“Bu gün seniň bagtly günüňdir!!!”

Içeri gir Agza bol
UZFOR.UZ - BIZNING FORUM!
Sargamaly.com - exclusive isleg boyunca harytlar. Tel daslar, pasport daslar, breloklar we beyleki harytlar sana garaşýar!

Forum | Gürrüňdeşlik | Erkin mowzuklar

Bir kerwen kitap bilen ümsümligiň dogulýan ýerine gidip ýazsadym - Halanlaryma goş

355Hakyky dost
Elif
31.03.2019 / 13:06:23
Tell the truth and then run.

+10

Seÿitmyrat Geldiÿew / Parallel pikirler.


Gün geçýär tenimde ýylysyn goýup,
Ýyladygym saýy barýan sowaşyp.
Birbada ýatlarsyň ýygy-ýygydan,
A soň unudarsyň, ýollar sowaşyk.


Pynhan duşuşyklaň bary ýadymda,
Ýadymda seň tapan darajyk ýodaň.
Ýaglygyň üstünden saçlarňy ysgap,
Dünýäňe düşünmän düşerdim oda.


Biz indi „biz“ däl, dogrusy, „bir“ däl,
Ýollar kesişenok, gyýlanok jiger.
Şol gijeden bäri parallel gezýäs,
Bagtam zerur bolsa, sensizem çüwer.


Köp gezek oturyp oýlanyp gaýtdym,
Çöle gidýän ýoluň duralgasynda.
Men Mežnun boljakdym, Mežnun ikinji,
Barybir, şor takdyr durar başymda,
Nirde bolamda nä, bolmamda näme,
Ýeri, çöle çykyp näme görjegim?!
Tapawudy – ýene özümi örtäp,
Dünýede tamug bor behişt ölçegim.


Indi göwnüm gaýtgyn berýär, o ýyllar
Tutaşan gazapda, ýanar o:tdadym.
Hawa, gaharyma suratlaryňam,
Maňa ýazan hatlaryňam otladym.


Kagyza egisýän içim gysanda,
Ýaşap bolýan eken wadadan irmän.
Galamdan syrygyp sygmaýan syrym,
Kem-kem seýrekledi düýşüme girmäň.


Köp gabat gelýän seň joralaryňa,
Senem görýärmişler meniň tanyşlam.
Parallel bolsa-da barýan ýolumyz,
Şo-ol ýodaça ýoklugyny bagyşla!


Ýalňyşym ýaş bolup akýar didämden,
Durmuşy täzeden ýaşap bolsady...
Ýykyl asman, arşy başymdan eňter!
Geçeniň ýaryndan gaýdyp bilsemem,
Seň pynhan darajyk ýodaňa elter!

1440Öwreniji
nazlije
31.03.2019 / 13:24:46
+2
Elif, gowy gosgy eken sagbol yetirenine
1105Özümiziňki
Maya
31.03.2019 / 13:35:38
+1
Bir wagtlar „Bir kerwen kitap bilen ümsümligiň dogulýan ýerine gidip ýazsadym“ diýip arzuw ederdim

"ümsümligiň dogulýan ýerine " diýenine nähili düşünmelikä? ("dogulmak" sözi gerekdimika şu yerde).

355Hakyky dost
Elif
31.03.2019 / 14:08:05
+4
Maya, pikirimce ussat śahyryñ sôz oÿnatmasy. ,,Ûmsûmligiñ baślanÿan ÿerine" ,,Ûmsûm bir ÿerde" diÿenden: ,,Ûmsûmlgiñ dogylÿan ÿerine" diÿmek owadan gelÿár...
355Hakyky dost
Elif
31.03.2019 / 14:00:37
Tell the truth and then run.

+5

Seÿitmyrat Geldiÿew / Geçmen.

Bu ömrümi idip barýan, eý, dilber,
Jylawym eliňde, deňiňden geçmen.
Gulaga hoş ýakan owazy diňläp,
Gaýbana yşkymyň heňinden geçmen.

Isle sag diý, isle saý meni däli,
Hetdimdem aşyran seň özüň dälmi?!
Gözleriň goşa şem ýüregim däri,
Ýüregmi partlatjak şemiňden geçmen.

Kim duýupdyr dünýäň hile-alyny,
Pany dünýä jan ynanar ýalymy,
Görüp özgeleriň goşa halyny,
Al ýaňakda gara meňiňden geçmen.

Yşk bar ýerde bilmez eken gam çydap,
Söýgüm gezýär gussalarmy gamçylap,
Diri wagtym seň gujagyň ýagşyrak,
“Ýar arşdadyr” diýip, zeminden geçmen.
283Betinden
reSSs..!
31.03.2019 / 16:03:55
nik özgertmäne mejbur edenler.. by reSpect! :)

+2

Ömrüme ýüzlenme

Nepese söýenýän ömrüm!
Ne pese, ne beýige degişli bir adam men.
Düşünmedim kyýamda söm elibe,
Baş çykaryp germesatan “A”-dan men.

Diri wagtym diriligmi duýşum deý,
Soň diri däldigmem bilesim gelýär.
Ýüzüm bolmasa-da, sessiz bolsa-da,
Garaz, bir maý tapyp gülesim gelýär.

Içilmän sowady,
Için sowatdy,
Hum deý çişen böwri gülli çäýnegim.
Aklym dökän-saçan, goşgulam çyrşak,
Çemçesi gemirlen kelle çanagym,
Pikirlermi ýarty berýär, al kakmyş,
Sähetli sekundy gözläp, mazaly.
Men saçym penjeläp pikir edýärin:
Jesedimiň gazylmadyk mazary
Boz meýdanda taba gelip ýatandyr.
A men, ýaşap ýörün taplanyp bilmän.
Tobamy jemläre elim degenok,
Ownuk gussalardan saplanyp bilmän.

Eý, ömrüm, dat, ömrüm, sen nirä ýetdiň,
Guşlukmy, öýlemi, ikindidemiň?!
Seni goşgy bilen uzaltjak bolup,
Demläp goýan çaýyny-da ejemiň
Içibem bilmedim gyzgyny barka.
Ýogsa, men bilýänem, duýýanam ahyr,
Bir gün çaý deý sowajagnam ejemiň,
Men bolaýyn ýa-da bolmaýyn şahyr!

Isle hala,
Hala isleme, ömrüm!
Süňksiz dilim ölkä şunam diýmeli:
Diňe moda üçin däl, eginbaşy,
Aýby-da örtünmek üçin geýmeli.

Biz bu dünýä kynlyk bilen öwrenişdik,
Gyzgyn çaýam, pejem, hatda söýgü-de,
Ikimizem awundyrdy,
Biz uwnup,
Çydamaly bolduk sojap nijeme
Ah, meslekdeş, senem ýadansyň, gowsy,
Men gürrüň bereýin baryn ejeme.

...Birdenem ýuwaşja gapym açyldy,
Ejem, mährem ejem, eli çäýnekli...
Şu ýerde goşgymy, pikirmi böljek!
Bakyýa, kapyýa her çak tapylar
Ýöne bu pursaty soň edip bolmaz.
Köp çorbasyn sowatsak-da gelinleň,
Ejeleň çaýyny sowadyp bolmaz.

Ejemogly boljak çaý içim salym,
Goý, beýnim sowasyn, meň nä azarym.
Belki, pikirimden owarra bolar,
Tozap ýatan gazylmadyk mazarym.

✏S.Geldiýew
283Betinden
reSSs..!
31.03.2019 / 16:16:30
nik özgertmäne mejbur edenler.. by reSpect! :)

+1

Salam, Elif uýam.
mowzuga degishli dalem welin, Italmaz Akmyradow we Allanur Çaryýewiñ goşgular ýygyndysy gerekdi. Eleektron gornushi barmyka? Ya kitaby

355Hakyky dost
Elif
31.03.2019 / 16:23:39
+4
reSSs..!, biliśimce yok. Kitaby bar Italmaz agañ ,,Daglar" Allanur Caryÿewin on- onki gośgysy bar mende.
283Betinden
reSSs..!
31.03.2019 / 16:29:58
+1
düşnükli, minnetdar sag boluñ!
556Özümiziňki
Nurana
16.04.2019 / 10:56:24
Özüňden özgä zar etme, Alla!

+0

Azabyň üçin sagja bol, Elif jan! Ýetirýän manyly mowzuklaryňdan doýma ýok. Berekella, gowjam!

Soňky teswirler

Syrly hekaýa 2-nji bölüm


erklije, yok gowy yone pikirlere gecdimda... dowamy
Hekayalar | Syrly hekaýa 2-nji bölüm
Ruhnama (Bu gün, 10:44:13)

Syrly hekaýa 2-nji bölüm


Ruhnama öz tewsirini galdyrmansyn näme bu gezegm gowy bolmandyrmy?... dowamy
Hekayalar | Syrly hekaýa 2-nji bölüm
EMMA (Bu gün, 10:39:48)

Bulary hemmeler bilmeýär.Başga Planetalylar barada


:clapping:... dowamy

Çynnakay soygi


Birhilek birhilek hekayada... dowamy
Hekayalar | Çynnakay soygi
Ruhnama (Bu gün, 10:36:44)

Çynnakay soygi


Men pikirimce duynki onnunki yaz yagsy barda jala gelen yaly😀😀... dowamy
Hekayalar | Çynnakay soygi
Ruhnama (Bu gün, 10:35:36)
wWw.Dostluk.Ru 2018-2019 ýyl
Ähli hukuklar goragly
© Aly Ilamanow