Kyn mesele... - Halanlaryma goş
Teswirler:
296Betinden
Chary
15.06.2019 / 05:54:17
Garranyňa gynanma,boş geçiren wagtyňa gynan !

+2

Biri aýdýa diýýä "Şeýle kyn mesele mende bolsa bolmaýarmy"—diýip Hawa,durmuşda bu, kä adam üçin kyn bolýan mesele, başga biri üçin ýetilmez bagt. Kä bir zady mysal üçin söwda meselesi,iş meselesi diýen ýaly köpüň iş tejribesini göz öňüne tutmaly ýagdaýlar bolýar ýöne öýlenmek meselesi her kimiň öz çözmeli meselesi bolsa gerek,sebäbi adamlaň häsýeti ,dünýägaraýşy deň däl ahyryn.

182Betinden
Gumlygelin
15.06.2019 / 07:09:03
+2
Chary, "Şeýle kyn mesele mende bolsa bolmaýarmy"-diýäýdiñmi agam.Gelnejem eşdäýse birden bu mesele señem başyña düşäýmesin agam)))-D
296Betinden
Chary
15.06.2019 / 12:10:51
+2
Jigim gorkuzmasana,başga biri diýipdir diýdimä öňünden
296Betinden
Chary
15.06.2019 / 22:31:01
+0
Şony diýsene inim,nebir 25 ýaş eldekä,öýlen diýip durkalar bizä "Kyn mesele" diýip ýaýdanyp durmazmykak diýýän
596Betinden
Gürgençli
15.06.2019 / 22:34:56
+1
Ýaşlyk edýälerda. Belki siziň ýaşyňyza ýetende özi hem şu mowzugymy ýatlap neme edip oturar
596Betinden
Gürgençli
15.06.2019 / 22:37:34
+0
Mowzugyny****
296Betinden
Chary
15.06.2019 / 22:39:41
+0
Aý,indi öýlenmek hasam aňsatlaşdy dälmi näme
296Betinden
Chary
15.06.2019 / 22:52:31
+0
Ohow,beýle bolsa onda bizeň oňaly öňkimiz bilen
182Betinden
Gumlygelin
15.06.2019 / 23:10:21
+0
Agalar ýylgyrtdyñyz...Könäñize taý geljegi ýokdur ýene...
Şu @Ýunusada goşgam goýan boldum tamasynda düşünsin diýip.Atakaka Çary aga bilen pyýada kazylar bolup ejesiniñ diýýän gyzyna NIKA gyýyp beriñ.Uludan toý tutup.Onsañam bir diñläp göreliñ @Ýunusyñ ýüregini)))-D
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 23:33:04
+0
hehe Atakakaaa dayy taze gaynena owrenishmek kyn bolany ucin yene genjemi saylardynyzmy
170Ýaşuly
Durdyeva
15.06.2019 / 06:31:20
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+1

Hakykatdanam kyn ekeni yagdayyn

596Betinden
Gürgençli
15.06.2019 / 06:35:31
+1
Durdyeva, pikiriňem ýazda
596Betinden
Gürgençli
15.06.2019 / 06:34:13
+1
Barbir öýlenseňde öz diýýän gyzyň bolmasa uzak ýaşaşyp bilmezmikaň diýýän

170Ýaşuly
Durdyeva
15.06.2019 / 08:29:29
+1
Gürgençli, name diyeyin men ona enen atan garsysyna git diyiba biljek dal sebabi herbir ata ene oz cagasynyn bagtly bolanyny isleyar il deninde ile gosulmagyny isleyar yone su mahal oz diyyan gyzyny tapmadyk bolsa jigime rugsat beryan dp ata enesine aydaymasa dusundiraymese basga care yokda

Lachyn
15.06.2019 / 06:56:48
+1
Mena diýýän gyzyny tapyanchan oylenme diýjek.Ejen dagam garaşyp yadarda inini oyererler
1946Täzeje
Manisha
15.06.2019 / 07:44:33
+1
Ene-ata hem erbet adamy alyp beresi ýok. Ulularyñ diýenini etmegi maslahat berýän. Galanam durmuş señki, birwagt ejemi diñlmedigim üçin häzirem içim ýanýar. Şonuñ üçin her bir ene- ata perzendiniñ bagtly bolmagyny isleýändir. Senem diñleseñ hor bolmarsyñ.

1950Täzeje
begenc9595
15.06.2019 / 23:04:24
+0
Manisha, hakyky gürüň şunyňa
718Özümiziňki
suey
15.06.2019 / 08:03:10
ishläsim gelŷän ishde ishläsim gelŷär

+1

Mañlaŷyña ŷazylanyny göräŷmeseñ. Durmush bu toŷ güni görshüp 25 ŷyllap agzybir душа в душу ŷashap ŷörenler hem bar. 5,6 ŷyllap söŷshüp bir ŷyla galman aŷrylyshŷan hem bar. Esasy zat aljak gyzyñ mashgala hakdaky ponŷatiŷasy gowy bolmaly.

MILANA
15.06.2019 / 08:42:04
+1
Adam ykbaly öz elinde bolsa, her kimem öz göwün beren ynsany bilen ömür sürerdi welin, ol beýle däl-dä. Allatagallanyň saňa ýaşaşmaly ynsanyňy özi saýlap, nesibeli wagty-sagadyňy gabatlaşdyrar-da, durmuşa özi saýlap ýol açyp berer. Sen onsoň, galan, ýöremeli ýoluňda ädimiňi nähili ätlemeli, we menzili nädip geçmeklik barada özüň alada edip başlamaly.(meniň düşünişime görä) Ýokardan çözgüt gelýänçä, biz saňa diňe kanagatly bol, sabyr et diýäýmesek...

1943Täzeje
Tumar
15.06.2019 / 08:46:44
+1
Ene- atada erbet mashgala salgy bermez. Yuwash yuwash ysnysharsynyz. Onum gelenden sonum gelsin diyipdirler. Men shindem okunup yorun ene-atamy dinlemedigim uchin.
1950Täzeje
begenc9595
15.06.2019 / 23:00:07
+1
MILANA, hakyky şu aýtýanyňa
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 09:01:01
+2
Wah,Ýunus,maňada guda bollularda eýýäm,ýogsam,özüm barardym


Mergen
15.06.2019 / 09:25:39
+1
Guvanjovna, içini ýakma-da
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 09:26:58
+2
şo maňa ýazan goşgularyny dowam eden bolanda içini ýakmazdym Mergen akga
793Öwreniji
Sofia
15.06.2019 / 09:29:30
+1
Guvanjovna, biri cyny bn tema achypdyr,sen bolsa oyun yadyña dushya.
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 09:34:46
+2
hehe

Mergen
15.06.2019 / 09:40:39
+1
Guvanjovna, oñarýañ onda

Mergen
15.06.2019 / 09:42:16
+1
Mira! Yunus diyilyan kellesi bn söwüşip ýörenleñ birimi ýa?
1679Betinden
spagetti
15.06.2019 / 10:21:46
+2
Guvanjovna, senem Betoglan, Janin, Gahryman minuslap otyr öýdýän?. Ban diýilen zat ýalan ekenä
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 10:23:45
+2
aýtmassana ýüzsiz eşşek bolmajyn bolýa özä
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 10:24:25
+3
@foton agza bn saňada barar häzir süplük
1679Betinden
spagetti
15.06.2019 / 10:27:25
+3
Guvanjovna, minuslap otyr. 78 sapan minuslady oýdýan Janin bilen Betoglan. Gahryman nigi bilen indi başlar

Mergen
15.06.2019 / 09:39:07
+2
Durmuş gurmak kyn mesele, howa kyn mesele. Ylaýta-da ýaşyñ ulaldygyça mesele has kynlaşýandyr. Sebäbi sen gitdigiçe ynjyk bolup başlaýañ. Gyzlaryñ kemter ýerlerini has gowy görüp başlaýañ. A kemsiz bolsa gözel ýok. Haýsy birini tutsañ bir zatlarda kemter gaýdyan ýerleri bolýa. Şujagaz ýerem ol pylan gyzyñky ýaly bolaýsa boljak eken diyyansiñ. Ýöne hemme zadyny gabat getirip bilmersiñ.
Şoñ un irrak öýlenmeli, gözüñ doly açylmanka. Ýagny gyzlaryñ diñe husny-jemalyny gowy görüp, höwas edip yörkañ. Beýleki taraplaryny gözüñ görmeyarka...
Ýene bir zat, ir öylenseñem, gic öylenseñem doly dereje-de özüñe mynasybyny, hemme taraplaýyn gabat gelyanini tapyp bilmersiñ. Nahili kellañ işlese-de Hudaý duşuraýmasa bilip bilmersiñ, edil häzirki jemgiyetçilik gurluşumyzda şeyle ýagdaý. (Onuñ sebäbi bar, şahsy gürrüñ ol).
Şonuñ ün Hudaýy çagyryp öýlenip goýber ene-atañ diyen gyzyna. Şu wagta çenli özüñ tapynmadyk bolsañ şeydaý. Ene-ata-da ýamanlykda däldir we biraz tejribesi señkiden kändir... (hemmetaraplaýyn)

274Gerekli
Sabryna
15.06.2019 / 13:04:07
+2
Mergen, bu meselede señem pikiriñ bar ekenow?
56Gerekli
Asuda_durmush
15.06.2019 / 09:48:42
Oda ŷansañ çürśersin, sana yaramaz bolorsyn. Bir ojagyn odyna ŷanaşma gowsy...

+2

Menä añyryujy öñde soñda öýlenmek kimdir biri bilen maşgala bolmak niýetiñ bar bolsa, ol gyzyñam biderek göwüngeçer kemçiligi bolmasa öýlende goýber diýýän. Durmuş guramdan soñ ylalaşmaryn ýa düşünşip ýaşap bilmerin diýen aladañ bolsa onda alyp berjek bolýan gyzyñ señ bilen öý maşgala bolmak islegi neneñ şony biljek bol. Iki taraplaýyn öý bolmak niýeti bar bolsa täze guran durmuşyñyzam allanäme bolar. Onsoñam söýşip öýlenseñem söýüşmän öýlenseñem barybir maşgalañ içinde kiçiräk agzalalyk düşünşmezçilik boluberýä. Şoñ üçin öýleneñsoñam biderek sözleri aýdyp göwnüne degip ýörme. özümä halaşman bardym. Gül ýaly durmuşym bar. Aslynda adamym meni başda öýlenjek bolan gyzynyñ içini ýakmak üçin alypdyr. Guda bolnansoñ bildim bar zady. Soñ gepe gidip toýy ýatyrjak bolup urşubam gezdi. Bagtyma şol gyzy swidanýada başga biri bilen göräýipdir. Ýogsam hiç zat ýok ýerden ile ryswa bolardym. Toýdan soñ allanäme boldy. Indi men diýip ölüp ýatyr. Gaýtam şo günler seni ynjytdym diýip gynanmak gynanýar.

Diýjek bolýanym bagtyñ nirden geljegi belli däl. Onsoñam şu nika gyýylma däbi ýöne möne däldir. Iki ýaş juwan biri birini söýsün ysnyşsyn diýip gyýylýar. Nikada ýöne möne söz aýdylman güýcli dogalar okalýar. Nikadan soñ biri biriñizi has gowy görersiniz. Gözüñe hüýr bolup görnür nesip bolsa.

858Özümiziňki
yurejigim
15.06.2019 / 11:50:34
+1
Asuda_durmush, dogry aytyaňyz.Menem hekayamdaky gyz ertir comda biri bilen tanyshypdy.öñki söz aydan gyzy oglanyñ sözüni alman bagtyny gidiripdi.Yogsa oglan soñk gyzy söyende hic hili tananokdy.Bagtyñ hacan nirden geljegi belli däl.Ol gyzy söyensoñ erbet tarapy bar bolsada görmezlige saldy.Gyz hem sheyle söyülyänini bilip oglanyñ göwnüni yykmady.Oglandan has beter söydi.Yöne häzir olar toy edenok.Sebäbi oglan okap yör
220Gytyndan
Путешественник
15.06.2019 / 13:06:44
+1
Allajan oz soyen yaryna gowysdyrsyn! Bagtly bolun
201Täzeje
Sepil
15.06.2019 / 09:52:15
+1
Derdimiz dost ekenay

56Gerekli
Asuda_durmush
15.06.2019 / 09:58:52
+2
Sepil, senem kime oylenjegnibilman ser sepil bolup ýörsüñmi
201Täzeje
Sepil
15.06.2019 / 18:27:25
+1
Men halasam ejem halanok, ejem halasa men... Dusinjesi pes gyz islamok. Ozumem dusundirjek bolaryn yone alyp biljek gyz az.
1870Özümiziňki
Akpamyk_Ak
15.06.2019 / 10:33:05
+1
Hazir turkmencilikdede kici bolsun uly bolsun tapawudy yok kimin òñurti manlayy acylsa oyeryaler sen oz saylan gyzyn bolmasa oylenme yol ber jigiñe ozune gyz tapyp yetishmedik bolsan tapyancan garash ejem kakam mana shol gyzy zor bn alyp berdi men ejem kakamyn yuzunden gecip bilman oylendim diymersiniz yalak men ozumde bolan zady aytdym sebabi ar ayal arasynda dawalashylya sowulishilya shonda ejeni yada kakany gunakarlemeli bolya gowunlerine kop degmeli bolyar yalnyshma gowja pikirlen!!!
1773Täzeje
Umman
15.06.2019 / 10:50:37
+1
gyzynam, oglanynam dertleri bir. yany mekdebi gutaran 17 yashlymykañ oydyan welin, 1 aydan yash 25. shu ir cykmaly, oylenmeli diyyanleri dogry eken. yashyn ulaldygyca durmusha dushunyan. dash toweregine seredyan welin, ayrylyshyan haysy gayyn gelin onushmayan haysy, adamsy gezyani haysy. onson ozune layyk adam tapjak ya-da tapyljagyna namut bolyañ. derdinize dushunyan. gyz bolsamam
858Özümiziňki
yurejigim
15.06.2019 / 12:46:47
Dushmanym maña yamanlyk diyip edyär.Özüne iki esse bolup degyär

+1

Meñ diyjegim birbgyzy göz öñüñe tutup shol gyzyñ gowy gowy taraplary bilen erbet taraplaryny deñeshdirip görüñ.Gowy taraplary köp bolsa ownuk ushak kemciliklerini görmezlige yada düzetmäge calyshyñ.Bir kensiz gözel bolmaz.Siz doly islegiñize görä gyzy näce gözleseñiz hem tapmarsyñyz.Yashyñyzyñ gitdigice siziñ yagdayyñyz has kynlashar.
274Gerekli
Sabryna
15.06.2019 / 13:03:24
+1
Meñ pikirimce ene-atañy diñleseñ shol kem bolmaz.olarda tejribe kan.saýlan gyzlary erbet bolmaz.galanynam sholaryñ saýlan gyzy bn gòrush,gurlesh.gowja gyz bolsa,dushuniship bilseñ öýlen.wagty gelip öz saýlan gyzyñ hem ene-atañ saýlanyndan artyk bolmaz.Sòygi diyyan zada kellañi agyrtma.nikadan soñky sòygi zadyñ ceni-caky bolmaz.nikadan soñ shondan bashgasy gözuñe ilmez.
919Gytyndan
Shapak_A
15.06.2019 / 13:25:15
+1
Dogrudanam kyn mesele...Hiç kim sana dogry maslahat berip bilmez.Dine özün çözmeli bolarsyn.Ene-atan diyenini et-de öylen diysek,onuşmasañ...Öylenjek gyzyny özün-de söymesen-de biraz gowy görüp öylensen gowy bolar.Söygi diylen zad-a dine kinolarda bar welin...Onda-da durmuş gurjak yanyoldaşyny birazam bolsa gowy görseñ yagşy-da.Sen bolsa eyyam ol gyzy birhili göwnänok.Aşa alçak diyyañ.Nesibedir belki ininden önünça duydansyz bir gyza duşarsyn-da öylenersiñ.Yöne,durmuşda hökman her bir adamda kemçilik bolyar.Agzybir yaşajak bolsañ hökman yanyoldaşyndaky kemçilikleri geçirmeli bolyar.Bu durmuş kanuny...Bagtyñ açyk bolsun bally kime öylenseñ-de durmuşyñ şowly bolsun! Onat pikirlen!!!
182Betinden
Gumlygelin
15.06.2019 / 13:48:54
+3
Meñ göwnümde köşk gurduñ,
Özüñ hany-soltany.
Men saña örklenipdim,
Paýlaşam deý,bir jany.

Sen şeýle bir ornaşdyñ,
Ýitip gitdi menligim.
Añmaýan öz göwnümiñ,
Menmi ýa-da senligin.

Öz-özüme orun ýok,
Senden doly göwnümde.
Hat-da maña ýalan deý,
Sensiz geçen düýnüm-de.

Şeýle baglanar ýaly,
Gandallañok erkimi.
Onda gudrat nämekä?
Saña baglan örkümi.

Ol gudratyñ syryny,
Öñem açan barmyka?
Ol gudrat biler bolsañ,
Tañryñ baglany NIKA.

G.Annagylyjowa

Bu mesele biziñ elimizdäki zat däl diýip düşünýän.Öz wagtyna-sagadyna barsa kyn mesele diýeniñ ap-añsatdyr jigim.NIKA gyssan güni öz-özi bolar duruberer,duýmanjyk durkañ.Esasy zat iri-giji ýok,haçan toý etseñem bagtly bol jigim.

182Betinden
Gumlygelin
15.06.2019 / 13:50:56
+2
Gumlygelin, *paýlaşam-paýlaşan
489Gerekli
erkin1997
15.06.2019 / 14:11:05
Dostlar durmuşda size diñe üstünlik arzuw etýärin

+1

Hawo dost bu durmuşda mesele kop ýöne meniñ meselam menin halaýanymy enem atam göwnänoklar
220Gytyndan
Путешественник
15.06.2019 / 14:19:48
Allanyň gahar etmeýänligini görüp aýnama, Möhlet berýänligini pikir et we gork!.

+1

"Pygamber sunnetin berjay kylayyn diysen oylengin" diyya Magtymguly atamyz
In gowsy oylenip dynanyn gowy bolaymasa menem entekler oylenesima gelenok weli oydakilerem oylendirjek bolyalar olarada yok diyp bilemk sonun ucin in gowsy oylenip ene atamyn gownin yykman oyleneninden gowsy yokmyka diyyan menem yogsam entekler sen yaly oylenmek barada pikirlenmeyadimem weli nadjek oylenmelida oydakilerem gitdigice yasy gidip barya oyede gelin gerek bolyada onsan nadip yok diyjek olara
355DOST
Elif
15.06.2019 / 14:24:20
Tell the truth and then run.

+2

Shu meselede aklym ôzûme ÿetsedi, size maslahat bererdim

220Gytyndan
Путешественник
15.06.2019 / 23:04:22
+1
Elif, ay howwa entek ikimiz biraz yashyrak gelyas shonun ucinem maslahat berjek bolup azara galmaly))

Soňky jogaplar:

Käbir ýerlerinde gramatiki ýalňyşlyklar bar, ýöne temasy-pikir ýöredişi ýarady. Şol Selbinýazy 1-2-hepdelik öýe alyp gaýdyp bolmazmyka bizem tertiplär ýaly :lol:...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Poliss (Bu gün, 12:05:44)
Her eline çupa çups gysdyryp yrypdyrda))...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
iDragons (Bu gün, 12:01:42)
Agsam okaryn)...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Dogruçyls (Bu gün, 11:58:51)
Yo o oglan jalaya menzeya gyzy yrsa gowja oynap gitjek yaly duygy bar...Dowamy
Edebiýat | Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Jenapxs (Bu gün, 11:55:26)
Gusgy bilen anew hic wagt bile egzamene girmeya bolan waka bolsada yapa yanaymaly eken nowca apada...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Garaşylmadyk bagt (bolan waka)
Jenapxs (Bu gün, 11:54:23)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023