“Bu gün seniň bagtly günüňdir!!!”

Içeri gir Agza bol
UZFOR.UZ - BIZNING FORUM!
Sargamaly.com - exclusive isleg boyunca harytlar. Tel daslar, pasport daslar, breloklar we beyleki harytlar sana garaşýar!

Forum | Gürrüňdeşlik | Erkin mowzuklar

"DEŇIZE SIŇEN DERÝÄM..." - Halanlaryma goş

Gytyndan
Dilbernaz
15.10.2018 / 20:25:03
+4
2-nji bölüm.

Gül gürrüň berip duran ýerinden:- Men seni güýmämokmy, suwa giresiň gelse giriberjekmi?-diýip, sorady. Men:- Bular ýaly gyzykly gürrüňiň arasyny bölmek bolmaz, ýör, hol saýawanyň aşagynda oturup, çaý içeli- diýip, Aýperijigi oýnap ýören ýerinden ýanymyza çagyrdyk-da, kölgä gelip, özümiz bilen getiren iýmitlerimizi saçaga alyşdyrdyk. Gürrüňdeşlik ýene dowam etdi...
-Göreldeli okuwçylaryň suratlaryny mekdep tagtasynda asyp goýýadylar. Derýanyň suratyny hem şolara goşmak üçin mugallym oňa ertir surat getirmelidigini tabşyrypdy. Şonuň üçin ol surata täzeden düşmek üçin ertesi okuwa gijiräk gelmeli boljakdygyny mugallyma duýdurypdy. Şol günüň ertesi meniň hem öýde işim köp bolan soň okuwa gija galyp gelýädim. Hemmeler klasda bolansoňlar daşarda iňlar siňek ýokdy. Howlugyp haýdap, mekdebiň uzyn zalyndan ýöräp barýakam niredendir bir ýerden Aşyrow zömp edip çykaýdy: -Hää... salam, perizat!-diýdi. Men tisginip, gorkup gitdim. Çalajadan "Salam" diýip, gidiberjek boldum,ol öňümi dolady:- Maňa haçan jogap berýäň?- diýdi. Men möjege gabat gelen towşan ýaly el-aýagymy ýitirip, titräp başladym. Daş-töwerekden haraý isläp töwerege garanjaklanymy görüp,ol: -Arkaýyn bol, birinji sapak gutarýança wagt köp, maňa jogap ber,näme menden gowyny taparyn öýdýäňmi, bilseň-ä iller maňa ýetip bilenoklar, senem arkan gaýşyp, mesligi göterip bileňok-diýip, ol özüne göwnüýetijilik bilen, gödekligini edip, elimden tutjak boldy. Men"Goýber elimi, ýerçeken"diýip, elimi silkip alanymy duýman galdym. Ol ýene maňa tarap süýşüp başlady, ýolumdan goýbermän öňümi saklap durdy. Birdenem duýman durkamk, Derýa peýda boldy. Derýa aňyrdan bizi synlap gelýän bolara çemeli, gelşine ýaňkynyň dulugyna sugşurdy.Men gorkujyma gygyrdym. Iki oglan garpyşdylar, Derýanyň beýle dogumlydygyndan habarym ýokdy.Ol gaçjak bolup synanyşýan Aşyrowyň ýakasyny sypdyrman saklady-da ýene uruşmasyny dowam etdirdi.Meniň sesime eýýäm mugallymdyr okuwçylar üýşüpdiler. Aşyrowyň gözi şol bada gögerdi.Ol agyran ýaňagyny tutup, Derýa ýene görüşmek hakynda haýbat atyp, mekdepden çykyp gitdi. Derýanyň elindäki suratlar çym pytak bolansoň,olary çöplap aldy-da,maňa uzatdy we üst-başyny düzedişdirdi. Men Derýadan şeýlebir utandym welin, ýer ýarylsa girmekçidim hem oňa birtarapdan buýsandym. Şondan soň oňa hasam göwnüm gidip imrinip başladym. Seniň abraýyň üçin alada edýän adamyň sarpasy başga bolýan eken. Men ony ýeke minudam gözümden sypdyrasym gelmedi. Şol pursatdan soň-a Aşyrowam ýitip gitdi-de, ol soň okuwada gelmedi. Biz ýene bile gatnap başladyk. Mekdebi tamamlanymyzdan soň, biz ýokary okuw jaýyna gitjek bolup durmadyk. Obamyzda ýörüteleşdirilen tokaý-hojalyk mekdebinde okuwymyzy dowam etdirdik. Az wagtdan okuwymyzy tamamlanymyzdan soň Derýany gulluga çagyrdylar. Ol biziň şäherimizden daşyrak ýurtda gulluk edip başlady. Suraý ejedir, ejem we Derýanyň kakasynyň erkek dogany, jigileri bileleşip onuň "Kasam kabul edilşigine" gatnaşdylar. Men Derýanyň garyndaşlaryndan utanyp, ýanyma joralarmyň birini ýatmana çagyryp, olardan galypdym. Şu iki ýylyň dowamynda men Derýany görmändim. Yzyndan baranlarynda maňa goýberýän salamyndan başga aragatnaşyk bolmandy. Şonuň üçinem onuň gelmeli wagty golaýlaşyberende gaty tolgunýardym.
Ynha-da, Derýanyň gullugyny tamamlap öýlerine dolanmaly güni gelip ýetdi. Suraý eje bilen ejemiňem begenjiniň çägi bolan däldir welin...-diýip, Gül şol pursady edil şu wagt başdan geçirýän ýaly ýylgyrjyklady
-Wahh.., görgülijigim...-diýibem bokurdagy dolup, bozuljak boldy. Ol çala çygjaran gözüni süpürdi-de :- Otly gatnaýan menzilde tolgunyp garaşyp durduk - diýip, Gül gürrüňiniň yzyny dowam etdirdi.
- Wagtyndan iki sagat öň gelenimizdenmi garaşdygymyzça wagt geçmeýän ýalydy... Birdenem biziň garaşýan otlymyzyň ýetip gelýänini menziliň radiosy habar berdi. Biz ýerimizden turup, otly gelýän tarapa seredip durdyk. Otly gelip ýetdi. Ýöne, Derýanyň gelen otlysynyň haýsy bölegindedigini (wagon) bilmänimizden soň, biz azajyk aljyrajak bolduk. Birden owadan esger eşikli Derýa aňyrdan ylgap diýen ýaly geldi-de, ilki bilen Suraý ejäni gujaklady, olar bir salym bir-birlerinden aýrylman durdular, meniň ejemem nobata garaşýan ýaly olara tarap seredip, hamala Derýany söweşden gaýdyp gelen ýaly gözlerine ýaş aýladylar. Derýa ejemi gujaklanda men ejemiň yz ýanynda utanjyrap durdum. Derýa ejemi gujaklap duran ýerinden maňa seretdi-de, "Senem gowumyň?" diýýän ýaly manyda iki gözünem gypyp ýylgyrdy. Men ony töwerekdäki adamlaram görendirler öýdüp ýaltakladym... Olaryň üçüsi-de begençlerinden ýaňa öňe tarap çalt-çalt ädimläp, uçaýjak bolýardylar . Men olaryň aýaklaryna eýermän, ýadowluk duýup başladym-da yza galdym. Birsalym aňyrrak ýöräp gidenlerinden soň meni ýoklandyrlarda, yzlaryna öwrülip nämeüçindir gülüşdiler. Derýa olardan galyp, yzyna maňa tarap ýöräp geldi we agyr bolmadyk horjunymy elimden aldy.
-Tüweleme, owadan gyz bolup gidipsiň-diýdi. Menem :
- Saňa näme gullukda suwuňyza azot goşup berýädilermi, derek ýaly ösüp gidipsiň?-diýdim. Ol sesliräk güldi-de:- Bee, tüweleme, seniň şol boluşyň - diýdi.
Gullukdan geleninden okanja ugrumyz boýunça, iki-üç aýdan soň Derýada biziň edaramyza işe ýerleşdi. Biz ýene işe-de bile gatnap başladyk... Bir ýyl geçiberende biziňkiler guda boluşyp, toýa taýýarlyk görýädiler. Toý sähedine çenli wagt bardy. Derýa maňa toý başlaýança deňize gidip, gezip gelmegi teklip etdi. Sebäbi, menem zähmet rugsadymy Derýaňky bilen gabatlaşdyryp alam soň, ikimiz bir günde dynja çykypdyk. Şol sebäplem wagty boş geçirmezlik üçin Derýa dynç günlerini deňizde geçirjegini öň maňa aýdypdy. Gyz bolsaňam näme, tikin diýdi, çatyn diýdi toý ediljek bolsa iş köpelýä. Men Derýa bilen deňize gitmeklikden boýun gaçyrdym. Oňa bir özüniň gidip gelmegini tabşyrdym. Ol zol bir gaýtalanyny gaýtalap, ýalbardy dyrdy. Özelenip duran soň, men ýüzünden geçip bilmän, az wagt bolup, yzymyza dolanmagy boýnuna goýup, onuň bilen gitmäne razylaşdym...
Gül gürrüňiň şu ýerine ýetende:- Wahh...nägörüňe razylaşdyň diýsene, eger men razylyk bermedik bolsam olam belki galardy...-diýip,ýene çaga ýaly aşaky eňejigini titredip kemşerdi we damagynda bir zat bar ýaly ýuwdundy. Oňa bu zatlary gürrüň berip oturmak agyr düşýän bolara çemeli, Gülüň çaýly käsäni agzyna ýetirende elleriniň titreýänini duýdum. Bilesigelijilik gursun. Oňa näçe göwünlik berýänem bolsam, gürrüňi bes etmegini islemedim.
- Ynha, şedip geldik deňize. Biziň her haýsymyz aýry otagda ýerleşdik. Gelişimize men Derýa garbanar diýip, saçak alyşdyrdym. Hemme zat taýýar bolan soň Derýa ;-Ýör, ilki deňize suwa baraly,gelenimizden soň arkaýyn garbanaýarys. Ýogsam, howa gyzar, yssa galmaly diýdi. Biz deňize geldik. Ýüzüp bilmänimden soň men suwa girmedim, aslynda, girip biläýen ýagdaýymda-da men Derýadanyň ýanynda suwa girmäne utanýardym.Ol näçe giriber diýsede ony diňlemedim. Deňiziň howasyndan dem alyp, men Derýanyň ýüzüşini synlap oturýadym. Şol güni we iki güni şeýdip geçirdik. Üçülenji gün diýlende agşamarady... Howa şol gün bulutdy. Şemal bolup duran soň, tolkun güýçlenýän ýalydy. Biz ýene gezelenç edip ýördük. Men ýadapdym. Derýa bilen deňiziň kenarynda, haana şol ýerini, meniň oturup gaýdan ýerimi görýäňmi?- diýip, #soygiganymda Gül elini uly daşyň duran ýerine uzadyp görkezişdirip başlady...
- Ana,şol ýerde uzyn oturgyç bardy, ikimiz oturyp, deňzi synladyk. Men Derýa bolýan otagmyza gaydasymyň gelýänini aytdym. Ikimiz yzymyza öwrülip gaýdybam gelýädikle-diýdi.
-Derýa maňa:- Sen şu ýerdejik otur, men azajyk suwa girip geläýin- diýdi we egnindäki ýeňsiz köýnegini meniň elime tutdurdy-da yzyna gaýtdy...
Şol gün howa salkynyrak bolandanmy, adamlar diýseň köpdi. Esasy köp bölegi suwdady. Käbirleri kenar ýakarakda suwa düşýän bolsalar,özlerine göwni ýetýänler ýüzüp gaty daşda görünýärdiler. Derýä-da bir suwa giräýse özüne balyk däldirin öýtmeýärdi. Şonuň üçinem oňa köpüräk garaşmaly boljagyma boýundym...
(dowamy bar...)
Gytyndan
Dilbernaz
15.10.2018 / 20:28:35
+4
3-nji-jemleýji bölüm.

Meň pikir edişim ýaly hem boldy. Derýanyň gidenine bir sagada golaýrag-a bolandyr,men ýerimden turup,kenar ýakasyna dolandym. Daş-töwerege göz aýlap, Derýany gözlesem,ol deňiziň tas aňrybaşyna ýüzäýen eken. Gördümi, görmedimi men oňa tarap elimi salgap, "geel"diýip, öz ýanymdan ýuwaşja seslenip, ony çagyrdym. Ol bäri gaýdan ýaly edipdi. Men bir-birimizi gözläp durmaz ýaly ýene-de Derýanyň maňa görkezenje ýerine gelip, garaşmamy dowam etdirdim. Suwuň tolkuny göwnüme bolmasa beterleýän ýalydy. Ynha, birden "Üns beriň, üns beriň! Suw tolkunynyň güýçlenmegi esasynda deňizden daşlaşmagyňyzy haýyş edýäs!" diýip, turbadan çykýan ýaly gaty ses bilen habar berdiler. "Çykyň, çykyň deňizdäkiler, çaltlaşyň! Kenardakylara-da degişli, çaltyrak deňizden daşlaşyň!" diýip, ýaňky ses birnäçe gezek gaýtalap duran soň adamlar haýdaşýardylar. Birdenem tozan turup, daş-töweregi tüweleýläp başlady. Men hopukdym. Aýdyşlary ýaly tolkun beýikli-pesli bolup, zyňylyp-zyňylyp gelýärde, kenaryň daşyna çenli palçyldap, dolup-daşyp durdy. Howa diýseň garalyp, garaňky batmana az galypdy.Adamlaryň köpüsi suwadan çykyşdylar. Men kenara gelip,Derýaň adyny tutup gygyryp başladym. Suw ummanyna siňe-siňe seredip, ony gözledim. Gözüme ilmän soň Derýa daşyna çykyp,"meni gözleýän bolaýmasyn"diýip, ýene oturup gaýdan ýerime geldim. Derýany näçe jan edip gözlesem-de,tapyp bilemokdym. Aljyrap ylgaşýan adamlardan ýaňa adam saýgarar ýalam däldi. Beýleräkde adam üýşmeleňi bardy."Şonam bir göreýinle" diýip, toplanşan adamlaryň arasyna kürsäp urdum.Görsem gark bolup,özünden giden bir gyzyň daşyna üýşüp,oňa hemaýat edýän ekenler. Daşyndaky adamlaryň arasyndan Derýany tapman ýene deňize golaý gelip, ýüzüp, ýeteňkirlän adamlaryň arasyndan Derýanyň yza galyp gelýänine gözüm düşdi...
Gül ýetişibildiginden gözüniň ýaşyny sylýardy. Men bolsam, "juk...juk.."edip, onuň gürrüňine gyýylyp,diňläp oturmakdan başga alaç tapmadym...
-Oňa çenli iki-üç sany gaýyk gelişip başlady. Bir giden esgerler maşyndan düşdülerd-de, ýüzüp gelýän adamlardan başgasyny kenardan kowup aýyrdylar. Haýdaşyp, bir-birleriniň ellerinden berk tutuşdylarda halk suwa geçip bilmezler ýaly hatara durdular. Menem indi Derýadan daşyrakdadym.Başagaýlygyň içinde Derýany ýene gözden ýitirdim. Birnäçe adamlary gaýykly getirip düşürýärdiler. Men aljyrap başladym.Ýüregim agzymdan çykyp barýardy. Birdenem Derýanyň suwa çümüp,çykyp gelýänine gözüm düşüp,janhowluma,esgerleri-de diňlemän, göni suwa ylgadym. Men ylgamsoň, yzym bozulan bolara çemeli ýanymda ýene bäş-alty adam dagy göründiler. Gaýykdaky adamlar "Indi suwda adam galmady" diýenlerinde, "Baar...Hanha,gelýää..,adamlar,meni diňläýiň...ýoldaşym gelýää..." diýip, gygyrýanymy hamala hiç kim eşitmeýän ýalydy. Derýa näçe haýdasa-da,yzyndan ýetip gelýän beýik tolkun ony garbap aldy. Şonda-da görgüljigim, jan eden bolarly, çala kellesi garalyp, görünen ýaly boldy. Men ýüzüp bilmeýärdim. Suwuň şaggyldysyndan,adamlaryň gykylygyndan ýaňa öz sesiň özüňe eşidilenokdy. Meniň gygyrmakdan ýaňa bokurdagym gyrylara gelipdi. Ahyry "näme bolsam sol bolaýyn" diýdim-de, suwa özümi okladym. Ýüzjek bolýan bolanok,tolkun meni ýene yzyma tarap itip durdy.Gaýta-gayta özümi suwa oklap,üýzmekligiň tärini gözledim. "Yhlas bilen aglasaň,sokur gözden ýaş çykar" diýleni dogry eken. Ellerimi, aýaklarymy hellewledip, hereketlerimi çaltlaşdyryberdim. Görsem ýüzülýän ýaly. Nähilem bolsa,öňe gidýänimi duýdum.Men haýdap barşyma nirä ýetenimi bilemok,yzymdan meni sakladylar-da, haýyma-waýyma seretmän gaýyga çekip aldylar we iki adam meniň golumdan tutup, goýbermediler. Men suwa dyňzap durşuma "Derýaa...Derýaam, sen niredee?"diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrdym. Gaýyk bilen gelen adamlar "Ýoldaşyň daşynda garaşyp duran bolaýmasa, suwda adam ýok"diýenden biriniň ýüzüni penjelänimi duýman galdym. Meni daşyna alyp geldiler we suwdan has daşda, suwa geçmez ýaly etdiler. Aglamakdan we üşemekden ýaňa kagşaýardym. Kimdir biri maňa odeýalo bilen daşymy dolady. Adamlar daşyma üýşüp,maňa göwünlik berýärdiler. "Tapylar, hökman tapylar, gorkma jigim!"dýýän, adamlaryň sözleri gulagyma hoş ýakyp, olary hossar tutunan ýaly bolýardym. Garaňkylykda Derýany gözlemäne gidenler "Ýok" diýip, gaýdyp gelenlerinde tas çaşypdym. Men ýere çabalanyp agladym.Derýanyň suwa çümüp,çykyp gelýän pursady gözöňümde gaýtalanyp janlanýardy. Ýanymda ýoldaş bolup oturan zenanlar meni özlerine gysyp, gujakladylar. Men indi üşämokdymam welin, şonda-da, süňňümi saklap bilemokdym, halys ysgyndan gaçdym,başym aýlanýan ýaly, gözümiň öňünde uçganajyklar peýda bolýardy. Meni bolýan otagyma getirdiler. Her ýerde gowy adamlar bar ekenler.Meni ýeke goýman, ýanymdaky gelin-gyzlar,aýallar mebiň bilen gije dik oturdylar. Derýany daňa çenli gözleseler-de, giden gaýyklar boş gaýdyp gelýärdiler. Men ýanymdakylara öýmüziň nomerini berip,ejeme daga habar bermeklerini haýyş etdim. Ejemdir Suraý eje we Derýanyň garyndaşlary wagt geçirmän ýola düşen bolarly, olar basym gelip ýetdiler.Gelişlerine Suraý eje bilen ejem meni gujaklap ses edip agladylar...
Ana,şondan soň Derýany birnäçe ýerlerden adam getirip,gözletseler-de tapmadylar...Ahh...Meniň Derýam...! Deňize siňip gidiberjegiňi bilsem, heý-de men seni goýberjekmi?! Ýaýylyp ýatan ummany menden eziz gördüňmi?... Wahh..sen meniň ömürboýy aýrylmaz ýanym dälmidiň ahyry?! Meni ýalňyz goýup gitmäne neneň dözdüň?... Meniň seni deňiz tolkunlardanam gabanjagymy bilmänmidiň ?..-diýip, gözüni bir nokada dikip oturşyna gürrüňini tamamlan ýaly edip, Gül silkinip-silkinip aglady. Men uludan bir dem aldym-da,Güli gujagymda birsalym gysyp,arkasyny sypadym we ýan horjunymdan rahatlandyryjy derman #soygigamymda çykaryp,oňa içirdim. Men şunuň bilen gürrüň tamam bolandyr öýtdim. Emma Gül ýüregini doly egismän ekeni.
-Bu ýagdaýdan soň, ejem ikimiz gijelerine Suraý ejäniň ýanynda ýatýardyk. Üçümizi hem şondan bäri öýmüze ot düşen dek lowladyk ýördük. Aradan on bir ýyl geçse-de,biziň gözümiz Derýanyň ýolunda galdy. Ol birden bir ýerden çykaýjak ýaly bolup ýörüs.-diýdi. Men ondan Suraý ejäniň saglygyny soradym.
- Şony aytjak bolup durdum... Suraý ejäniň bu ahwaly ýüregi götermedi. Onuň akly üýtgäp, dünýeden ötdi. Olaryň öýleri boş durmazlyk üçin Derýanyň kakasynyň täze öýlenen jigisini göçürip getirdiler. Häzir şol gelin hamyla. Oglan bolaýsa Derýanyň adyny goýjaklar. Ana, şondan soň meniň ýüregim düşüşäýmese, derdim egsiler ýaly däl. Derýanyň ady geläýse, maňa şondan başga bagt ýetdirmez- diýip, ol çala ýylgyrdy. - Täzeden dünýä injek kiçijek Derýa bilen men hemişe bile bolaryn, ondan soň men indi deňize gelmämi bes ederin-diýdi.
Görüň! SÖÝGÄ-WEPA nirede eken?!
S O Ň Y
188Gytyndan
erklije [1s]
15.10.2018 / 21:35:48
Perisdejik

+2

yaman gaygyly eken aglaman durup bolanok yenede bolsa goyaynda hayysh
231Täzeje
Muhammet NAZAR
15.10.2018 / 21:44:26
+1
Salam Awtor!-hekaýañy önem okapdym,ýene bir yola okamak mjmkinciligniñ doranine oran begendim.Gowy hekaya oran tasirli durmusy waka.Yene bekayalaryndan yetirip dur uýam.
Gytyndan
Dilbernaz
15.10.2018 / 22:08:31
+0
Muhammet, seniň "Ogul" atly hekaýaňam paýlaşdym men bärde. Görüp otursam, özüňem bar ekeniň. Aktiw bolaly. Goşant goş, goşgularyňdan ýetirip dur! Garaşarys!
189Özümiziňki
Gorkana
16.10.2018 / 00:16:25
Sabyr we wagt iň güýčli söwešijidir.

+0

Dilbernaz gyzykly hekaýa goýupsyň .Minnetdar.
170Hakyky dost
Selbi [30s]
16.10.2018 / 11:01:18
Храни спокойствие,даже когда внутри бушует шторм!

+0

Govy hekaya ekeni sag bol
170Hakyky dost
Selbi [30s]
16.10.2018 / 11:07:47
Храни спокойствие,даже когда внутри бушует шторм!

+0

Yetirip dur yene
104Özümiziňki
Nazenin
16.10.2018 / 11:13:18
+0
Täsirinden çykyp bolmayan hekayalardan eken. Okanyña degýä
Gytyndan
Dilbernaz
16.10.2018 / 12:03:47
+0
Okanyňyza Sag boluň! Paýlaşanyma degipdir.
62Öwreniji
A.Janak
16.10.2018 / 13:07:23
+1
Dilbernaz, berekella sgbol uyam yatirenñe,aglatday bula şeyle täsirli eken ömrüñ uzak bolsun janym.

Soňky teswirler

Seniñ ýyldyzyn ve otag gùlleriñ


pamyk, surat goyup bilemoga:( bilsem goyjaga... dowamy

Seni soyemok


gyzada sol sozleri aytmagyna garasyp yoren ekenda... dowamy
Erkin mowzuklar | Seni soyemok
Toyly Meredow (Bu gün, 10:59:41)

Seniñ ýyldyzyn ve otag gùlleriñ


Sagbolun yöne shol gülleriñ suratyny goyanynda bolayjak eken görip esdilmedik gulleri)... dowamy

Başym goýup gijäň gyzgyn demine, Uklasym gelenok meniň ýene-de.


Ajayyp yazylan,gawy shygyr... dowamy

Bukulyň


Dos seni tanamok yone senin etyanin batyrlyk dal, gaty gorme welin senin etyanin pankatyorlyk. Duyn mertsirap,yigitsirap, bir giden zat yazyp, bugunem adamlara agzyndan gelenini diymek batyrlyk daldir... dowamy
Erkin mowzuklar | Bukulyň
serdar123 (Bu gün, 10:53:49)
wWw.Dostluk.Ru 2018-2019 ýyl
Ähli hukuklar goragly
© Aly Ilamanow