Ýazmasy kyn düşen ýene bir ýazgy!!! - Halanlaryma goş
Teswirleri:
1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 06:38:11
+3
Mümkinçiligi bar bolanlar, mowzuk köpçülige çalt elýeterli bolar ýaly WIP edip bermeklerini haýyş edýän!..
1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 06:43:35
+2
Emma gynansakda içimizde anyk düýbüne maglumaty az bolan, gurak öwrenilen, maksady bilmeklik dälde howsalaly kabul etmeklige ýykgyn edip beýnesinde buz ýaly gatap galan pikirleri eremediklerem bar entäk. Ol hem näme diýseňiz, Meselem, şular ýaly (ondada imenno Gökdepe söweşiniň gürrüňi açylsa). Aý, türkmenler birleşmedi, Marlylar gelmedi, gelse eýle bolardy beýle bolardy diyip taktika düzüp ugraýarlar, özleriniň aňy ýukalygyny edip.
206Gytyndan
ahrί 🌸
05.06.2019 / 06:50:51
Bir kişä ÿylgyrmak hem sadakadyr.😊

+1

Nähili wagshylar, okañda bir hili erbet bolÿañ...😔😔😔😔sag boluñ, paÿlashanyñyza
206Gytyndan
ahrί 🌸
05.06.2019 / 07:22:11
Bir kişä ÿylgyrmak hem sadakadyr.😊

+2

Gökdepe galasy

Seniñ belent diwarlaryñ gum boldy,
Gyrmyz gana gark edildi aÿtymyñ.
Türkmen üçin ahyrzaman gûn boldy,
Tary-mar edildi köñül aÿdymyñ.

Sen namysyñ göbegisiñ öÿdüldi,
Özgäń mertliginiñ nyśany bolduń.
Sen nijeleñ umydyny köÿdürdiñ,
Özgäñ śöhratyna nyśana bolduñ.

Näçe mertlik gördük, näçe namartlyk,
Gatlatynda ÿatyr mertlik, namartlyk.
Biz olary unudupdyk bir wagt,
Trakaÿa gośgy düzüp ÿörüpdik.

Bir gün ganymyzyñ teÿinde ÿatan,
Ruhuñ wulkan deÿin galdy belende,
Ÿûregimde parçalandy namysym,
Gylyç gylyja azy urdy serimde.

Men jeñi ÿigrenÿän,
Zulmy ÿigrenÿän.
Śolañ ÿatlamasam, ÿazgydam gursun.
Ÿòne, eÿ, Gökdepäñ beÿik galasy,
Kalbymda ÿeñilmän, merdana dursuñ.


Öwezdurdy NEPESOW.

1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 07:28:23
+0
ℳahrί 🌸, birijidenä WIP üçin sagbol, hem goşgy üçin ))!
584Täzeje
garraya
05.06.2019 / 08:26:54
+1
agzalalyga getirjek zatlaram yazylan eken

50Özümiziňki
ATAKAKA ۞
05.06.2019 / 08:46:57
+1
garraya, hakykat hakykat bolýar, ata-babalarymyzyň ýalňyşlygy üçin bu wagt kelle almaklyk akmaklyk, taryhdan bahana gözlenilse hemme halklar biri birini gyran, ýöne öz taryhymyzy SSSR döwründe bir ýok etdiler, indem kän ýatlanylmagyny ündäp baranoklar,
584Täzeje
garraya
05.06.2019 / 17:15:10
+0
" Eger şol wagty Watan üçin ar namys üçin uruşmadyk bolsalar, bumat dünýä ýüzi seniň adyňa TÜRKMEN dälde, MITIS diýerdiler"
su yerine diyipdim. a tak millet diylen zat yene 100 yyldan (belki ondanam ir) biderek dusunje bolup galaymasa
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 17:43:03
+1
garraya, dos mowzuk achana acypdyr welin bilgisiz birinin aydan sozuni name ucn barik yazypdyr ol ayry mesele. Watan soweshsiz berilmezem gazanylmazam watan ucn soweshmek gowy zatdyr. Yone mitis... onda maryllar yada balkanlylar mitis bolyada... yazyarka muny pikirlendimika. Ikem ak patsha gelmaka turkmenler bn name shertnama etjek bolyanyny bir owrenip yazan bolsa gow bordy. Ak patshanyn islan zady
1. Demir yol gechirmek
2. Guljylygy ayyrmak
3. Alamanjylygy ayyrmak (eyranyn ustune gyrnak ol bu diyip cozup yormez yaly)
4. Kop heleyligi ayyrmak.
Urush bolmazlyk ucn shu zatlary islapdir. Shu zatlara kayyl bolsalar hanlaryny turkmenlerin ozleri saylamaga hak beripdir. YONE SHONKY UCH ISLEG KIMLERE YARAMAJAGYNY OZUN GOW BILYAN. Maly puly bolanyn sozi gecher. Garyp bendede name etsin chagasyny mashgalasyny goramok ucn urushar.
195
Topban
05.06.2019 / 18:08:54
+0
Seň bu ýazanlaň iş ýüzünde şeyle. Aslynda olara orta Aziýaň pagtasy we başgada käwir önümleri gerekdi.
271Betinden
Pegas
05.06.2019 / 18:08:57
+2
serdar123, ýokarky sanan sebäpleň häki bir syýasat üçin aýdylaýýan bahanalar, edil Buş kakaň Yraga çozanda tapan bahanalary ýaly. Aslynda Ak patyşaň maksady ilkibaşda Hindistana ýol açmakdy. Soň bolsa, Hindistany eýelän iňlisleň özünden öňürdip Türkmenistanyň ýerlerini eýelemezligi.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 18:19:58
+0
Topban pegas siz yalnysh dushundiniz elbetde ona tmnin kabir harytlary gerek elvetde inlislerden onurti yerleshmek gerek shon ucn demir yol gechiryar shon ucn urushsuz boyun egmegi talap etyar. Yogsa shoncha chykdayjy edip Tm topraklarna gelmezdi. Yone siz yokardaky mowzugyu doly okamansynyz otayda MITISLIK gurrun gityar. Turkmenler shu zatlara boyun bolanam bolsa we tmleri hakyny berip ishledenem bolsa pikir edemok TMlerin mitis bolup galjagyny. Yagny syyasy girdeyjini gelip mitislige baglamak....... . Nahili dushundirjegay mena bilmedim.
1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 18:36:38
+0
Mowzuga sen düşünmänsiň beýlekiler däl.
Saňa list list ýazyp hemme zady öňüňe çeýnäp taşlardym weln, emma Gökdepe galasy erteki, bolanlygy hem nägümana diýdiň weln, sözümi zaýaladygym boljak ekenligine düşündim
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 18:46:02
+0
Dost biderek listleri zayalama welin. Menin mowzuga dushunmansiniz diyen yerim barmay. Gayrat edip yazylanlary doly we dogry okajak bolda.
195
Topban
05.06.2019 / 19:04:32
+0
Mitis diýlen ýeri mowzuga degişli däl. Ol ýöne bir bellik, köpçülikde ýüzugra aýdan gep ol
1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 19:25:01
+0
Düşündiräydä şoňa şuny.

Söweş, Gala hakynda hiç hili ynanjy ýok, ýöne MITIS diýilen söz ýüregini agyrdypmyş.
195
Topban
05.06.2019 / 19:41:38
+1
Ashakdada bir, Halylarymyzyn bahasy 100gr araga cenli dushupdir diysem,arak shonyaly gymmat bolupmy diyyara
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 19:45:24
+0
Dos aslym menin Gokdepeden ursha gatnashanlaram bar. Hatda Dykma serdar bn garyndashlygymyzam bar. Indi bashdaky yazan teswirimi tazedenem bir okap gor. Onsan sen name dushunyan. Eger shondada dushunmesen shahsyna yazjak.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 19:51:14
+0
Ha biram aydyshym yaly aslym Gokdepeden urshada gatnashan aslym bar. Yone urushman hem ruslara tabyn bolan welayatlarmyz bar. Bulary bir pikirlenip gor onsan senin mowzugyna bellik edip goyan zadyn yerliklimi ya dalmi bilersin. Yokardaky agzada shony uatlady AGZALALYK DORWDIP BILJEK ZAT diyip agzap gecipdir.
772Täzeje
Sahragul
05.06.2019 / 21:53:15
+1
"Urşa gatnaşan aslym bar"diýipsiñ,aşakda teswirleñ birinde"beyle gyrgynçylyk,beýle gahrymançylyk bolandyr öýdemok" diýipsiñ nähili düşünmeli? Uruş bolarda gyrgynçylyk,gahrymançylyk bolmazmy?
50Özümiziňki
ATAKAKA ۞
06.06.2019 / 20:31:50
+0
düşündim, 100 ýyl dälle 20-30 ýyl ýetik, şu wagt başga milletlere äre baryp, gyz alýan köpeldä,
271Betinden
Pegas
05.06.2019 / 08:33:36
"Her setirim ruhumdaky ýaramdyr..."

+2

Gala ýygnanyp urşulmagy ýalňyş. Gowşut han, Nurberdi han ýaly hanlaryň 2-nji Gökdepe urşuna çenli eýýäm ýogalmagy hem gaty agyr ýagdaý.
Türkmeniň hakyky Watançylyk urşy, ine, şu!

50Özümiziňki
ATAKAKA ۞
05.06.2019 / 10:12:03
+1
Pegas, hawa, bu hem türkmeniň gözsiz batyrlygy, watan üçin, ar-namys üçin ölümden gorkmazlygy bilen bir hatarda dikdüşdiligini, men-menligini hem görkezýär
271Betinden
Pegas
05.06.2019 / 11:32:10
+0
☪ ATAKAKA ۞, temada agzalan Juma Hudaýgulyň "Ýere gaçan ýyldyzlar" publisistik makalalar toplumynda hem bar, Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk dagynyň jowranyp-jowranyp düşündirenlerine garamazdan, uruşmagyň, özem tutuş ahal ilini gala ýygnap uruşmagyň tarapdary bolýalar. Öýkeledýäler olary şeýdibem. Dykma serdary ilçi bolup barýar welin, orslar заложник alýalar. Eýýäm 1-nji Gökdepe urşunda (türkmenleň ýeňiş gazanan urşunda) Nurberdi hanyň ogly Berdimyrat han (şol wagtky Ahalyň baş hany), Dykma serdaryň ogly Hakberdi han, Amangeldi Gönübek wepat bolýar. Garaz, жалко...
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:01:56
+0
Pegas, (atakaka) barde taryh yazyarlar yone taryhy dine oka diyilshi yaly okayarlar hatda awtoryn diyishi yaly MEKDEPDE OKAMADYNMY hem diyip bilyarler. Yone bir pikirlenin Dykma serdara donuk diyyarler. Aslynda Dykma serdar donuk dal TURKMENLER TARAPYNDAN IBERLEN AGENTDIR. AGENTLER HEM URSHUN GORUNMEZ GAHRYMANLARYDYR. We haysy urushda bolsa bolsun, yenish hokman agentlerin getiren yada iberen bilgileri bn yada urush esnasynda gizli eden hereketleri aldowlary bn gazanylyandyr. Indi ozuniz SKOBLEWIN yerinde bolsanyz name ederdiniz. Usti ustunede onem iki gezek yenlip giden bolsanyz. Turkmenleri gumyn ichine goyberermidiniz. Gumun ichinde gyrgynchylyga ugramazmydynyz. Onda bu gurgunchylygyn onuni almak ucn ilki ishiniz TURKMENLERIN ARASYNA BIR YADA BIRDEN KAN AGENT SOKUP TURKMENLERI GALAN ICHINDE GALMAGA YKNA EDERDINIZ(YRARDYNYZ). WE GALAN ICHINDA GAPANA SALAN YALY EDIP OZUNIZIE HICH HILI ZYYANCHYLYK CHEKDIRMAN GALANY DUMDUZ EDIP ADAMLARY GYRARDYNYZ. Buda bir sowesh sungatydyr. Taryhy dupduz okamak bn ne syyasy ne ekenomi nede sowesh sungatyny bilimini ylmyny gazanyp bolmaz.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:08:14
+1
Pegas, Yagny TURKMENLER DYKMA SERDARY AGENT EDIP IBERISHLERI YALY RUSLAR HEM TURKMENLERIN ARASYNA AGENT SALANDYRLAR.
50Özümiziňki
ATAKAKA ۞
06.06.2019 / 20:42:45
+0
hawa, Gönübek kitabynda şeýle ýazylan:

Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradaky
mesele öz-özünden çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň ant içmegini talap etdi.
Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe işanlaryň, mollalaryň, aksakgallaryň arasynda duran Kerimberdi işanyň öňünde
elde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bilen gurhanyň aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki elini
gurhana degrip, ýüzüne sylsa-da bolýardy. Agyr märeke:
— Orazmämmet! Atalyk! — diýip, gygyryp başlady. Halkyň
talabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.
— Sen bir akmak halk ekeniň! — diýip, Orazmämmet han
aýtdy. — Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmak
bolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin.
Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar!
Ol şeýle diýdi-de, gurhanyň gapdalyndan geçdi. — Men size
Atalygyň namart däldigini subut ederin — diýip, Atalyk görgüli
aýtdy. — Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky
nähak ýola iterýän adamlardyr. Ine menem geçýärin!
Müňläp-müňläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bilen şondan soňky aýylganç wakalar bilen biziň aramyzda keserip
ýatan heläkçilik çäginden aňry ätledi.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 10:39:40
-1
Men shu diyilyan zatlara doly ynanomok. Hatta Gokdepede galasynda beyle GYRGYNCHYLYK yada beyle GAHRYMANCHYLYK bolandyr oydemok. Bolan bolsa dowlet hokmany yagdayda shol gahrymanchylygy, watan uchin wepat eden WATANCHYLARY hokman yagdayda bizin aydyn geljegimiz ucn, geljekki gujurly altyn neslimize owrederdi. Hatda gechen yyl turkmen taryhyny doly we dogry owrenip bilmemiz ucn TURKMENISTAN- BEYIK YUPEK YOLYN YUREGI diyip at berdik. Yone hich hili agzalyp gechilmedi, yatlanmady. Diymek yalan yada nadogry waka. Belkide Gokdepe galasy duyip bir yerem yokdyr.

1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 10:55:45
+0
serdar123, Mekdep zat okamadyňmy körpe. Name diyip otyrsyň
629Öwreniji
Max well
05.06.2019 / 10:56:31
+0
serdar123, Tuweleme serdar.Sena taryhy tazeden yazarsyn nesip bolsa.
320Özümiziňki
Guvanjovna
05.06.2019 / 10:57:42
-1
serdar123, köşeş
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 11:02:55
+0
Dos gayrat etde korpe sozuni bashga birine ullan gayrat etde. Mekdepde ikinji dunya urshynam okadyk we dowlet tarabyndan yatlanyar. Eger taryh dogry bolsa munam yatlardylar. Belkide kitaplardaky yalnyshdyr. Kitaplarada dogrysyny yazarlar nesip bolsa.
1782Özümiziňki
Dark_Wolf
05.06.2019 / 11:44:48
+0
Men saňa ýekeje bir zat aýtjak.


Sen we seniň ata babaň - ene mamaň, müň ýyllyklaryň dowamyndan tä şu güne çenli BEÝIK TÜRKMEN adyny güne ýatyp şöhratlap gelmediler. Diş dyrnak bolup gazandylar, sakladylar, yz goýdular. Biziň, ýagny geljekgi nesiliň ýüzi gyzarmasyn diyip ar namysy, türkmençiligi, ýer ýurdy gözüniň göreji deýin, hatda janyny, başyny orta goyup rowaçlap gezdiler.
Sen şu döwrüň türkmen nesili bolup, diňe şolaryň ady bilen dünýä tanaýandyr. Şony ýadyňdan çykarma.
Bu meselä men giňişleýin girip bilemok, sebäbi men seni tanamok.

Irki asyrlardan Oguz han, Gorkut ata. Has soňra Görogly, Alp arslan, Baýram han. 17-18 asyrlarda bolsa (ýer ýüzüniň hormat goýýan ussady) Magtymguly we ş.m bilen, bitiren işleri bilen, taryhyň bilen ýüzüňi ýokaryk göterip ýöreniňi ýatdan çykarma. Sen entäk öz taryhyňy özüň bileňoga. Bu ýokardaky şahsyýetler hakyndaky entäk özümizde arhiwi doly öwrenilmedik maglumatlar Londonyň, Parižiň muzeýlerinde saklanylýar.

Sen we sen pikirdäki nesilleriň bolmazlygy üçin taryh öwrenilýär, okalýar. Geçmişiň bolmadygyň şu güni bolarmy? Sen 40-50 ýylky geljekgi nesiliň üçin näme goyup gidip biljek? Eger hiç zat goyup bilmeseň, şol ýyllarda häzirki nesiller Bill Geytsiň aýfon hakyndaky taglymatyny öňe süräymeseler.

Has irki döwürlerden tutmagymyň sebäbi, sen şolara bir ynanýaňmy diyjek boldugym. Ýogsa Gökdepe söweşine entäk 150 ýyl hem bolonok. Sen şoňa ýalan diýip otyrsyň.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:05:48
+0
Dos sen muncha zady mana yazyanchan ilki yazylanlardan BIR MANY CHYKAR. MANY CHYKARYP BILMESEN YNAMYNAM BOLMAZ. MANYNY TERSLIKKAN OKASAN YNAM BOLYANDYR..... Neyse yokarykham bir teswir yazdym otayynam oka.
772Täzeje
Sahragul
05.06.2019 / 12:43:33
+1
Dogrudanam Gökdepe galasy diýen bir ýer ýokdur diýip pikir edýäñmi?
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:51:55
-1
Howwa yokdyr oytyan. Belkide son guruldy metjidi gurmakalar. Giden zat guryarlar bir iki sany hayat gurmak kyn daldira.
195
Topban
05.06.2019 / 14:42:19
+1
Ikinji jahan urşy SSSR-iň duzuminde bolanymyz ucin yatlanya, rus-turk urshunda ýeňen rus patyshasy turkmenleri birinji gezekde boyun egdirip bilman masgara bolup gidenligi üçin, dine Gökdepani almak ucin harc edilen serishdeler ondan onki we sonky bolan kabir urshlardan kop goyberilipdir. Orslar ucin masgaraçylyk bolany ucin yatlaslary gelenok. Gaytam turkmenler meýletin bize goshuldy diyen bolyalar

Ya men yalnyshdymmyka
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 15:02:52
+0
SSSR ucn dogry diyyan. Yone SSSRin yykylanyna 28 yyl boldy.
772Täzeje
Sahragul
05.06.2019 / 16:13:20
+0
serdar123, Soñ ony kim we näme sebäpden gurdularka?
772Täzeje
Sahragul
05.06.2019 / 16:18:03
+1
serdar123, We diñe ikinji jahan urşyñ ýatlanmagy,taryhymyzda başga hiç hili uruşuñ,ýeñşiñ bolmadygyny añladýarmy?
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 17:06:06
+0
Gelen pullary nirak goyjaklaryny bilman, gorunjek bolup guran bolaymasalar.
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 17:07:41
+0
Ikinji dunya urshundan on dunya bir bamyka urush yenish bolsun.
195
Topban
05.06.2019 / 17:59:11
+0
Ýykylsada orslaň täsirinderäk)
339Özümiziňki
Mergen
07.06.2019 / 12:51:25
+1
serdar123, özüñe aslyñ Gökdepeli diýipsiñ welin, seniñ hakyky Gökdepelidigiñe örän ullakan şübhäm bar...
Başga aýdara zadym ýok saña. Gitde eneñ-atañdan soraşdyryp gör, başga ýerden alan bolaýmasynlar seni
1024Özümiziňki
serdar123
07.06.2019 / 12:54:02
+0
Ay dosjan men oz aslymy gaty gowy bilyan welin. Sen shutak yazylanlardan bar dushunip bilen zadyn shu bolsa, men sana name diyeyin.
195
Topban
05.06.2019 / 12:26:15
+0
Türkmen halylarynyn bahasy 100gr araga düşüpdir. Ruslaň arak içesi gelse gala gidip 1 2 sany haly getiripdirler
Ofiserleň aýally ärlerine hat ýazypdyrlar türkmen haly getirmeseň öýe geläýme dp

Skobelew asyl turki halklaryny yigrenipdir (yalnyshmasam ejesiniň ölümi bilen bagly bolmaly)

1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:29:37
+1
Topban, Osmanly bn urshup ISTANBULA chenli girip gaydan komandir. Hatta turk taryhyna JELLAT SKOBL diyip ady galyar.
633Öwreniji
Redmi
05.06.2019 / 12:30:39
+0
Topban, arak gymmat bolupdyrmy
1024Özümiziňki
serdar123
05.06.2019 / 12:33:05
+0
Topban, al sana hakyky sorag. :-)
633Öwreniji
Redmi
05.06.2019 / 12:33:12
+2
Topban, gala yygnanmaklary bir yalnyshlykdy, gaca urush etseler belki beylede bolmazdy, koneurgenc hem sheydip guyjuni yitirdi ahyry soltan jelallediniň kakasy goranmak gornushinde urush etmegi buyrany ucin
271Betinden
Pegas
05.06.2019 / 12:48:38
+0
Topban, Skobelewiň özem bir jelep bilen ýatyrka şol jelep tarapyndan zäherlenip öldürilýär.
195
Topban
05.06.2019 / 12:59:41
+1
Ejesinia Skobelewin in yakyn dosty öldürip, menem öldürerler diyen gorky bn türkler öldürdi diyyan bolmaly
355Hakyky dost
Elif
06.06.2019 / 11:33:24
Tell the truth and then run.

+2

Ÿazmasam kyn dûśse dûśendir welin, okamak bilen teswir ÿazmagam añzat dûśmedi...

355Hakyky dost
Elif
06.06.2019 / 11:35:11
+0
Elif, añsat*
111Täzeje
Ependi
06.06.2019 / 18:04:42
+2
Orslar ol wagt uruş etmese bolmaz, gelýän goşuny gyrgynçylyga bermeli hemde baýatmaly talaňçylyk bilen. Goşun şony isleýärdi, bahana bolsa kän. Hemme döwrem şeýle. Aslynda, ors milletinde ýürek ýok, olara talaň pullar, şaýlar gerekdi. Ýaňy adam bolmadymy orslaram, 80% ýurdy mongollaň ýerleridi, gündofar tarapy. Özleri eýe çykan boldular. Taryhy geografiýany alsaň, gaty uzaga gitmek gerek däl: 140-130 ýyldan öňem olaň ýerleri biziň ýurdumyzdan gaty ulam däl. Aýtsaň aýdyp oturmaly, nemeslerem diňe özleri ýeňen ýaly edip gürleýärler. Kinolaryna seredip gördümizmi iň bolmanda şolaryň? Doganlyk halklardan ýekeje kişem ýokdur üns berseňiz. Bardyr birlän-ikilän, ukrainmi belarus. Ol görgüliler esasy kösenen, uruş olaň ýurdunda bolansoň goşan boluşlary. Olarmy, olar, orslar, entegem aňy açylanok biz ýaly halklar bolmadyk bolsady, orsuň birwagt tekizlenerdi, ýüzüniň ugruna. Mongollaň orsy ýüzüniň ugruna alşy ýaly. Bu wagt territoriýalary uly, ýarag synamak üçin boş meýdan näçe kän. Nämüçin onsoň ýaraga ökde bolmasyn. Umuman alanyňda, orslar diňe özüni bilýän halk. Saňa ýagşylyk etsede, diňe öz bähbidi üçin eder. Aýtsaň aýdybermeli, kän çäkseňem oňat däl

1155Täzeje
mithun
06.06.2019 / 19:25:40
+0
Ependi, Meñ pikirimçä her halkda da gowsam bar, erbedem!
111Täzeje
Ependi
06.06.2019 / 19:48:05
+0
Näma esaslanyp aýdýaň muny? Meselem
1155Täzeje
mithun
06.06.2019 / 19:32:42
+1
Skobelyew hakynda hem su zady okapdym bir yerde: Ol Wenada( yalnysmayan bolsam) myhmanhanada bir yenles ayal bn bolanda öli tapylypdyr.
Su yerde bir zat yadyma dusdi, arada bir maryly turkmen yigidi gara atda dur we ol sey diyyar: Gokdepa komege baryardyk weli, atlarynyz gara diyip, Änewden añryk gecirmediler.( dogry dusunersinizda).

1024Özümiziňki
serdar123
06.06.2019 / 19:38:54
+0
mithun, gaty dogry zat aydypdyr:-)
771Özümiziňki
Awara
06.06.2019 / 21:37:05
+0
Menem bilýänjämi aýdyp galaýyn, dogrusy men şu tema goşulmak niýetimde ýokdy. Ýöne, ýokarda bir teswir maňa da öz pikirimi ýazmaga mežbur etdi. Uruşsyz boýun egen welaýatlar diýip Mary hanlygy göz öňünde tutulan bolmaly, .Ýöne ruslaryň goşgynyň Tejen etrabynda ýarym ýyla golaý hüjüm etmän, Mary hany Güljemal Han bilen gepleşikler geçirendigi, ol gepleşiklerde Magtymguly hanyň (Nurberdi hanyň ogly )esasy roky oýnanlygy belli fakt. Inlis içalysy Çapyk hanyň Marydan çykarylyp kowulanlygam fakt. Gandöküşiksiz bir maslahata delininenligem hak. Güljemal hanyň Peterburga gidip Türkmenlere suw getirip bermeklerini haýyş edenem hak. Türkmeniň suw kanalynyň öz çöllerini gülstana owürmegine Sowet Soýuzynyň ýardam berenligem hak.
771Özümiziňki
Awara
06.06.2019 / 21:44:43
+0
Gökdepe galasynda gandöküşiklik bolanlygam hak, ruslaryň generaly Skobelýewiň wagşylarça özüni alyp bolanlygam hakykat ,ýöne şol wagtky Rus patyşalygy general Skobelýewi yzyna çagyryp ýerine akylly başly başga generaly ugradyp diňe gandöküşiksiz şertnamalar bilen düşünişmeli diýip buýruk berenlerinem ýatdan çykarmaly dälmikä diýýän.

1024Özümiziňki
serdar123
06.06.2019 / 21:58:16
+0
Awara, dos menem shony dushundirjek bolyan. Taryh okanlarynda dine bir waka seretyarler shona gora akyllaryna name gelse yazyarlar. Ilki akpatshanyn shol dowurdaki yagdayyna ich meslesine seretman dine bir wakan ustunden taryh biljek bolyarlar. Akpatsha avrupa bn bashagay osmanly bn bashagay inlisler bn bashagay oz ichindaki koministler bn bashagay. Munun yanynda dawwaly jenjelli asya bn bashagay bolmaga ne guyji bar nede maddi yagdayy. Shonyn ucn urushman shertnamalar bn almakchy boldy. Biram mitis meslesine geljek shekilde esgerleri hereket edip yerli halky dushman edip ayry bir chykdayjy etdirmezdi. Olar yaly yagdaya yol berdirmezdi.Ol esgerinin kada kanun bozanlygy sebapli kellesini uchurardy. Akpatsha ARTYKMACH DERT DAL OZUNE SADYK HALK GEREKDI. Sebabi sonyna yaklashanyny ozi hem duyupdyr.
1679Gytyndan
spagetti
07.06.2019 / 01:48:52
+2
Ýene 30 sagat VIP. Bu jedeller ýatmaz indi hiçhaçan

373Hakyky dost
SerVi
07.06.2019 / 01:56:00
+1
spagetti,
kosessss how kellani dowyañ hazir buuuuuu teswirleri mana yazmaga yerem galmandyr
1679Gytyndan
spagetti
07.06.2019 / 01:59:22
+2
Mowzugyñ niredediginem tapmaýañ indi bärde😂
456Täzeje
Chukazawr
07.06.2019 / 03:08:59
50% sarkazm 50% metaforadan yasalan adam

+0

Pylan diyjek dal. Men onda dogamokdymam
56Özümiziňki
Asuda_durmush
08.06.2019 / 07:03:52
ýeñil ýaly görünsemem agyrlygmy göterip bilmeýänler bar

+1

Garaz türkmeniñ agyr ýyllary şol ýyllarda galsynda. Meñem şu ýerde Gökdepe zenanlarnyñ eden gahrymancylygny ýadyma saldym. Türkmen ozal köp ýurdy basyp alyp dünýä ýaýrajak boldy. Soñ azat erkin oturjak bolanynda bir wagt gol astyndaky halklar turkmeniñ duzuna göz dikdiler.

771Özümiziňki
Awara
08.06.2019 / 16:07:10
+0
Asuda_durmush, men seniň diýýäniň bilen ylalaşýan, ýöne şol döwürler türkmene gol gowşurup otyrmaga, seniň diýşiň ýaly parshatçylyga guwanmaga hiç hili şert ýokdy, bir tarapdan Horezm hanlygy, bir tarapdan Eýran, üçünji tarapdan iňlisler öz içalylary bilen agzalalyk döredip aňsatjak ahal teke atlaryna, Türkmen halylaryna, giden baýlyk ýatan territoriýasyna göz dikýärdi. Ruslaryň gelmegi bilen Gökdepe uruşyndan soň, häzirki Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň düýbi tutuldy. Häzirki Aşgabadyň ýerinde Rus garnizony ýerleşdi. Şonuň netijesinde 1881 nji ýylda Aşgabatda ýuwaşlyk bilen binalar, gurulyp başlandy, şol wagt Aşgabatda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bary ýogy 3% türkmendi. Turkmenistan diýilýän dowletem şol döwürde ýokdy, çarwa türkmenler bardy. (Öň imperiýa guranam bolsalar, şol döwürde şeýle dagnyk milletdiler ).Belki menem taryhy bilmeýänleriň hataryna goşarlar, ýöne hakykat üýtgemez . Meniň dawaly ýere gosulmam ýokdy welin, bagyşlaň çalaja ugrukdyrsýyn diýdim.
771Özümiziňki
Awara
08.06.2019 / 16:51:16
+0
Bir üýşmeleňde (bir bendäniň belli günüdi, ýatan ýeri ýagty bolsun Hydaýym )bir ýaş ýigit janygyp "indi erkek galdymy, erkekleriň barysy Gökdepe galasynda gyryldy, "diýip agzyny köpükledip otyrka, oňa sowal berdim. "Bagyşla, inim.,özüň nireli borsuň?"-diýip. Ol ikirjiňlenmän gökdepeli diýdi. Men içinden -"diýmek hemme erkek gyrylmandyr, ýöne şol erkek gaçgak boldumyka ýada şu oglanjygyň dogulmagyna sebäp bolan...yzyny ýazmaga ygtyýarym ýok "-diýen pikire çümdüm. Bir zat aýtmazdan öň pikirlenmek gerekmika diýýän. Biz indi taryhy üýthedip bilmeris, ýöne taryhyň haýsy tarapdan ýazylanlygyny welin seljerip bileris. Gün düşýän ýerinde otyran taryhçy ýazypdyrmy, ýada kölege tarapda otyran taryhçy.
258Täzeje
66970297
08.06.2019 / 17:36:37
+0
menem köpden bäri mowzuga goşulnan ýördüm ýöne menem öz bilýänlerimi goşaýyn Marylylar kömege gelmedi diýýärler aslynda Marylylar bardy birinji urşda Lomakiniň yzyna gaçyp gitmesinede şolar sewäp bolan türkmenleriň bärdäki goşuny biziň ysgynymyzy aldy ýenede pylança müň goşun kömege Marydan ýetip gelýär diýen gürrüňi eşdip Lomakin goşunu bilen gaçýar.Gidenden soň Marylylar gelýärler galaň gurluşugubada kömek edip gitýäler.Soň Ruslar täzeden güýçli ykjam ýaraglanan täze goşuny Skobelowyň baştutanlygynda ugradýarlar Bu söweşdede türkmenker gaty edermenlik görkezýäler ady ýadyma düşenok bir batyr öz sanlyja ýigitleri bilen endamlarna ýag çalyp her gün bir ýerden duýdansyz ýagdaýda orslaryň içenden geçip geçen ýerine gowy zyýan çekdirip esgerlerini gylyçdan geçirip geçip gidýän ekenler Rus goşunlary agşamam rahat dynç alyp bilmändirler gorkuda ýatypdyrlar.garaz sanasaň türkmenleriň edermenlikleri kän Skobelow ahyry mekirlige ýüz urýar Galaň bir gyrasynyň aşagyny gazdyryp däri goýup ýarýalar şol däri goýulan wagtda türkmenler olar galaň aşagyny gazyp bärik geşjek bolýandy öýdüp iň edeermen ýigitleri şotaýda goýýarlar däri ýarylýar ol edermen ýigitler wepat bolýar soňam siziň baryňyzyň bilýän wagşygyňyz bolýar

771Özümiziňki
Awara
08.06.2019 / 18:13:52
+0
66970297, ikinji jahan uruşyny Sowet Soýuzynyň ýeňmegine gapma garşylykly uruşdanam beter, partizançylyk uruşy has köp ýardam beripdir diýýärler. Nemes faşistleri garşysyna gönümel çykan goşunlardan beter, partizanlardan Heder edipdirler. Bir gala ýygnanmagyň özi, ýokarda-da aýdyp geçişleri ýaly, nadanlyk bolýar. Ýöne biziňkem uruş gutaransoň, elimizi salgap ,batyr boljak bolýana meňzeýär.
258Täzeje
66970297
08.06.2019 / 19:16:55
-1
Görogly beg diýipdir Men hem bul urşy itden öwrendim käte kowup käte gaçmagyň gerek Türkmen şeýle aldawly söweşleri kän ulanyodyrlar seljuklaryň gaznalylara garşy söweşleriniň köpisi şeýle Altynjan hatyn kitapda bu hakda giňişleýin maglumat berilýär ýöne gökdepe söweşinde türkmenleriň mümkinçiligi az bolupdur ýetip gelýän goşun gaty güýçli olaryň ösen ýaraglary bar olar eýran ýa hywa hanlygy ýaly däl şonuň üçin türkmenler gala ýygnanýarlar
771Özümiziňki
Awara
08.06.2019 / 19:40:19
+1
66970297, ol aýdýanyň bilen ylalaşýan, ýöne topy bar eken diýip bir gala jemlenmek, duşmana ýardam bermek ýaly bir zat. Topyň topy bolanda --da ,onuň okunyň düşjek ýerine jemlenmän,ýaýrap uruşmaga mümkinçilik bardy. Türkmen çöllerde özüni şir kimin duýýarka, näme üçin şol çölde özüni tokaýsyz galan maýmyn ýaly duýjak duşmandan goraman, topuň okuna halkyny nyşana goýanlygy gümürtik.
771Özümiziňki
Awara
08.06.2019 / 19:47:08
+0
66970297, meni şu tema goşulmak niýetine getiren zatlar hakynda ýazjagymy ýazdym, indi ýazmaly bolsa içgin öwrenilen faktlara ýüz tutmaly bolar. Olar bolsa häzirlikçe mende ýok. Ýöne her bir ýazylan taryha ynanyp ýörmegem unalynanok.
Soňky teswirler
<font color="red"><b><i><a href="/pikirler/hashtag.php?tag=ya_w_shoke:D">#ya_w_shoke:D</a></i></b></font>... dowamy
Edebiýat | "Dostluk.ru" saýtynyñ agzalaryna bagy$lap ýazan go$gym (degi$me äheñinde)
TNT (Bu gün, 04:24:21)
Öÿdäkilere bir ÿere äkidäÿ diÿseñ hüññür-hüññür edip, müñ gepiñ bashyna ÿetip äkidÿäler. Özüñ awtobuslap gitseñem yzyñdan jañ edip “munyña birhili boldy, aÿtsañ alyp gitjegä” diÿÿäler Özüm-ä mashyn sü... dowamy
Gürrüňdeşlik | Zenan ata çykanda...
Lunluchi (Bu gün, 04:08:02)
Çynym bn hezil edip güldüm super tema :rofl: :D... dowamy
Gürrüňdeşlik | Süýji ýatlamalar ýa-da geçip giden ýaşlyk 2
SerVi (Bu gün, 02:14:19)
Gyzlar gelneje bolpdyr Gelnejeler gyz bolup dur :D... dowamy
Edebiýat | "Dostluk.ru" saýtynyñ agzalaryna bagy$lap ýazan go$gym (degi$me äheñinde)
SerVi (Bu gün, 01:59:35)
☪ ATAKAKA ۞, Sizem şahyrmy :D... dowamy
Edebiýat | "Dostluk.ru" saýtynyñ agzalaryna bagy$lap ýazan go$gym (degi$me äheñinde)
SerVi (Bu gün, 01:56:34)
wWw.Dostluk.Ru 2018-2019 ýyl
Ähli hukuklar goragly
© Aly Ilamanow
Statok.net