Leyla ALLAMYRADOWA | EJEME! - Halanlaryma goş
Teswirler:
1420Betinden
Гулжан
21.09.2020 / 19:24:54
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+2

Biz gyz masgalalan manlaymyza yazlanyda.Gyz masgala kisi masgalasy islesek islemesek ene ojagmyzdan göcmeli.Allajan yone ykbalymyzda hayrlysyny etsin
310Betinden
Mylayym
21.09.2020 / 19:59:54
+2
Gowy ýazylypdyr goşgy.

"Ejem eken..."

Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp ejem eken.

Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le "Bagty çeken",
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.

Gara saçlañ aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada
Maña goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän.
Ejem eken...

Söýen ýigdim goýup gitdiñ, ýat bolduk biz bir-birege,
Men ýüregñe ýol salsamam gapy tapmadym girere,
Alynmadyk myhman ýaly duýgym tazykdy bir ýere,
Meñ seni söýşümden beter menem biri söýýâr eken,
Şol ynsanam ejem eken.

Men özümi ýalñyz duýýan şu märekäñ arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Tañryñ özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meñ ejem eken.

Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyñ gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da ilki söýgi, ynsan ýene söýjek eken,
Bir ýiten soñ tapdyrmajak ýekeje zat ejeñ eken.

Gyssanyber däli könlüm, wagtyñ şo bolşy, tizlänok.
Ah, bu durmyş ejeñ däl-dä, ejizleseñ ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleyär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyñ diñlemezdim, soñam boldum derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ ejeñ seni diñlär eken.

Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soña goýdym,
Şänik ýaryp mañzyn iýdim, gabygynam saña goýdym,
Çaýlamana jorañ gelse sen ýene-de gyzyñ öwdüñ,
Gör-â durmyş niçiksi zat, ýörän ýoluñ hile, gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, kemiñ ýapýan ýekeje zat ejeñ eken.

Ogulnur Ataýewa

Şu goşgynam näçe okasaň ýadatmaýa. Gaýtalap, ýat tutup gidipdirin )

1420Betinden
Гулжан
21.09.2020 / 20:05:57
+3
Mylayym, gaty gowy uyam
3794Öwreniji
begmyrat.
21.09.2020 / 22:12:45
+1
Mylayym, menem gosulyan gaty gowy gosgy eneler hakda nace yazsakda nace aytsakda azdyr
310Betinden
Mylayym
21.09.2020 / 20:03:13
+2
"Goýberme meni!"

Tümlük tutsa meniñ töwerek daşym
Aladalar bilen çytylsa gaşym
Hünji deý düzülse gözlerde ýaşym
Käbäm,gys elimi,goýberme meni.

Göwrämi gujaklap,durmuşdan sowap
Soñsuz soraglara tapmasam jogap
Böl ünsümi,gara başymy sypap
Ýa-da bas bagryña, goýberme meni.

Ugrum öwrüläýse saga ýa sola
Golum tutup äkit sen dogry ýola.
Söýgä mätäç çagym mähriñe dola
Mähre baýym, asla goýberme meni.

Käte sabyrsyzlyk meni gynasa,
Ýa-da ykbal oýun bile synasa,
Ýalñyz goýup, meni daşdan synlama,
Goldaw ber ejemjan, goýberme meni.

Gonsa bir gün başymyza bagt guşy,
Düýpgöter özgertse, ýagty durmuşy.
Süýji günümde-de bolup syrdaşym
Ezizle, söý, süpür çygly gözlermi
Haýyş, käbäm asla goýberme meni.

Jennet ÇARYÝEWA

1420Betinden
Гулжан
21.09.2020 / 20:06:06
+2
Mylayym, +++
310Betinden
Mylayym
21.09.2020 / 20:12:12
+1
Güljan, 🌹
170Ýaşuly
ЛАCТOЧКА
22.09.2020 / 05:50:16
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+1

Eneden eziz zat yokdurla

4036Täzeje
198716
22.09.2020 / 22:01:42
+0
ЛАCТOЧКА,
4036Täzeje
198716
30.09.2020 / 12:24:04
+0
Ogulnur Atayewañ goşgularyny Gaty gowy göryan

Soňky jogaplar:

Nara, не бывает шанс единственным, единственный бывает жизнь...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @accountant bilen söhbetdeşlik...
accountants (Bu gün, 21:25:28)
birine ikinji şansy bererdinmi durmuşyñda?!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @accountant bilen söhbetdeşlik...
Naras (Bu gün, 20:34:36)
Men ertirden başlap gyzyl tülpanly gök öwüsýän baýyrlygyñ üstüne çykyp kömelegiñ gözlegine çykaýyn. Sag bol peýdaly mowzugyñ üçin....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy
Berekets (Bu gün, 20:33:12)
Habip, teoriyada nahili etmeli daldigini owrenip wagt, resurs, energiyany bisarpa sarplamany bolyar, yone hereket etmesen teoriyadan netjie yok, bilip etmeyan adamyñ bilmeyanden tapawudy yok me...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @accountant bilen söhbetdeşlik...
accountants (Bu gün, 17:33:00)
Sessizlik, Hawa, özüň ynjaman, ynjytman ýaşap bolanok, durmuşdyr, her zat bolup dur. Ötünjem sorap gördüm....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Edgar bilen söhbetdeşlik...
Edgars (Bu gün, 15:11:46)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023