Ýolyň kenaryndan gelýärdim yöräp,
Adamlaň bolşuny görüp, syn edip.
Birdenem şeýle bir sowal döredi,
Dünýäniň baýlygy nämeka?-diýip.
Oňýança duş geldim bir garry goja,
Soradym men ondan dünýe baýlygyn.
Ol hem jogap berdi örän ahmyrly:
"Köşek gadyrny bil juwan ýaşlygyň".
Gürrüňdeş boldum men, çyn aş...
Arnold Şwarsnegger XX asyrda meşhurlyga eýe bolan bodibildiň (bodybuilding) sporty boýunça dünýäniň birnäçe gezek çempiony, Golliwudyň görnükli aktýory, birnäçe kitaplaryň awtory, mundan başga-da, iki gezek Koliforniýa ştatynyň biragyzdan saýlanan gubernatory bize bu gün özüniň häzire çenli gazanan...
Dullaryň dawwasyn açmaga geliň
Ak ýap obam bir waka duş bolandyr
Dullaryň dawwasyn açmaga geliň
Bir dul aýal uly oba iş bolandyr
Dullaryň dawwasyn açmaga geliň
Gatla tarap geçýämişler köp dullar
Durşy bilen gürüň dullar,gep dullar
2 million pensýa alýan mes dullar
Dullaryň dawwasyn açmaga geliň
O...
Birje gezek ýylgyrsana ejemjan,
Gussaly batyp öz özüňi gynama,
Ýylgyrsana ýylgyrmana sebäp kän,
Hasrat çekip öz özüňi gynama.
Sen ýylgyrsañ dünýäm bolar ýaz ýaly,
Agras gülkiñ bir jadyly saz ýaly,
Öňki çeken hasratlaryñ az ýaly,
Göz ýaş döküp öz özüňi gynama.
Göz ýaş döküp köydürme gül ömrüñi,
Duş...
Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwmüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.
Ýanymdan gideňok, taşlaňok meni,...
“Men — durmuşyň öweý ogly...”
“Dogry” diýsem, “egri” diýdi,
“Egri” diýsem, “dogry” diýdi.
Bagta ýetsem: “Sen bagty
ogurladyň, ogry!” diýdi.
Aga-gara düşünmeýän
çagajykkam “uly” diýdi.
“Adamlary köp söýýärsiň,
Sen — söýginiň guly!” diýdi.
Hut şoň üçin adamlary
Söýmegimi assa-assa
kemiberdim...
A n...
Yamanlap gelseler sower yaryñy,
"Biwepalyk etdi sana" diyseler.
Ynanma,hic hacan ilin gepine,
Görüp bagty, gö:rip hasam piseler
"Pes" diyseler hijem peselip yorme,
Yorme aglap,gynanyp ya utanyp.
Goy utansyn shony aytyan adamlar
Bir-birine yalan arka tutunyp.....
Diyseler: "beyik" sen,begenip yorme...
Ejeler ir gidýärler perzentlerinden,
Yazgydy, çözgüdi, nobaty bilen.
Bu dünýä sygmajak hasraty goýup,
Bu dünýä sygmajak hormaty bilen.
Ejeler ir gidýärler perzentlerinden,
Hut bolmaly zat deý, üýtgeşik bilmän.
Perzentler alaçsyz, diş gyjap galýar,
Ýalançyñ çözgüdin üýtgedip bilmän.
Ýa-ha deňeşdirip...
Everest dagyna çykmak üçin ortaça 65000$ gerek bolup durýar.
***
"Google" maglumat gözleg matoruny döredenleriň biri bolan Sergeý Brin 35 $ mlrd dollarlyk baýlygy bilen dünýä baýlarynyñ sanawynda 13-nji ýerde durýar. Ol şeýle baý hem bolsa adaty adamlaryň ýaşaýşy ýaly ýaşaýar. Iki otagly öýde ýaşa...
Tapyp bilemok köp zatlaň jogabyn
Düşünmek kyn, düşündirmek has beter
Kim baýlyk toplar, kim toplar sogabyn
Düşünmek kyn, düşündirmek has beter
Iş bitirseň senden uly minnetdar
Iş bitmese-de dag ýaly minnet bar
Göwne däl, puluňa görä hümmet bar
Düşünmek kyn, düşündirmek has beter
Bolýan zatlara wah...
Allanur Çaryÿew / ***
Gijaniñ gözünde ot ýakypdyr aý,
ýyldyzlañ ýüzünde görünýar ünji.
Eger arşda kürsde bar bolsañ Hudaý
sähelçe bolsa-da teselli görsem,
şu pursat şeýlebir zerur ol, çünki,
men häzir däli deý heserläp ýörün.
Bu dünýä oýunmy?!
Soñuny saýman
utanlar akmakdyr, utylan haýran...
A o...
Depe
Bu haraba undulan bir dünýädi,
Çar künjünde sowuk şemal iňleýär.
Düz ýaýlada gümmez ýaly ýatyşy,
Naýynjar, hamyla enä meňzeýär.
Beýle hasap dokuz aýda dolmaýar,
Sowup otyr bu ýyllary deňinden.
Solundan Gün dogdy gussasy bilen,
Gussa bilen kän Gün ýaşdy sagyndan.
Depä döndi ýuwaş-ýuwaş ýumralyp,...
Poemanyň dowamy:
Wagtlaýyn süýşeliň, Galalygöze,
Daglar, daşlar kömek bererler bize.
Ýesirlerem takdyryndan görerler,
Watan üçin şirin janyn bererler.
Elbetde, bu uruş hatasyz bolmaz,
Geler doganlarmyz, beýlede durmaz.
Degmäliň duşmanlar hoşlasyn göwün,
Yza çekileliň, bereliň orun.
Ähli güýçler...
Poemanyň dowamy
Amangözel Hudaýberenowa
Duşmana daglykda daramak gerek,
Ganym dag içinde bolsun janserek.
Çopan Kirdir. Dykma Serdar ýanynda,
Türkmenleriň dost-doganlyk ganynda.
Kesearkaç, ahal ili birleşip,
Eňýärdiler sap-sap bolup, ýerleşip.
Ýigitleriň bary ýüwrik atlydy,
Galkan, gylyç-ýarag,...