«ZENAN – TÜRKMENIŇ NAMYS TUGY». - Halanlaryma goş
Teswirler:

Pegas
08.12.2019 / 07:27:13
+5
Hawa, türkmen üçin aýal-gyzynyň mertebesini depelenmegi namysyň elden gitmegidir. Binamyslyk bolsa, ölüm bilen barabardyr, ondan ölüm ýegdir. «Arym köýenden imanym köýsün» diýen türkmen ar-namysy imandanam ileri tutupdyr. Namysyny elinden gideren erkek üçin ölüm ýüz-müň esse ýeňil bolupdyr. Namysdan öleni mert hasaplapdyrlar. Halkymyzyň söýgüli ýazyjysy Atajan Taganyň «Pereňli ýesiriň ýatlamasy» atly dokumental powestinde şeýle bir elhenç kartina bar: Geçen asyrda Hemze Mürze başlyklaýyn türkmen ülkesine çozan goşunlar çölde çopançylyk edýän ýeke öýli gojanyň öýüne dökülýärler. Duşmanlar namart hem gara güýç bilen gojany we onuň ogluny tärime daňyp, gözleriniň alnynda ýigidiň gelnini örän aýylganç görnüşde wejera edip zorlaýarlar. Namys astynda galan ýigidiň ýüregi bu elhenç masgaraçylyga döz gelmeýär, daňylgy ýerinde şobada takga jan berýär. Ine, bedende at çapýan namys ganynyň ediberýän işi.

415Betinden
Urgencli
08.12.2019 / 08:02:51
+6
ZENAN WEPADARLYGY

Bilmez duşman dok döwlete tokunyp
Duşman sürnüp bilmez berkarar ýurda
Her bir gerçek aýy kimin topulyp
Gürzi urup, ok urup
Döner aç gurda!

Yüz müň duşman gelsin!
Bermez mesgenin
Her bir oguz barabardyr arslana! ....
Ýöne bäş ýeňles gyz, alty mes gelin
Başdan aylap haýa, şerin, messebin,
Namysyn oklasa, ayak astyna -
Duşman bilen döwdüleşyän goçlary
Bir demde öwürer Diri maslyga

Göndere baş bermez gayduwsyz ärler,
Gürzüden gaytmayan arslanlar, şirler,
Dag ýaly goduklap, Ýer kimin iňläp,
Bagryn ýere oýkap-oýkap jan biýrler

Haramlyk, azgynlyk ýol salsa ýurda
Ol diyardan rysgal-döwlet göterler.
Bereket göterler, Ynsap göterler,
Haramy ordasy jem bolsa nirde -
Asman çydap bilmez, Zemin götermez!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa... Ýygyn döner sülsada.
Diriler – jesetdir, Öliň ruhudyr!
Ne ölüp bor, Ne ýaşap bor dünyäde.

Beyle ile dert yzyna dert geler,
Mergi geler, Geler garahassalyk.
Duşman gelmez! Aşna gelin – gyzyňa
Iblis geler, Melgun geler at salyp.

Gyz – gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa... Meylis gurup haramy,
Päk iliň ýüzüne çeker garany.
Tuglar synsa... Şeytan kakyp heşelle,
Melgun meýlisini gurar bu jayda.
Perişdeler bakmaz şerimsiz yere,
Namys-arsyz yurda Bakmaz Hudaý-da!

Ok ötmez, tyg ötmez goç-goç ýigitler
Hyrçyn dişläp için tutup ölerler,
Ar-namysdan lüýge batyp ölerler.
Ärler öler – Ýere berip bagryny!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Galdyryp-da biler iliň bagtyny
Ýatyryp-da biler iliň bagtyny!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Öwüriň olary mukaddeslige!
Oguzlara gelen döwri-döwrany
Ýykdyraymaň Azgynlyga, Meslige!
Peslige!

Saparmyrat Türkmenbaşy

☪ ORAZGULY ۞
08.12.2019 / 08:27:44
+4
ehhhh...
415Betinden
Urgencli
08.12.2019 / 08:49:32
+5
— Ogul, Ogul, aý ogul!
Bilermisiñ, näler boldy?
Sözleşdiler fysyl-fysyl.
Kapyryñ pälini duýdum.
Tüýnigi altyñ ban öýümiñ diýregi ogul!
Gaza meñzär gyýz-geliniñ güli, ogul!
Ogul, Ogul, aý ogul!
Dokuz aý garnymda göterdigim, ogul!
On aý diýende dünýä getirdigim, ogul!
Dolamasy bişikde bildigim, ogul!
«Gazanyñ ogly Oruzy çykaryñ. Bogazyndan urgan bile asyñ. Iki gerişinden
çeññek bile sanjyñ. Gyýma-gyýma etinden çekiñ. Gara gowurma edip, kyrk gyzyna eltiñ, kim iýse, ol däldir. Kim iýmese, ol Gazanyñ hatynydyr. Çekiñ,
düşegimize getiriñ, sygrak sürdüreýli — diýmişler.
− Seniñ etiñden, ogul iýeýinmi? Ýogsa azgyn dinli
kapyryñ düşegine gireýinmi? Atañ Gazanyñ namysyny syndyraýynmy?
Niçik edeýin, ogul heý?! —diýdi.
— Agzyñ gurysyn, ene!
Diliñ çüýrisin, ene!
Ene haky, Tañry haky bolmasaýdy,
Galkyban, ýerimden turardym.
Ýakañ bile bogazyñdan tutardym.
Gaba ökjäm astyna salardym.
Ak ýüzüñi gara ýere deperdim.
Agzyñ bile burnuñdan gan şorladardym.
Jan datlysyny saña görkezerdim.
Bu ne sözler, jan ene!
Meniñ üstüme gelmäwer!
Meniñ üçin aglamawer!
Goý meni, çeññege ursunlar.
Etimden çeksinler, gara gowurma etsinler.
Kyrk beg gyzynyñ öñüne eltsinler.
Olar bir iýse, sen iki iý!
Seni kapyrlar bilmesinler, duýmasynlar!
Düşegine barmarsyñ, sygragyny sürmersiñ,
Atam Gazanyñ namysyny syndyrmarsyñ!—diýdi.
1420Betinden
?Guljan?
08.12.2019 / 09:11:10
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+3

tuweleme ine edep beriji ginisleyin mowzuk

puo
08.12.2019 / 09:34:55
+3
Берекелла..Довамна гарашяс.Спс автор
2266Betinden
Howashar
08.12.2019 / 09:48:09
123456789...

+4

2759Özümiziňki
Princessa
08.12.2019 / 13:05:15
+2
Gaty gowy mowzuk?

Soňky jogaplar:

Gowy yazyar Allanur...Dowamy
Edebiýat | "Dünýam senden göwnüm galdy, bilýamiň..?!"
Dogruçyls (Düýn, 23:24:38)
👍👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
B.Rexhas (Düýn, 22:11:12)
Soňky bendini has haladym...Dowamy
Edebiýat | ****
Auroras (Düýn, 21:09:42)
aymurat, türkmen dilinde bolmasa düşünemok....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
Gerceknazars (Düýn, 20:14:43)
20+ алса ыене 10 сурат гоыян...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
aymurats (Düýn, 16:26:09)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023