Ýazgyt. (sonetler çemeni) - Halanlaryma goş
Teswirleri:
666
Malvina
11.06.2019 / 17:55:50
+6
II
Men henizem dünýäñ jeñinden aryp,
Skripkam bilen galamda ýeke.
Zaryn notalaryñ ýüzüni sykap,
Ýeñledýän ýüregmiñ agramly ýükin.

Gör men onuñ bilen neneñsi syrdaş,
Ol maña sendenem gowy düşünýä.
Aglasam ýalandan köşeşdirenok,
Gazaplansam ýüplik bolup üşinýä.

Ejizligmi ýada ýalñyş endigmi,
Ýüzüme basmagam oñ añynda ýat.
Ýöne zaryn sesli dünýä geleniñ,
Nalasy dünýämi eýleýär berbat.

Agtaryp notaly kitap gatlaryn,
Okap ýörin dilsiz söýgiñ hatlaryn.

373Hakyky dost
SerVi
12.06.2019 / 01:41:41
+2
Malvina,
ajayyp şygyrlar tuweleme
666
Malvina
12.06.2019 / 01:46:18
+1
Malvina, sag bol gülüm!
666
Malvina
12.06.2019 / 01:46:54
+1
sag bol gülüm!
666
Malvina
11.06.2019 / 17:57:52
+5
III

Okap ýörin dilsiz söýgiñ hatlaryn,
Ýöne kemlik edýär onuñ duýgusy.
Alajym bamy nä gözlerme bakyp,
Söýülmegmi isleýänim duýmasañ...

Geçen tomsy bu güýz basdy bagryna
Ýapraklaram porhan bolup tans etdi.
Asmanyñ lebinden syrygan ballar,
Gelip ene ýeriñ garnyndan öpdi.

Ýyllañ pasyllarnyñ söýgüsi çäksiz,
Olar günler biler gurýar yşkybaz.
Diñe men ters gelen täleýe gargap,
Düñle goýun deýin eýleýän serbaz

Ýadadym wysalsyz arzuwmy ýaryp,
Umytly günleriñ süññüne garyp.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:00:18
+4
IV

Umytly günleriñ süññüne garyp,
Köp gezek agladym, köp gez kemsindim,
Bagtlylaryñ guwanyplar daşyndan,
Olañ beýik söýgüsinden ymsyndym.

Bokurdagym dalde ýüregim çişdi,
Angina deý iriñ aldy damarlam.
Göwnümi seýikler berkidip bilmez
Süñklerimiñ orta bili omurlan.

Mergi baglap pis açanda tenime
Melhemini eçilmedi atgulak.
Kesilen aýagmam sen taýa ätmez,
Ätsede ýol alyp bilmeýär jolak.

Lezzetli günleriñ möwrüti ötdi,
Reşdelenen yşgym göýdügip gitdi,

1679Gytyndan
spagetti
11.06.2019 / 18:05:53
+1
Malvina, gaty mraçnylaý
666
Malvina
11.06.2019 / 18:07:54
+2
Yzy kopdur entek. Goyup otyryn okaber dogan
666
Malvina
11.06.2019 / 18:02:48
+4
V

Reşdelenen yşgym göýdügip gitdi,
Ýasin okap oña beriñ ýeñillik.
Ýaşajaga goldaw berer müdimi,
Maddy däl hoş sözler bolsa köñüllik.

Gysylmagyñ näme parhy bar munda,
Öl ýere biten dil öz işin etsin.
Ýagşylygy halyk bilen takdyryñ,
Ýumşan mähremlegne gözlerim ötsin.

Galmasyn aýdylman sözleñ ýagşysy
Sözlerden ýylylyk duymagam lezzet.
Ajygan yşgyma yhsanyñ bilen,
Sen haçan gelersiñ etmäge hezzet...

Sen düşseñ ýadyma gözýaşym düwme,
Ygrarsyz lebziñden gan öýdi göwne.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:05:04
+4
VI

Ygrarsyz lebziñden gan öýdi göwne,
Takatsyzlyk aldy sabyrlañ ornun.
Sen henizem düşüneñok halyma,
Käte köpçüligiñ içinde görnüp.

Biz nämüçin ile meñzeş bolmadyk?
Söýüşýänleñ bizden nämesi artyk?
Ine şu sowallar mydam añymy,
Jogap tapjak bolýar gysymlap garpyp.

Señ bolsa şol öñki biparhlygyñdan,
Gezip ýörsiñ öz ugruña güýmenip.
Bir söz diýsem jogabyna näme bor,
Dymýan geljek gaýtargydan eýmenip.

Ýakynlaşyp bolman soñ daš aradan,
Tanyş bolup galmak nädip başardar.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:07:08
+4
VII

Tanyş bolup galmak nädip başardar,
Tanyşlygyñ deñesinden geçen soñ.
Söýýän diýip arzuwlaryñ içinde,
Geljegiñiñ ýazgydyny biçensoñ.

Ýa bu zatlar saña salsyz oýunmy?
Eger şeýle bolsa gutlaýan ýeñşiñ.
Utulan men bolup galsamam ýalñyz,
Boýun almak agyr geler ýeñlişim.

Çünki bu närsäniñ düzgünin aýtman,
Señ bir özüñ, ýeke gördiñ gyzygyn.
Indi saña näme aýdyp bilerin,
Durmuşda-da, oýunda-da jyzagym.

Arzuwlap dañynyp görüpdim öýme,
Söýmänem başarman, diýseñem "söýme!"

1603Öwreniji
Foton
11.06.2019 / 18:11:35
+1
Malvina, ozun duzyanmay?
666
Malvina
11.06.2019 / 18:15:40
+2
Malvina, hawa. Eygilikmi?!
1603Öwreniji
Foton
11.06.2019 / 18:20:31
+1
Malvina, howwa-la, 5 gram ichip otyrkan dagy okap berseler aglatjaga munyn.
1603Öwreniji
Foton
11.06.2019 / 18:21:45
+1
Malvina, Gowy manyda diyyandirin. Edil ich gepletmani shygyra gechiren yaly bolupdyr. 1000 sany +
666
Malvina
11.06.2019 / 18:23:51
+2
Okanynyza kop sag bolun dogan!
1603Öwreniji
Foton
11.06.2019 / 18:26:30
+1
Malvina, Ay okamasyna okadym welin. Gaty gynandyrday yone. Birinin taryhy yadyma dushup gitdi.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:10:21
+4
VIII

Söýmänem başarman, diýseñem "söýme!"
Söýerin, söýjegmi bilýansiñemle.
Käteler özüñiñ bolup ýörşiñe,
Ýeke galan wagtyñ gülýänsiñemle.

Gülekligñe beletligmi unutma,
Gaharyñam ýok ahyry meñki deý.
Ýene bir zat etäge çen görmändim,
Oglanlaryñ näzlerini señki deý.

Näz etsem ýaraşsa, ýaraşar maña,
Seni bolsa ownuk görkezýär o-hal.
Meni suwdan sykyp oda daglaýar,
Senli pursatlardan döreýän ahwal.

Tanabilmän ýazgydyma gargany,
Ahmyr bolup ýañlanyp dur armanym.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:15:09
+4
IX

Ahmyr bolup ýañlanyp dur armanym,
Şirwan perdä galdy bir kirşli dutar.
Onuñ gulagyny gowşadylmasa,
Dar gursak bagşynyñ gaýnawy gut:ar.

Onsañ ýasamalyk başlanyp ýene,
Jukguldylar alar notalañ ornun.
Goşgynyñ manysy üýtgäp şo pille,
Saýgartmaz setirler, kemliger bogny.

Diñleýjisiz galmak sungatly kişä,
Diri tabyt münmek bilen deñlikdir.
Bir kirşiñ sazynyñ mazasy bolmaz,
Dutar ücin iki kiriş demlikdir.

Dogry çalnan sazlar kalplary awlar,
Ýas tutýar ruhumda çag bolmaz çaglar.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:19:53
+3
X

Ýas tutýar ruhumda çag bolmaz çaglar.
Çagdyr bu çaglardan sowuldy döwran.
Haçan geler dolanyplar söýgüleñ,
Bagtlylykdan berýän ezýeti öwran.

Ýañak çukanagmy görmäge zar men,
Aýnadan özüme bakýar nätanyş.
Daşymdan köplerem diýýäler geñläp,
Meniñ soñky günler bolşum başgamyş.

Gabaklarma seçme degen mysaly,
Çintik-çintik gyzarypdyr bir gaty.
Sen bilýäñä aglan wagtym gözlerme,
Elýaglymyñ jeza bermek adatyn.

Söýgiñ baharynyñ gülleri soldy,
Ömrümi näletleñ teýine saldy.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:22:38
+4
XI

Ömrümi näletleñ teýine saldy,
Tikilmedik ketinimiñ sarysy.
Garpyşdy ýürekde tutda-bas bolup,
Erkeklik hem zenanlygyñ arasy.

Başymy henizem ýaglyk goraýar,
Çigreginden oktýabryñ şamu-ir.
Ýüñ gyñaçdan bolan bolsam ýaşmakly,
Boýnumyñam ýylap durjagy kepil.

Tor guran ahwally günler owarram,
Owarrama gitsin saçymyñ bagy.
Edilen lebizler ýatdan çykanok,
Galan ýatlamalar özüme ýagy.

Çagyrýar ýanyna gollaryn salgap,
Düýrügen arzuwmyñ Jelaly aglap.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:25:35
+2
XII

Düýrügen arzuwmyñ Jelaly aglap.
Gijeler düýş bilen ýanyma gelýär.
Eli bilen dişlerini goparyp,
Agysyny kesýär, aýylganç gülýär.

Şol düýşi yzgider görýänim üçin
Sadakada paýlap gördüm köp gezek,
Öýde ýüzärligem tütedim o gün,
Arasyna goşup kükürt, it tezek.

Peýdasy degmedi namazlygyñam,
Mazarlañam başujynda ýatdym men.
Ahyry barlykdan tapylmaz nepi,
Ýene seniñ yšgyñ bilen tapdym men.

Sen bilen gorkusyz ýollarym rowan,
Dem alsam sen bolup jan berer howam.
666
Malvina
11.06.2019 / 18:28:51
+1
XIII

Dem alsam sen bolup jan berer howam,
Öç bermedik gyzamygym jäjeklär.
Ýalgyrşyñ rahatlyk berer göwnüme,
Sesiñ alfañ sazy bolup gujaklar.

Aýñalyp aýagma galsam sen bilen,
Günler söýgi bilen bagryna bassa.
Mydama döşüñe sežde ederin,
Bu giñ dünýä içre ýüregim gyssa.

Asyla gysybam durmaz ol indi,
Barlygyñ barlyga degmeýärni nä?!
Wysalyny gözläp ýören arzuwma,
Seniñ yşgyñ jogap bermeýärmi nä?!

Söýgüm, duýgym, ömrüm, ýaşaýşym dowam,
Saña garaşmaklyk söýgüme güwäm.
1498Täzeje
niyazberdiyeva
11.06.2019 / 18:29:21
+1
666
Malvina
11.06.2019 / 18:32:44
+1
XIV

Saña garaşmaklyk söýgüme güwäm.
Dolanmaz ýaşlygmy wagta bererin.
Sen maña gussañy serpaý eýleseñ,
Men seni saz edip not:a bererin.

Goşgular ýazaryn adyña baglap,
Eser bolmasa-da aýyp-syn etme...
Haýyşym nirede duşsañam, ýazan
Senli setirlermi okaman ötme!

Ýalkasañ ýaz bolar saddylla ýüzüm,
Gargasañ gahryñdan gözlem aslyr.
Hak Hudaý gorasyn ýowuz ykbaldan,
Bolmasam bor, sensizlikden basylan.

Hiç wagt görmäýin seniñ pozlanyñ,
Ýazgydyma ýalyn bolup ýazlanym.
187Gytyndan
#Mira
11.06.2019 / 18:35:29
Gaplaň bir gezek ýüziňe arlar,güjik müň gezek arkaňdan hawlar...

+1

😔😔😔😔😢😢😢😢
666
Malvina
11.06.2019 / 18:38:23
+1
Magistral

Ýazgydyma ýalyn bolup ýazlanym...
Men henizem dünýäñ jeñinden aryp,
Okap ýörün dilsiz söýgiñ hatlaryn,
Umytly günleriñ süññüne garyp.

Reşdelenen yşgym göýdügip gitdi,
Ygrarsyz lebziñden gan öýdi göwne,
Tanyş bolup galmak nädip başardar,
Söýmänem başarman, diýseñem "söýme!"

Ahmyr bolup ýañlanyp dur armanym,
Ýas tutýar ruhumda çag bolmaz çaglar.
Ömrümi näletleñ teýine saldy,
Düýrügen arzuwmyñ Jelaly aglap.

Dem alsam sen bolup jan berer howam,
Saña garaşmaklyk söýgüme güwäm.

Laçyn Öwezowa
558Gytyndan
Золушка
11.06.2019 / 19:00:15
Терпения ключ от рая

+1

Gowy setirler .
Sag bol paylashanyña 👍🌷🌷🌷

666
Malvina
11.06.2019 / 19:03:16
+1
Золушка, sizem okanynyza sag bolun uyam!
561Özümiziňki
Khabib
11.06.2019 / 22:41:51
+1
👍👍👍👍👍👍👍
373Hakyky dost
SerVi
12.06.2019 / 01:43:00
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Kop sagbol Lacyn şygyrlar ucn dowamly bolsun ustunlik sana
206Gytyndan
ahrί 🌸
12.06.2019 / 06:06:40
Bir kişä ÿylgyrmak hem sadakadyr.😊

+1

Gussaly setirler😔😔😔😔
Soňky teswirler
Öÿdäkilere bir ÿere äkidäÿ diÿseñ hüññür-hüññür edip, müñ gepiñ bashyna ÿetip äkidÿäler. Özüñ awtobuslap gitseñem yzyñdan jañ edip “munyña birhili boldy, aÿtsañ alyp gitjegä” diÿÿäler Özüm-ä mashyn sü... dowamy
Gürrüňdeşlik | Zenan ata çykanda...
Lunluchi (Bu gün, 04:08:02)
Çynym bn hezil edip güldüm super tema :rofl: :D... dowamy
Gürrüňdeşlik | Süýji ýatlamalar ýa-da geçip giden ýaşlyk 2
SerVi (Bu gün, 02:14:19)
Gyzlar gelneje bolpdyr Gelnejeler gyz bolup dur :D... dowamy
Edebiýat | "Dostluk.ru" saýtynyñ agzalaryna bagy$lap ýazan go$gym (degi$me äheñinde)
SerVi (Bu gün, 01:59:35)
☪ ATAKAKA ۞, Sizem şahyrmy :D... dowamy
Edebiýat | "Dostluk.ru" saýtynyñ agzalaryna bagy$lap ýazan go$gym (degi$me äheñinde)
SerVi (Bu gün, 01:56:34)
Ruhnama, uyam men saña birwagt name diyipdim Ependini eşegi bn alyp gel diyipdima bir mowzukda yadyndamy :D asyl ol barde ekenä... dowamy
Gürrüňdeşlik | Hiç Ynanma!
SerVi (Bu gün, 01:44:55)
wWw.Dostluk.Ru 2018-2019 ýyl
Ähli hukuklar goragly
© Aly Ilamanow
Statok.net