesi daldir.

355DOST
Elif
18.06.2019 / 10:42:01
+0
Sheker, hawa, hemmesi dál

Friendship
18.06.2019 / 14:15:58
+1
Men-ä hiç zada düşünýän däldirin.
170Ýaşuly
Durdyeva
18.06.2019 / 18:00:02
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+0

Gaban meni özgelerden,
Özge gözler bakan çagy.
Gaban meni düýşlerimden,
Seni küýsap ýatan çagy.

Gaban meni
170Ýaşuly
Durdyeva
18.06.2019 / 18:01:41
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+0

Elif uzakdaky yakynym suny goyay men un
625Gerekli
Mähriban
19.06.2019 / 16:50:52
+0
Dogulmandym geleniňde,
Gideniňde öler ýaly...

Dogry diýýär

Soňky jogaplar:

Dark_Wolf, saýtda oturýanlar ýetýämikä 50ä)...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Filamingos (Bu gün, 16:59:39)
Galamyñ ötgür bolsun...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
MODERATORs (Bu gün, 16:43:52)
Mahri, ýokla, özüm däl. Dile geldi, diýip göýberdim. Synçylygym bilen ýazylan kyssa...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Dark_Wolfs (Bu gün, 15:47:57)
Görmegeÿ yigit Batyr diysene)) bu yazylan zatlardan Selbinyyazyñ habary barmyka?...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Mahris (Bu gün, 15:29:24)
Cepbekey, haha, biljek sen özi :D...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Dark_Wolfs (Bu gün, 15:13:51)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023